TÜRKMENISTAN «RUSSIA HALAL EXPO» WE «KAZANFORUM 2024»-E GATNAŞAR

Türkmenistan 2024-nji ýylyň 15 — 19-njy maýynda «Kazan Ekspo» sergi merkezinde geçiriljek «KazanForum 2024» halkara ykdysady forumyna we onuň çäginde guraljak «Russia Halal Expo» sergisine gatnaşar. Bu barada kazanforum.ru habar berdi.

Bu çäreler ýurt üçin maýa goýum mümkinçiligini, halal önümler pudagyndaky üstünliklerini görkezmek, işewürler gatnaşyklaryny gurmak, şeýle hem halal önümler bazaryň ösüşiniň soňky artykmaçlyklary bilen tanyşmaga ajaýyp mümkinçilik bolar.

Türkmenistanyň bu çärelere gatnaşmagy Russiýa bilen söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň ösmegine, şeýle hem dünýäniň halal önümler bazaryndaky ornuny berkitmäge, ykdysadyýete maýa goýumlaryny çekmäge mümkinçilik açar diýlip garaşylýar.

«Russia Halal Expo» we «KazanForum 2024»-e gatnaşmak üçin resmi web sahypasynda hasaba alynmaly: https://kazanforum.ru.