TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ WE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ FEDERAL ÝYGNAGYNYŇ FEDERAL GEŇEŞINIŇ BAŞLYGYNYŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

Şu gün, 2024-nji ýylyň 23-nji martynda, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federal Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Gahryman Arkadagymyz ilki bilen, Russiýa Federasiýasynyň Parlamentiniň ýokarky palatasynyň Başlygyna öz adyndan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan köp adam pidalaryna getiren Moskwanyň eteginde düýn agşam bolup geçen pajygaly waka zerarly tüýs ýürekden gynanjyny beýan edip, wepat bolanlaryň garyndaşlaryna we ýakynlaryna duýgudaşlyk hem-de medet beriji sözlerini, şeýle hem bu elhenç terrorçylyk zerarly heläkçilik çekenlere tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi. 

Biz öňden gelýän dostlardyrys hem-de köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň halklarynyň dost-doganlygyny berkitmek ugrunda bilelikde işleýäris. Şonuň üçin hem şeýle agyr günlerde Türkmenistanyň doganlyk goldawyna doly bil baglap bilersiňiz diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň lukmançylyk kömegini bermäge, derman we sargy serişdelerini, beýleki zerur zatlary ibermäge taýýardygy beýan edildi. 

Ejir çeken çagalara hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýarlyk aýratyn nygtaldy. Bellenilişi ýaly, dostluk nyşany hökmünde olary Türkmenistanda kabul edip bolar, şunda olar üçin ýurdumyzyň iň häzirki zaman lukmançylyk we sagaldyş merkezlerinde beden we ruhy taýdan sagalmaklary üçin ähli şertler dörediler. Bu ynsanperwerlik işinde Gahryman Arkadagymyzyň esaslandyran hem-de ýolbaşçylyk edýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ähli mümkinçilikleri peýdalanylar. 

Söhbetdeşligiň dowamynda Russiýanyň Türkmenistan üçin hemişe goňşy dostlykly yurt, strategik hyzmatdaş bolandygy we şeýle bolmagynda galýandygy nygtaldy.