TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝAPONIÝANYŇ PREMÝER-MINISTRI BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI GEÇIRDI

2021-nji ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Ýosihide Suganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda dostlukly, ynamdar türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň soňky ýyllarda täze mazmuna eýe bolandygy we bu gatnaşyklaryň ägirt uly mümkinçilikler hem-de özarabähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga taraplaryň taýýarlygy esasynda üstünlikli ösdürilýändigi nygtaldy.  

Taraplar döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we onuň geljekki ösüşiniň esasy ugurlaryny, şeýle hem halkara gün tertibiniň meseleleriniň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti we Ýaponiýanyň Premýer-ministri söwda-ykdysady gatnaşyklaryň işjeň­leşdirilmeginiň türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biridigini nygtadylar we energiýa, ulag, aragatnaşyk we beýleki ulgamlarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegi ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar şeýle-de iki döwletiň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ähmiýetini bellediler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti we Ýaponiýanyň Premýer-ministri birek-birege hem-de iki ýurduň halklaryna hoşniýetli arzuwlaryny aýtdylar.