TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝEŇIŞ GÜNI MYNASYBETLI DABARALARY ÝOKARY DEREJEDE GEÇIRMEGI TABŞYRDY

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 9-njy maýda Ýeňiş güni mynasybetli geçiriljek dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Bu barada döwlet Baştutanymyz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Begenç Gündogdyýewe degişli tabşyryklary berdi.

Habar berlişine görä, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy 9-njy maýda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli paýtagtymyzda we welaýatlarda geçiriljek dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ýakynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen hökümet ýygnagynda 9-njy maýda Ýeňiş güni mynasybetli Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryna pul we gymmatly sowgatlary gowşurmagy tabşyrdy.