img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
RUSSIÝA FEDERASIÝASY - MOSKWA
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANLY ÝAŞ ARTIST MOSKWADA GEÇIRILÝÄN HALKARA ÇAGALAR MEDENI FORUMYNDA ÇYKYŞ ETDI

img
img
img
img

2026-njy ýylyň 20-nji awgustynda Moskwa şäherinde V Halkara çagalar medeni forumynyň çäklerindäki esasy çäreleriň biri bolan «Dostluk» atly gala-konsert geçirildi. Dabarada Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň okuwçysy Aýşat Rejepowa çykyş etdi.

Her ýylda geçirilýän forum medeni zehinlerini görkezmegi, tejribe alyşmagy hem-de medeniýetiň ösdürilmegi we ýaşlaryň sungata üstünlikli aralaşmagy bilen bagly pikirlerini paýlaşmagy maksady bilen döredijilik taýdan zehinli çagalaryň ussat mugallymlar we ýerine ýetirijiler, döwlet we jemgyýetçilik işgärleri bilen giňden aragatnaşyk saklap, olar bilen duşuşyklaryň geçirilmegi üçin mümkinçilikleri açýan özboluşly meýdança bolup durýar. Däp boýunça bu ýyl hem bu çärä Russiýadan we birnäçe daşary ýurtlardan gelen çagalar gatnaşýarlar.

Türkmenistanly ýaş artist tanymal türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň sazyna «Meniň dutarym» atly tansy zehinlilik bilen ýerine ýetirip, konserte gatnaşyjylarda aýratyn täsir galdyrdy. Halkymyzyň baý medeniýetini özüne siňdiren kompozitor sazlaryny milli dessurlara laýyklykda döredipdir. Nury Halmämmedowyň eserleri özboluşly saz mirasynyň bir bölegi bolmak bilen, diňe bir öz Watanymyzda däl, eýsem, onuň çäklerinden has uzakda-da ýaňlanmagyny dowam etdirýär.

Türkmen tansy gadymy sungat bolup, ol adamzat ýaşaýşynyň gözbaşynda ynsanyň durmuşyň syryna we daş-töwerekdäki dünýä bilen sazlaşyga aň ýetirmäge bolan ebedi ymtylyşynyň netijesinde ýüze çykdy. Milli öwüşginli tans, halk saz gurallarynyň gaýtalanmajak owazy, döwrebap äheň tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen garşylanyldy.