TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY SYÝASY UGRY ÜSTÜNLIKLI AMALA AŞYRYLÝAR

Türkmenistanyň paýtagtynda we sebitlerinde ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan wajyp çäreler geçirilýär. Mälim bolşy ýaly, dekabr aýynyň başynda hemişelik Bitaraplygyň 25 ýyllygy mynasybetli Halkara sergi öz işine başlady. 

Şu gün sergi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň güni bilen dabaralandyryldy.

Günüň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň daşary syýasy işinde ýetilen sepgitleri şöhlelendirýän dürli ugurdaky çäreler geçirildi.   

Türkmenistan dünýäniň ähli döwletleri bilen dostlukly we açyk gatnaşyklary saklaýar. Türkmenistanyň halkara giňişligindäki orny, hususan-da abraýly halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmek arkaly berkeýär. Hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk toýuny belläp, Türkmenistan ileri tutýan daşary syýasy ugurlarynyň çäklerinde wajyp ädimler ätdi. Birleşen Milletler Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy hem-de beýleki halkara we sebitleýin guramalar bilen ulgamlaýyn esasda hyzmatdaşlyk giňeldilýär.       

Şu gün sergide, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň gününiň çäklerinde, “Türkmenistanyň daşary ykdysady işininiň intensifikasiýa netijesinde ýeten sepgitleri” atly temada tegelek stol geçirildi. Gibrid görnüşde geçen çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we edaralarynyň, şeýle-de halkara maliýe institutlarynyň, şol sanda Bütindünýä Söwda Guramasynyň, Halkara pul gaznasynyň, Bütindünýä bankynyň wekilleri gatnaşdy. 

Mundan başga, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň gününiň çäklerinde “BMG-niň modeli” çäresi geçirildi. Talyp ýaşlaryň wekilleri Arriýa formulasy boýunça BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisiniň prototipini guradylar. Gatnaşyjylar üçin resmi däl ýagdaýda halkara we sebitleýin gün tertipleriniň wajyp aspektleri babatda pikir alyşmaga mümkinçilik boldy.    

Çäräniň ahyrynda 20-den gowrak ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi.