TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝEŇIŞ BAÝRAMY MYNASYBETLI GEÇIRLEN DABARALARA GATNAŞDY WE NÄBELLI ESGERIŇ GUBURYNA GÜL GOÝDY

 

 

Şu gün, 2024-nji ýylyň 9-njy maýynda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli dabaraly çärelere hormatly myhman hökmünde gatnaşdy. 

Bellenilen wagtda hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni Kreml binasynyň ýanyna geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Russiýanyň Prezidenti mähirli garşylady. 

Kremlden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Moskwa gelen beýleki belent mertebeli myhmanlar – wekiliýetleriň ýolbaşçylary bilen bilelikde dabaraly harby ýörişiň geçirilýän ýerine – Gyzyl meýdanyň Merkezi münberine tarap ugrady. 

Beýik Ýeňiş gazanylandan bäri segsen ýyla golaý wagt geçdi. Gazaply uruş ýyllarynda tutuş adamzat öwezini dolup bolmajak ýitgä sezewar boldy, millionlarça adamyň ömür tanapy üzüldi, mukaddes gymmatlyklara, dünýä ykdysadyýetiniň, medeniýetiniň, ylmyň, edebiýatyň we sungatyň ösüşine düýpli zeper ýetirildi. Şondan soňky geçen döwür diňe bir uzaklarda galan gahrymançylykly ýyllaryň şol wakalaryny halk hakydasyndan öçürmän, esgerleriň söweş meýdanlarynda görkezen gaýduwsyzlygyny hem-de batyrlygyny, tylda zähmet çekenleriň edermenligini has anyk we aýdyň açyk görkezýär, faşizmiň we nasizmiň derbi-dagyn edilmeginiň bütindünýä taryhy ähmiýetine has doly göz ýetirmäge mümkinçilik berýär. 

Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda umumy wehime hem-de zorluga garşy söweşen millionlarça adamlary parahatçylykly durmuş baradaky arzuw jebisleşdirdi. Olar uzak garaşdyran Ýeňşiň ýakynlaşmagyna uly goşant goşdular. Beýleki doganlyk halklary bilen bilelikde türkmenistanly esgerler urşuň ýowuz synagyndan mertlik bilen geçdiler, parahatçylyk we asudalyk, abadan durmuş ugrundaky aldym-berdimli söweşlerde belent ahlak sypatlaryny, edermenligiň, gaýduwsyzlygyň hem-de hakyky watançylygyň ajaýyp nusgalaryny görkezdiler. Ata-babalarymyzyň şöhratly hem-de gahrymançylykly ýoly Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. 

Muňa aşakda getirilýän maglumatlar hem şaýatlyk edýär. Uruş meýdanlarynda türkmenistanlylaryň on müňlerçesi gaýduwsyz söweşdiler.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň atasy, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow garry atasy Berdimuhamet Annaýewiň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşmagy aýratyn buýsançly ýagdaýdyr. Gahryman esgeriň durmuş ýoly Watanymyza we halkymyza gulluk etmegiň ajaýyp nusgasydyr. 

Ýeňiş güni parahatçylykly, abadan we bagtyýar durmuşy alamatlandyrýan iň gymmatly we mukaddes baýramlaryň biridir. Bu baýram tutuş adamzat üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Ençeme onýyllyklar geçendigine garamazdan, uruş ýyllarynyň agyr ýitgileri baradaky hasratly ýatlamalar dünýä halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň hakydasynda ýaşaýar. Ýeňişden soňra geçen 79 ýylyň dowamynda şol ýyllaryň gahrymançylykly ýatlamalary biziň kalplarymyzda saklanýar, watandaşlarymyzda belent buýsanç duýgusyny artdyrýar. 

Türkmenistanda uruş we zähmet weteranlarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Her ýyl 1941 – 1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Beýik Ýeňiş mynasybetli uruş weteranlaryna, söweşde wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna dabaraly ýagdaýda gymmat bahaly sowgatlar gowşurylýar. Olar üçin köpsanly durmuş ýeňillikleri göz öňünde tutulandyr. Frontçy esgerler hem-de tylda zähmet çeken weteranlar gymmatly öwüt-ündewleri, parasatly maslahatlary bilen jemgyýetimiziň agzybirliginiň pugtalandyrylmagyna hem-de ýaşlaryň watançylyk we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelenmegine uly goşant goşýarlar. Ýaşuly nesil ýaşlary ata Watana wepaly bolmaga, dost-doganlyk, hoşniýetli erk-isleg we ynsanperwerlik ýaly milli ýörelgelerimize ygrarlylyga çagyrýarlar. 

Harby ýöriş tamamlanandan soňra, emele gelen asylly däbe görä, dabaralara gatnaşan döwlet Baştutanlary bilelikde Kreml diwarlygynyň ýanyndaky Aleksandr bagyna barýarlar we Näbelli esgeriň guburyna gül desselerini goýýarlar. 

Matam sazynyň astynda dostlukly ýurtlaryň Baştutanlary 2009-njy ýylyň noýabr aýynda söweşjeň şöhratyň umumymilli toplumy derejesi berlen topluma tarap ugraýarlar. Olaryň öňünden elleri gülli esgerler barýarlar. 

Türkmenistanyň Prezidenti tutuş adamzadyň parahat durmuşy hem-de azatlygy ugrunda 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda faşizme garşy söweşlerde wepat bolanlary hatyralap, «Baky oda» gyzyl bägülleri goýýar. 

Bu baýram biziň hemmämiz üçin aýratyn gymmatlydyr. Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş gazanmak üçin ähli doganlyk halklar synmaz ruhy jebisligiň nusgasyny we edermenlik görkezdiler. Häzirki wagtda bu nurana baýramy bellemek bilen, biziň her birimiz Ýer ýüzünde parahatçylygyň hatyrasyna çäksiz gahrymançylyk we edermenlik görkezenleriň ählisine hoşallyk duýgusyny beýan edýäris. 

Milli gahrymanlarymyzyň edermenlikleri baradaky ýatlamalar biziň kalplarymyzda hemişelik ýaşar, doganlyk halklary has-da jebisleşdirer hem-de döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat eder.