TÜRKMENISTANDA RUS DILINI ÖWRENMEK ÜÇIN TÄZE PLATFORMA DÖREDILDI

photo

«Türkmenistan habarlar portalynyň» web-sahypasynda ýörite bölüm açylyp, onda türkmen dilinde bilim berýän mekdepleriň birinji synp okuwçylary rus diliniň interaktiw kursuny geçip bilýärler.

Häzirki wagtda 70 sany gysga göwrümli wideosapaklaryny öz içine alýan taslama Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Russiýa Federasiýasynyň Magaryf ministrliginiň howandarlygynda amala aşyrylýar.

Sapaklar oýun görnüşinde geçirilip, rus dilinde söz baýlygyny artdyrmaga we gepleşik endiklerini ösdürmäge ýardam berýär. Her wideoýazgy 10-15 minut dowam edýär. Munuň özi çagalaryň sapagy özleşdirmegini ýeňilleşdirýär.

Okuw materiallary Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň hünärmenleri tarapyndan Türkmenistanyň milli bilim maksatnamasyny nazara almak esasynda taýýarlanyldy.

Okuw kursy şu salgyda elýeterlidir: https://turkmenistaninfo.gov.tm/ru/course