AŞGABAT JARNAMASY — PARAHATÇYLYGYŇ, YNANYŞMAGYŇ WE BITARAPLYGYŇ ÄHLUMUMY ARHITEKTURASY

photo

12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasy XXI asyrda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollaryny kesgitleýän strategik resminamadyr. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyn hyzmatdaşlykda guralan bu giň möçberli forum ýurdumyzyň 30 ýyllyk parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň jemini jemlemek bilen, dünýä jemgyýetçiliginiň gapma-garşylyklaryň öňüni almaga gönükdirilen tagallalaryny birleşdirmek üçin netijeli meýdança boldy.

Jarnama Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň esas goýujy maksatlaryna we ýörelgelerine ygrarlylygy tassyklaýan sözler bilen başlanýar. Foruma gatnaşyjylar özygtyýarly deňhukuklylygyň, ýurtlaryň çäk bitewüligine hormat goýmagyň, olaryň içerki işlerine goşulyşmazlygyň, gapma-garşylyklaryň parahatçylykly ýollar arkaly kadalaşdyrylmagynyň halkara hukugyň we häzirki zaman dünýä gün tertibiniň mizemez binýady bolup durýandygyny aýratyn nygtaýarlar.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy Jarnamanyň esasy mazmunyny düzýär. Resminama diňe bir BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýurdumyzyň bu hukuk derejesini tassyklaýan üç Kararnamasyny bellemek bilen çäklenmän, eýsem, bitaraplygyň ähmiýetini hem ykrar edýär. Türkmenistanyň Bitaraplygy ählumumy we sebit derejesinde parahatçylygyň, durnuklylygyň möhüm şerti hökmünde kesgitlenilýär. Mundan başga-da, Jarnama «Biziň dünýämizi özgertmek: 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibi» atly Kararnama salgylanyp, ählumumy durnukly ösüş gün tertibine ünsi çekýär. Munuň özi Türkmenistanyň parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmak boýunça başlangyjynyň Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmagyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny görkezýär. Şeýlelikde, forum bitaraplygy diňe bir syýasy däl, eýsem, durmuş-ykdysady durnuklylygyň hem hereketlendiriji güýji hökmünde kesgitleýär.

Türkmenistanyň halkara syýasatdaky netijeli orny onuň Bitaraplyk hukuk derejesiniň çäklerinden has daşary çykýar. Jarnama Türkmenistanyň dialogy we ynanyşmagy yzygiderli berkitmäge gönükdirilen ençeme ählumumy başlangyçlary öňe sürendigini görkezýär. Onda Baş Assambleýanyň 2025-nji ýyldan başlap her 5 ýyldan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyllaryny geçirmek hem-de 2030-njy ýyly şeýle at bilen yglan etmek baradaky çözgüdi goldanylýar. Munuň özi halkara jemgyýetçiligiň parahatçylyk taglymlaryna yzygiderli ünsüni üpjün edip, Türkmenistanyň başlangyçlarynyň gönüden-göni netijesi bolup durýar. Bu babatda Aşgabat Jarnamasynda: «Baş Assambleýanyň 2022-nji ýylyň 28-nji iýulyndaky 76/299 we 2024-nji ýylyň 21-nji martyndaky 78/266 belgili Kararnamalaryny ýatladýarys. Olarda Baş Assambleýa parahatçylygyň we ynanyşmagyň ideallaryny öňe sürmäge yzygiderli üns çekmek maksady bilen, bäş ýyldan bir gezek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyllaryny bellemegi karar etdi. Şoňa görä, gapma-garşylyklaryň öňüni almak, gepleşikleri höweslendirmek, halklaryň arasynda özara düşünişmegi berkitmek boýunça tagallalary birleşdirmegi dowam etdirmek üçin 2030-njy ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegini makullaýarys» diýlip nygtalýar.

Jarnama parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň alyp barýan işini goldaýar. Ýurdumyzyň teklibi boýunça döredilen bu resmi däl topar tejribe alyşmak we gapma-garşylyklaryň öňüni almak, olaryň düýp sebäplerini aradan aýyrmak üçin bitaraplyk ýörelgelerini ulanmakda anyk çemeleşmeleri işläp taýýarlamak üçin meýdança bolup durýar. Resminamada Aşgabatdaky BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň möhüm orny nygtalýar. BMG-niň ygtyýarlyklaryna laýyklykda hereket edýän bu merkez strategik taýdan wajyp sebitde dialogy we durnuklylygy pugtalandyrmakda bitarap meýdançanyň ähmiýetini açyp görkezýär. Sebit merkeziniň alyp barýan işinde Türkmenistanyň eýeleýän orny ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyny iş ýüzünde durmuşa geçirmeginiň, sebit hem-de ählumumy howpsuzlygyna goşýan goşandynyň aýdyň mysalydyr.

Mälim bolşy ýaly, bu merkez 2007-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Aşgabatda açyldy. Gapma-garşylyklaryň öňüni almak we sebitiň ýurtlaryna parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmaga ýardam bermek üçin hyzmatdaşlygy goldamak onuň esasy wezipesi bolup durýar. Merkez öz ygtyýarlyklaryny hoşniýetli hyzmatlary amala aşyrmak, sebit guramalarynyň we hökümetleriň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak, sebit düzümlerinde serhetüsti suw serişdelerini dolandyrmak, howanyň üýtgemegi ýaly meselelerde ýardam bermek arkaly ýerine ýetirýär. Ol BMG-niň Tertipnamasynyň gapma-garşylyklary çözmek üçin esasy mehanizmleriniň biri bolan öňüni alyş diplomatiýasyny ulanmakda BMG-niň Baş sekretarynyň we onuň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekiliniň möhüm guraly bolup durýar.

Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň Aşgabatda ýerleşmegi tötänden däldir we ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Munuň özi merkeziň işi üçin amatly şertleri döredýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi geosyýasy bäsdeşlikden erkin bitarap we inklýuziw meýdançany üpjün edýär. Bu bolsa Merkezi Aziýa döwletleriniň ählisine we hyzmatdaşlara ynanyşmak, özara hormat goýmak ýagdaýynda hyzmatdaşlyk etmäge mümkinçilik berýär. Türkmenistan bu merkezi öz sebit hem-de ählumumy başlangyçlaryny ilerletmekde işjeň ulanýar. Hususan-da, ýurdumyz Merkezi Aziýada parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagyny pugtalandyrmak konsepsiýasyny öňe sürýär. BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi howpsuzlygy we ynanyşmagy pugtalandyrmak boýunça tagallalary utgaşdyryp, bu konsepsiýany iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin esasy gural bolup hyzmat edýär.

Merkez sebitiň ýurtlarynyň arasynda serhetüsti suw serişdelerini bilelikde dolandyrmak boýunça dialoga ýardam bermekde möhüm orny eýeleýär. Bu dialogyň işjeň gatnaşyjysy hökmünde Türkmenistan bu düzümi özara kabul ederlikli çözgütleri tapmak üçin ulanýar. Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi döredilen wagtyndan bäri Türkmenistanyň goldaw bermeginde sebitde durnuklylygy üpjün etmäge saldamly goşant goşup gelýär. Ol Merkezi Aziýa ýurtlary, sebit guramalary we halkara hyzmatdaşlar üçin yzygiderli duşuşyklary, geňeşmeleri, ýokary derejedäki forumlary guraýar. Şeýle-de öňüni alyş diplomatiýasy medeniýetini terbiýelemäge gönükdirilen bilim we okuw maksatnamalaryny durmuşa geçirip, ýaşlary parahatçylyk, howpsuzlyk proseslerine çekmäge aýratyn üns berýär.

Sebit merkeziniň ýurdumyzda ýerleşmegi bitaraplygyň sebit derejesinde gapma-garşylyklaryň öňüni almak we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça BMG-niň netijeli mehanizmi bolup biljekdigini görkezýär. Munuň özi Aşgabat Jarnamasynyň mazmunynda hem öz beýanyny tapýar. Hususan-da, bu resminamada: «Aşgabatda ýerleşýän Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň öz ygtyýarlyklaryna laýyklykda, sebitde we onuň çäginden daşarda parahatçylygyň, durnuklylygyň bähbidine gepleşikleri we hyzmatdaşlygy ilerletmekdäki möhüm ornuny we beýleki sebitlerde hem şeýle mehanizmleriň döredilmegini we güýçlendirilmegini aýratyn belleýäris» diýlip nygtalýar.

Jarnamada Türkmenistanyň öz çäginde BMG-niň howandarlygynda Parahatçylygyň bähbidine araçylyk palatasyny döretmek baradaky başlangyjyna üns çekilýär. Bu başlangyç ýurdumyzyň öz bitarap çägini parahatçylykly gepleşikler we gapma-garşylyklary kadalaşdyrmak prosesleri üçin hemişelik hereket edýän platforma hökmünde ulanmaga çalyşýandygyny görkezýär. Jarnamada goldanylan bu teklip parahatçylygy ilerletmegiň konseptual usullaryndan gapma-garşylyklaryň öňüni almak we ynanyşmagy pugtalandyrmak üçin anyk institusional mehanizmleri döretmäge geçilýändigini alamatlandyrýar. Bu teklip ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň anyk netijelere gönükdirilendigine şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň BMG tarapyndan ykrar edilen Bitaraplyk hukuk derejesi gepleşik proseslerinde tarap tutmazlygyň iň ýokary kepili bolup hyzmat edýär. Munuň özi syýasy ýa-da taryhy sebäplere görä, beýleki döwletleriň çäginde duşuşyp bilmeýän taraplary gepleşiklere çekmek üçin möhüm ähmiýete eýedir.

BMG-niň Tertipnamasynyň dawalary parahatçylykly ýol bilen çözmek baradaky 33-nji maddasyna laýyklykda, bu palata öňüni alyş diplomatiýasynyň netijeli guralyny döretmäge gönükdirilendir. Ol hoşniýetli hyzmatlary hem-de araçylary hödürläp, ýüze çykýan gapma-garşylyklary dessin çözmäge mümkinçilik berer. Bir gezeklik gepleşik meýdançalaryndan tapawutlylykda, araçylyk palatasy köptapgyrly ylalaşyk gepleşiklerini geçirmek üçin ýöriteleşdirilen institusional infrastrukturany, ýagny logistika, bilermenlik we hukuk goldawyny, BMG-niň bilermenlerini çekmek mümkinçiligini üpjün eder. Palatany döretmek baradaky teklip BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79/274 belgili Kararnamasynda öz beýanyny tapdy. Jarnamada bu başlangyjyň agza döwletler we BMG-niň ulgamy tarapyndan çynlakaý seredilmegi talap edilýär. Umuman, Türkmenistan ýöne bir duşuşyklar üçin meýdançany däl-de, eýsem, bitaraplyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan araçylyk boýunça ählumumy merkezi döretmegi teklip edýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumdaky çykyşynda BMG bilen hyzmatdaşlykda Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmek barada beýan eden başlangyjy uzak möhletleýin wezipäni çözmäge — ählumumy parahatçylyk medeniýetini kemala getirmäge hem-de öňüni alyş diplomatiýasy we parahatçylyk döredijilik ulgamynda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilendir. Uniwersitet halkara guramalarda, ilkinji nobatda, BMG-niň ulgamynda we sebit düzümlerinde işlemek üçin hünärmenleri taýýarlar. Bu bilim ojagy bitarap döwletleriň tejribesini öwrenmek, ynanyşmagy pugtalandyrmagyň nazaryýet esaslaryny we usulyýetlerini işläp taýýarlamak, gapma-garşylyklaryň esasy sebäplerini seljermek üçin ylmy-barlag merkezi bolar. Bu başlangyç ozal hereket edýän Parahatçylyk uniwersitetiniň wezipelerine hem-de maksatlaryna gabat gelýär. Bu bolsa BMG-niň ulgamynyň çäklerinde ýakyndan hyzmatdaşlygy we tejribe alyşmagy göz öňünde tutýar.

Şeýle uniwersitetiň döredilmegi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyllarynda berkidilen ählumumy gün tertibini durmuşa geçirmekde strategik ädim bolup durýar. Uniwersitet Türkmenistanyň we beýleki bitarap döwletleriň bitaraplyk we parahatçylyk döredijilik işinde toplan tejribesini yzygiderli dünýä ýaýmaga mümkinçilik berer. Aşgabat Jarnamasynda: «Birleşen Milletler Guramasynyň giň syýasy-diplomatik serişdeleri we öňüni alyş diplomatiýasynyň usullaryny ulanmaga esaslanýan parahatçylygy ýola goýmakdaky tejribesini, bitaraplygyň amaly häsiýetini ösdürmegi belläp geçýäris. Bu ugurda ylmy-barlag we bilim işlerini amala aşyrmak maksady bilen, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Parahatçylyk uniwersiteti» atly Kararnamasyny göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmek baradaky teklibini makullaýarys» diýlip bellenilýär.

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Halkara ynanyşmagyň ählumumy kodeksini işläp taýýarlamak boýunça başlangyjy hem ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň çäklerinde öňe süren öňdengörüjilikli we strategik taýdan ähmiýetli teklipleriniň biridir. Halkara ynanyşmagyň ählumumy kodeksi adaty syýasy ylalaşyklaryň çäginden çykýan ýörelgelere esaslanýan has adalatly, inklýuziw we howpsuz dünýä gurluşy üçin binýady goýjak köpugurly kadalaşdyryjy hukuk namasy bolar. Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda ileri tutýan garaýyşlarynda we Aşgabat Jarnamasynda nygtalyşy ýaly, bu kodeks ýurtlaryň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak üçin ýeke-täk esas bolup hyzmat etmäge, deňhukuklylyk, özygtyýarlylyga, çäk bitewüligine hormat goýmak ýörelgelerini, ählumumy meseleleri bilelikde çözmekde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, parahatçylyk we howpsuzlyk üçin döwletleriň umumy jogapkärçiligi babatda standartlary girizmäge, hyzmatdaşlyk üçin ahlak we syýasy esasy teklip etmäge gönükdirilendir. Aşgabat forumyna gatnaşyjylar, hususan-da, Jarnamada: «Türkmenistanyň Halkara ynanyşmagyň ählumumy kodeksini işläp düzmek mümkinçiligini öwrenmek boýunça başlangyjyny, bu kodeksiň Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň ýörelgelerine esaslanýan deňligi, özara hormat goýmagy, ynanyşmagy we umumy jogapkärçiligi öňe sürmek üçin goşmaça guraldygyny makullaýarys» diýip nygtadylar.

Resminamanyň ahyrynda foruma gatnaşyjylar Türkmenistanyň halkyna we Hökümetine Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumy geçirendigi we hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerini yzygiderli durmuşa geçirmek arkaly ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy, hyzmatdaşlygy berkitmäge yzygiderli goşýan goşandy üçin çuňňur hoşallyk bildirdiler. Umuman, Aşgabat Jarnamasy halkara jemgyýetçilige XXI asyryň ählumumy hyzmatdaşlygynda parahatçylygyň we ynanyşmagyň ileri tutulýan ugur bolmagyny üpjün etmek üçin dialogy hem-de ynanyşmagy pugtalandyrmaga çagyryşdyr.