img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
RUSSIÝA FEDERASIÝASY - MOSKWA
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ ADYNA GELEN HAT

photo

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Siziň baştutanlygyňyzda Türkmenistan okgunly durmuş-ykdysady ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar. Siziň yzygiderli alyp barýan oňyn Bitaraplyk syýasatyňyz Merkezi Aziýa we Hazar sebitlerinde howpsuzlygyň hem-de durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär.

Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýedir. Russiýa we Türkmenistan dürli ulgamlarda işjeň hyzmatdaşlyk edýärler, halkara gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmekde üstünlikli hereket edýärler. Biz dostlukly halklarymyzyň bähbidine ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň tutuş toplumyny mundan beýläk-de giňeltmek boýunça oňyn dialogy hem-de bilelikdäki işimizi dowam ederis.

Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri, dostlukly türkmen halkyna bolsa bagtyýarlyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Wladimir PUTIN,
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti.