TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ÝURDUŇ BAKY BITARAPLYGYNYŇ 25 –ÝYLLYGYNA BAGYŞLANYP MEDAL GOWŞURYŞ DABARASY GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25-ýyllygyna» atly medal bilen sylaglanyş dabarasy geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 2020-nji ýylyň 14-nji martynda «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25-ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek barada Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi.

Ýokary derejeli sylaglara diňe bir Türkmenistanyň raýatlary mynasyp bolman, eýsem, köpýyllyk päk ahlakly zähmeti, Türkmenistanyň syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ruhy ösüşine, onuň garaşsyzlyk we hemişelik bitaraplyk derejesini berkitmeklige uly goşant goşan daşary ýurtly raýatlar hem mynasyp boldular.

Ýokary derejeli sylaglara mynasyp bolanlaryň arasynda diplomatlar, adatdan daşary we doly ygtyýarly Ilçiler, şeýle hem syýasy işgärler bar. Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Drozd «Bitaraplyk» Ordeni bilen sylaglandy.