img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
RUSSIÝA FEDERASIÝASY - MOSKWA
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

HALK MASLAHATYNYŇ TARYHY MEJLISINE TAÝÝARLYK IŞLERI ALNYP BARYLÝAR

photo

Toýlary toýlara ulaşýan berkarar türkmen Diýary beýik zähmet ýeňişlerini baýdak edinip, mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk toýuna barýar. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň baş baýramynyň öň ýanynda – 23-nji sentýabrda Aşgabat şäherinde ata Watanymyzyň nurana geljegini kesgitleýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçiriler.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň syýasy-jemgyýetçilik ýörelgesiniň keşbini kesgitleýän Türkmenistanyň Halk Maslahaty türkmen halkynyň köklerini gadymyýetiň jümmüşinden alyp gaýdýan mukaddes ynsanperwer däpleriniň häzirki döwrüň ösen demokratiýasy bilen ajaýyp sazlaşygydyr, il-ýurt bähbitli keremli işleriň halk bilen maslahatlaşylyp çözmekligiň nusgalyk görnüşidir.

Ýurdumyzyň bedew batly ösüşleriniň aýdyň ýoluny kesgitleýän halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň her bir mejlisi bolsa sahawatly işleriň sabasy hökmünde ata Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Hut şu nukdaýnazardan ugur alnyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda geçiriljek mejlisini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek, berkarar Diýarymyzyň kuwwatyny has-da berkitmek, eziz halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, nurana geljegini kesgitleýän çözgütleri kabul etmek ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşýan bu uly syýasy foruma ýokary derejede taýýarlykly barmak maksady bilen 15-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisini geçirdi.

Mejlisiň dowamynda ýylyň iň uly syýasy forumyna taýýarlanmak we ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek, Halk Maslahatynyň mejlisinde serediljek meseleleri hem-de raýatlaryň tekliplerini, ýüztutmalaryny öwrenmek, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny ýokary derejede geçirmek we dabaralandyrmak, il arasynda uly hormatdan peýdalanýan, ýokary zähmet üstünliklerini gazanýan ildeşlerimize hormatly atlary dakmak, döwlet sylaglaryny gowşurmak, şeýle hem üstümizdäki ýylyň şygarynyň çuňňur manysyndan gelip çykýan meşhur ahalteke bedewlerimiziň waspyny dünýä ýaýmak ýaly meselelere seredildi.