“MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DÖREDIJILIGINIŇ RUS MEDENIÝETINE TÄSIRI” ATLY HALKARA YLMY MASLAHAT GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynyň goldamagynda "Russiýanyň ýazyjylar bileleşigi" Bütinrussiýa jemgyýetçilik guramasynyň Lipetsk welaýat guramasynyň Russiýanyň halk hojalyk akademiýasy we Döwlet gullygy Prezident Akademiýasy (RHHADGPA) bilen bilelikde guramagynda 2024-nji ýylyň 21-nji martynda türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry we Gündogar akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlap sanly ulgam arkaly “Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň rus medeniýetine täsiri” atly Halkara ylmy maslahaty geçirildi.

Sanly ulgam arkaly geçirlen bu Halkara ylmy maslahatynda gutlag sözi bilen Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi E.M.Aýdogdyýew hem-de RHHADGPA-nyň Maliýe we durnukly ösüş institutynyň direktory A.M.Margolin çykyş etdiler.

Bu maslahat dünýäniň dürli döwletlerinden köpsanly alymlaryň we poeziýanyň muşdaklarynyň ünsüni özüne çekdi.

Maslahatyň işine Türkmenistandan, Russiýadan, şeýle hem Kaşmir uniwersitetiniň Yslam derňewleri institutynyň alymlar we talyplar gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä diller institutynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer we ösüş uniwersitetiniň alymlary, mugallymlary we talyplary mahlahatyň işine işjeň gatnaşdylar we ylmy makalalar bilen çykyş etdiler.

Şeýle hem maslahatyň işine RHHADGPA-nyň Russiýa Federasynyň sebitlerindäki şahamçalarynyň alymlary, mugallymlary we talyplary onlaýn tertibinde gatnaşdylar.

Russiýanyň Lipesk sebitiniň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan köpsanly türkmen talyplary maslahata işjeň gatnaşdylar we Magtymgulynyň şygyrlaryny okadylar.

Çykyş edenler, dünýäniň kňp ýurdunda, şol sanda Russiýa Federasiýasynda, şu günki günde Magtymgulynyň döredijiligi barada bilinýändigi, onuň ussatlygyna hormat goýulýandygy, akyldaryň öz eserlerinde watançylygy, ynsanperwerligi, adalatlylygy, halklaryň dostlugyny wasp etmek bilen sözüň doly manysynda internasionalist häsiýetli beýik şahsyýet bolandygy barada aýratyn belläp geçdiler.

Halkara ylmy maslahaty ýokary derejede geçdi we örän netijeli boldy.