TÜRKMENISTAN KAZANDA GEÇIRILJEK FORUMA GATNAŞAR

Türkmenistan 14–19-njy maýda Russiýanyň Tatarystan Respublikasynda geçiriljek «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum» atly halkara foruma gatnaşar we bu ýerde guraljak ykdysady üstünlikleriň sergisinde özüniň diwarlygyny görkezer.

Guramaçylaryň bellemegine görä bu ýyl forumyň esasy temalary halal önümleriň önümçiligi, yslam dünýäsiniň maliýe we bilim ulgamlaryny, ulag geçelgelerini ösdürmek barada bolar. Lukmançylyk syýahatçylygy ýaly ugurlar hem has giňişleýin ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle hem iri halkara çäräniň dowamynda sporty ösdürmek, sanly yslam sungaty, döredijilik ykdysadyýeti we kino pudagy boýunça aýratyn çäreler geçiriler.

Respublikanyň Baştutany Rustam Minnihanow 2022-nji ýylda Kazanyň Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýaşlar paýtagty derejesini alandygyny we 2025-nji ýylda Tatarstan Respublikasynyň paýtagtynda federal häkimýetleriň we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň goldawy bilen ýaşlaryň arasynda sport görnüşleriniň 20-si boýunça Birinji Yslam oýunlaryny geçirmegiň meýilleşdirilendigini belläp, oňa yslam dünýäsiniň 40-dan gowrak ýurdundan 14 — 16 ýaş aralygyndaky türgenleriň gatnaşmagyna garaşylýandygyny nygtady.