TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI RUSSIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ GDA AGZA DÖWLETLERIŇ ILÇILERI BILEN GEÇIREN DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2026-njy ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçisi E.Aýdogdyýew Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.Lawrowyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Russiýada akkreditirlenen ilçileri bilen geçiren duşuşygyna gatnaşdy. Şeýle hem oňa GDA-nyň Baş sekretary S.Lebedew we beýleki Ýewraziýa düzümleriniň ýerine ýetiriji edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Dostlukly ýagdaýda geçen söhbetdeşligiň dowamynda duşuşyga gatnaşyjylar möhüm halkara meseleleri boýunça pikir alyşdylar hem-de 2025-nji ýylda alnyp barlan köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijelerine seretdiler.
Daşary syýasat ugry boýunça gatnaşyklary pugtalandyrmak, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky hem-de sebitleýin howpsuzlygyny üpjün etmek babatyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek ýaly ugurlary nazara almak bilen, ýakyn geljek üçin maksatlar kesgitlenildi.