AŞGABATDA GEÇIRILJEK HALKARA HOKKEÝ ÝARYŞYNA BAGYŞLANAN MEDIAFORUM

Şu gün Olimpiýa şäherçesiniň “Sport” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda 15-nji aprelde paýtagtymyzda badalga aljak şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryşa bagyşlanan mediaforum geçirildi. Çärä ýurdumyzyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyz Respublikasynyň hokkeý federasiýalarynyň ýolbaşçylary, ýaryşa gatnaşýan toparlaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Ýaryşa Bahreýniň, Belarusuň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Omanyň, Russiýanyň, Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň klub toparlary gatnaşarlar. Onda ýurdumyzyň sekiz gezek çempiony “Galkan” topary Türkmenistana wekilçilik eder.

Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary bilen Türkmenistanyň ösen sport ýurdy hökmünde orny barha pugtalanýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda bina edilen döwrebap sport desgalary iri halkara ýaryşlary geçirmäge giň mümkinçilik berýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzda birnäçe halkara ýaryşlar, şol sanda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, sebitleýin sport ýaryşlary, “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisi, Agyr atletika we Kuraş boýunça dünýä çempionatlary üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça her ýylyň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni hökmünde giňden bellenilýär. Bularyň ählisi halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine, parahatçylygyň we dostlugyň berkidilmegine ýardam berýär.

Paýtagtymyz bu gün hem hokkeý boýunça halkara ýaryşyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Ýaryşy ýokary derejede geçirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow degişli Karara gol çekdi. Şol resminama esasynda guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Mediaforumda bellenilişi ýaly, iri halkara ýaryşy geçirmek üçin Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Türkmenistanyň Hokkeý federasiýasy tarapyndan toplumlaýyn işler ýerine ýetirildi. Ýaryşyň ähli duşuşyklarynyň geçiriljek ýeri bolan Gyşky oýunlar sport toplumynda türgenler, myhmanlar we janköýerler üçin zerur şertler döredildi. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 7-siniň talyplaryndan 200 meýletinçi taýýarlanyldy. Mundan başga-da, myhmanlar üçin ýörite medeni maksatnama düzüldi. Onda myhmanlaryň ýurdumyzyň muzeýlerine, “Nusaý” döwlet taryhy-medeni goraghanasyna, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna, Olimpiýa şäherçesiniň sport toplumlaryna, “Berkarar”, “Aşgabat”, “Arkaç” söwda-dynç alyş merkezlerine, sebitde ilkinji “akylly” şäher bolan Arkadag şäheriniň gözel künjeklerine baryp görmekleri göz öňünde tutulýar.

Ýaryşyň maksatnamasynda tälimçileriň we eminleriň halkara okuw maslahatlarynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Olaryň biri şu gün “Sport” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda geçirildi. Ol Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyndan hem-de Belarus Respublikasyndan halkara derejeli eminler Anton Lawrentewiň we Dmitriý Kolýagyň, halkara derejeli rus tälimçisi Aýwaz Halikowyň gatnaşmagynda guraldy.

Mediaforumyň dowamynda žurnalistler “Galkan” toparynyň ýaryşlara taýýarlyk derejesi bilen tanyşdyryldy.

Ýurdumyza wekilçilik edýän hem-de milli ýygyndy toparymyzyň esasyny düzýän hokkeýçiler ýaryşa taýýarlyk görmegiň çäklerinde Belarus Respublikasynda türgenleşik geçdiler, şeýle hem birnäçe halkara ýaryşlara gatnaşdylar. Olar ýaryşa taýýarlygyň soňky tapgyryny “Galkan” gyşky oýunlar merkezinde RF-niň Tatarystan Respublikasyndan tejribeli tälimçi Andreý Makarowyň ýolbaşçylygynda geçirdiler.

Mediaforumda Aşgabatda geçiriljek hokkeý boýunça halkara ýaryşyň daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly gyzyklanma döredýändigi bellenildi. Ýaryş mynasybetli “MIR 24”, “TRT AVAZ”, “CCTV” teleýaýlymlarynda aýratyn gepleşikler hem-de wideoşekiller görkeziler. Bu sport ýaryşynyň täzelikleri “Asiavision”, Aziýa — Ýuwaş umman radiogepleşikler assosiasiýasynyň habarlar toparynyň kompaniýalarynyň arasynda ýaýradylar we Döwletara habarlar topary tarapyndan ýaýlyma berler.

Ýaryş baradaky habarlar Halkara sport metbugaty assosiasiýasynyň hem-de Aziýa sport metbugaty birleşiginiň neşirlerinde çap ediler. Hokkeý duşuşyklary “Türkmenistan sport” we “Ýaşlyk” teleýaýlymlarynda göni ýaýlyma berler. Daşary ýurtly hyzmatdaşlara bolsa bu halkara ýaryşy “TürkmenÄlem 52oE” emeli aragatnaşyk hemrasy arkaly şöhlelendirmäge mümkinçilik dörediler.

Halkara ýaryşdan täzelikleri ýaýmak üçin žurnalistler topary döredildi. Bu topar Olimpiýa şäherçesindäki Halkara ýaýlyma beriş merkezinde iş alyp barar we ýaryşyň oýunlary merkeziň www.turkmenistaninfo.gov.tm web saýtynda hem-de jemgyýetçilik torlarynda giňden şöhlelendiriler.