ÝA ÝURTLARYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ORUNBASARLARYNYŇ HER ÝYLKY DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Merkezi Aziýa boýunça öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň guramagynda, Merkezi Aziýanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň her ýylky duşuşygy sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi.

Nobatdaky duşuşyga şeýle hem BMG-niň Baş Sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy Wladimir Woronkow, BMG-niň Baş sekretarynyň syýasy meseleler boýunça kömekçisi Miroslaw Ýença, BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň baştutany Natalýa German we Owganystan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary gatnaşdylar.

Forumda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew ýolbaşçylyk etdi.

Duşuşygyň barşynda global derejede tiz üýtgeýän şertleriň nazarda tutulmagynda, sebitdäki häzirki ýagdaýlar seljerildi, şol sanda terrorçylyga garşy göreşmek we zorlukly ekstremizmiň öňüniň alynmagy meseleleri bilen bir hatarda häzirki döwrüň wehimlerine we howplaryna gatnaşykda gaýragoýulmasyz herekete geçmek boýunça Merkezi Aziýa döwletleriniň bilelikdäki tagallalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu nukdaýnazardan, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň tagallalarynyň goldanylmagynda Sebit merkeziniň ähmiýeti we durmuşa geçirýän işiniň derwaýyslygy bellenilip geçildi.

Gatnaşyjylar şonuň ýaly-da Merkezi Aziýa döwletleriniň we Owganystanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hem-de öňüni alyş çäreleriniň pugtalandyrylmagyna, şeýle-de taraplaryň BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň we BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň (UNAMA) işjeň gatnaşmagyndaky özara gatnaşyklaryna aýratyn üns berildi.

Öz çykyşynda W.Hajiýew bu formatdaky hereketleriň ýokary derejede beýan edilen başlangyçlaryň we teklipleriň durmuşa geçirilmegi hem-de bu işlere halkara guramalaryndan bolan kärdeşleriň çekilmegi bilen bagly bolan meseleleriň seredilmeginiň oňaýly mümkinçilikleri döredýändigini aýratyn nygtady.

Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy bilelikdäki işleriň derwaýyslygyny bellemek bilen, adatdan daşary ýagdaýlar döwründe ygtybarly halkara ulag gatnawlary, ekologiýa, energetika we suw howpsuzlygy ugrundaky özara hereketleriň işjeňleşdirilmeginiň, şeýle-de kiberhowpsuzlyk ulgamyna aýratyn üns bermegiň derwaýyslygyna gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi.

Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň özüni ykrar eden başlangyçlaryna (Öňüni alyş diplomatiýa akademiýasy) daýanmak arkaly ýaşlar düzüminiň güýçlendirilmeginiň zerurlygy aýratyn bellenilip geçildi.

Şeýle hem, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň mümkinçilikleriniň giňeldilmegi, Merkeziň aýratynlyklarynyň kem-kemden açylmagy, onuň işiniň gurşawynyň we işjeňliginiň ýaýbaňlandyrylmagy maksady bilen, Türkmenistan tarapyndan Sebit merkeziniň ähmiýeti hakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň kararnamasynyň taslamasy taýýarlanyldy we ol indiki ýylyň birinji çärýeginde Baş Assambleýanyň häzirki 75-nji mejlisiniň çäklerinde görkeziler.

Şonuň bilen birlikde, türkmen tarapynyň Sebit merkeziniň öz mandatynyň durmuşa geçirilmeginde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Köpçülikleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ýewropa Bileleşigi we Merkezi Aziýa sebitleýin maglumat utgaşdyryjy merkezi bilen birlikde sebit hem-de sebitiň kiçi guramalarynyň giň toplumy olaryň parahatçylyk döredijilik tagallalaryny we başlangyçlaryny ýaýbaňlandyrmak, şeýle-de ýokarda görkezilen düzümleri bilen utgaşyklylyga hem-de maglumat alyşylmagyna ýardam etmek arkaly olar bilen alyp barýan hyzmatdaşlygyny goldaýandyr.

Sebitiň ýurtlarynyň Owganystan bilen has ysnyşykly özara hereket etmeginiň meselesine geçmek bilen, türkmen tarapy Sebit Merkeziniň UNAMA bilen gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilýändigini makullady, çünki ol Owganystanyň hem-de onuň dostlukly halkynyň işjeň çekilmeginde sebitde hyzmaşdaşlygyň we ynanyşmagyň görnetin giňeldilmegine itergi berer.

Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Hökümetiniň we türkmen halkynyň salgysyna ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli gutlag sözlerini beýan etdiler.