TÜRKMENISTANYŇ ILÇISINIŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ MEDNIÝET MINISTRINIŇ ORUNBASARY BILEN GEÇIREN DUŞUŞYGY

Şu gün, 2024-nji ýylyň 14-nji martynda, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Esen Muhammedowiç Aýdogdyýew bilen Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministriniň orunbasary Andreý Wladimirowiç Malyşewiň arasynda iş duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň şu günki derejesini we geljekdäki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Medeni-ynsanperwer pudagynda hyzmatdaşlyk etmegiň aýry-aýry ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesi duşuşygyň esasy meselesi bolup orta çykdy.

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň strategiki hyzmatdaşlygynyň çäklerinde yzygiderli ösýän türkmen-rus gatnaşyklarynda, şol sanda medeni-ynsanperwer pudagynda, soňky döwürde uly öňe gidişlikler gazanylýar.

RF-ň Medeniýet ministriniň orunbasary A.W.Malyşew rus tarapynyň medeni-ynsanperwer pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydygynyň nyşany hökmünde, Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministri O.B.Lýubimowanyň türkmen tarapynyň resmi çakylygyny kabul etmek bilen 2024-nji 17-18-nji maýynda türkmen halkynyň görnükli nusgawy şahyry we Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp Aşgabat şäherinde geçiriljek Medeniýet ministrleriniň halkara maslahatyna gatnaşjakdyny mälim edendigini habar berdi.

A.Malyşew Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky medeniýet günlerini 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda guramaçylykly geçirmek meselesine degip geçip, bu uly ähmiýetli çäräniň meýilnamasyna aýdym-saz we tans toparlarynyň çykyşlary bilen bir hatarda, medeniýet pudagynyň aşakdaky ugurlarynyň wekilleriniň çykyşlaryny we duşuşyklaryny hem göz öňünde tutmagyň maksadalaýyk boljakdygy barada rus tarapynyň teklibini beýan etdi, ýagny: kinematograflaryň, kompozitorlaryň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, kitaphanaçylaryň, muzeý işgärleriniň we ş.m.-leriň wekillerini.

Şeýle hem rus tarapy ýokary bilim hakyndaky diplomlary Türkmenistanda ykrar edilýän daşary ýurt döwletleriniň ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna Moskwanyň döwlet medeniýet institutyny
hem-de Russiýanyň Döwlet akademiki Kiçi teatrynyň ýanyndaky M.S.Şepkin adyndaky Ýokary teatral uçilişasynyň (institutynyň) hem girilmegi meselesinde ýardam berilmegi baradaky haýyşy beýan etdi.

Häzirki wagtda bu ýokary okuw mekdeplerinde Türkmenistanda jemi 26 sany talyp bilim alýar. Olaryň Türkmenistanda ýaşaýan ýakynlarynyň we hossarlarynyň bank ulgamynyň üsti bilen töleg geçirip bilmeýändigi sebäpli kynçylyk çekýändikleri barada Ministriň orunbasary belläp geçdi.

Ilçi E.Aýdogdyýew şu ýylda türkmen halkynyň görnükli nusgawy şahyry we Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna mynasybetli Türkmenistanda giňden ýaýbaňlandyrlan döwlet we halkara derejeli uly göwrümli çäreler barada hem-de Türkmenistanda 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary bilen geçýändigi barada habar berdi.

Duşuşykda Türkmenistanyň Ilçisi ikitaraplaýyn rus-türkmen gatnaşyklarynda medeniýet ulgamyna degişli şu ýylda göz öňünde tutulan aşakdaky çärelere aýratyn üns çekdi:

 

a) Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna mynasybetli 2024-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabatda geçiriljek Döwlet we Hökümet baştutanlarynyň halkara forumy;

b) Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna mynasybetli 2024-nji ýylyň 17-18-nji maýynda Aşgabatda geçiriljek Medeniýet ministrleriniň halkara maslahaty;

ç) Şu ýylyň 10-njy aprelinde Moskwa şäherinde geçiriljek “Türkmen halkynyň nusgawy şahyry, pelsepeçi we Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatyna goşan goşandy” atly halkara konferensiýasy;

d) Magtymguly Pyragynyň býustynyň Moskwa şäherinde ýerleşýän M.I.Rudomino adyndaky daşary ýurt edebiýaty kitaphanasynyň atriumynda oturdylmagy;

e) Sankt-Peterburgyň merkezi etraplarynyň birinde Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň oturdylmagy;

f) Ýakyn geljekde Tretýakow galereýasynyň sergi merkezinde türkmen suratkeşleriniň we heýkeltaraşlarynyň eserleriniň sergisini guramak meselesi;

i) Magtymguly Pyragynyň 2024-nji ýylyň iýun aýynda Aşgabatda açyljak kaşaň ýadygärliginiň ýanyndaky memorial toplumda rus ýazyjysy F.M.Dostoýewskiniň heýkeliniň oturdylmagy;

j) Aşgabatda A.S.Puşkin adyndaky rus drama teatrynyň täze binasynyň gurluşygy.

Taraplar iki ýurduň arasynda medeni-ynsanperwer ugurdaky hyzmatdaşlygyň şu günki derejesine kanagatlanma bildirdiler we bar bolan giň mümkinçiliklerden doly peýdalanmagyň zerurdygy barada ylalaşdylar.

Duşuşyk dostluk we özara düşünişmek ruhunda geçdi.