TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI O.KONONENKONY KOSMONAWTIKA GÜNI BILEN GUTLADY

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany, Kosmos işi boýunça “Roskosmos” döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko hünär baýramy — Kosmonawtika güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Siz kosmonawtikanyň taryhynda täze sahypalary açdyňyz. Biz Siziň älem giňişligini öwrenmek we özleşdirmek işinde ýeten derejäňize buýsanýarys” diýip, döwlet Baştutanymyz hatynda belledi.

Hormatly Prezidentimiz Oleg Kononenko berk jan saglyk, geljege ynam, täze açyşlar, jogapkärli işinde uly sepgitlere ýetmegi arzuw etdi.