img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
RUSSIÝA FEDERASIÝASY - MOSKWA
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ ADYNA GELEN HATLAR

photo

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Bolgariýanyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Size hem-de Türkmenistanyň halkyna Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we parahatçylyk, gülläp ösüş baradaky arzuwlarymy beýan edýärin.

Bolgariýa Respublikasy Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär hem-de Siziň ýurduňyza Merkezi Aziýa sebitinde möhüm hyzmatdaş hökmünde garaýar. Bolgariýa özara gyzyklanma bildirilýän ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk ruhunda ösdürmäge çalyşýar. Bilelikdäki tagallalar arkaly iki ýurtda bar bolan mümkinçilikleri, şol sanda Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde mümkinçiliklerimizi doly derejede amala aşyryp biljekdigimize ynanýaryn.

Size berk jan saglyk we jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Iliana ÝOTOWA,
Bolgariýa Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!

Sloweniýa Respublikasynyň raýatlarynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de ýurduňyza we halkyňyza parahatçylyk, gülläp ösüş baradaky arzuwlarymy beýan edýärin.

Sloweniýada Türkmenistan bilen özara hormat goýmak, ynanyşmak hem-de hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berilýär. Biziň geljekde hem bu gatnaşyklary ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn derejede ösdürjekdigimize, bilelikdäki tagallalar arkaly halkara giňişlikde parahatçylyga, durnuklylyga we özara düşünişmek ýörelgelerine ýardam etjekdigimize ynanýaryn.

Hormatly jenap Prezident, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Nataşa PIRS-MUSAR,
Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti.