TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ ÜÇÜNJI ANTALÝA DIPLOMATIÝA FORUMYNDAKY ÇYKYŞY

(Antalýa şäheri, 2024-nji ýylyň 1-nji marty)

Hormatly wekiliýetleriň ýolbaşçylary we agzalary!

Hanymlar we jenaplar!

Ilki bilen, şu foruma çagyrandygy üçin Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti, gadyrly doganym Rejep Taýyp Ärdogana minnetdarlyk bildirýärin. Şeýle hem çäräniň guramaçylaryna abraýly forumda çykyş etmäge mümkinçilik döredendikleri üçin hoşallygymy beýan edýärin. Forumyň ýokary derejede guralandygyny, türk doganlarymyzyň myhmansöýerligini görkezýändigini bellemek isleýärin.

Halkara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy biziň öňümizde birnäçe düýpli soraglary, özi-de diňe bir syýasy, ykdysady, hukuk babatda däl-de, eýsem, ahlak, adalatlylyk we abraý-mertebe gatnaşyklaryna degişli soraglary hem goýýar. Häzirki döwürde bu düşünjeler bitewüdir diýip hasap edýärin. Şoňa görä-de, syýasy howpsuzlygy, durnuklylygy, ykdysady ösüşi goldamak üçin taryhy ornuna, ilatynyň sanyna, jemi içerki önüminiň möçberine, harby mümkinçiligine ýa-da tehnologik derejesine garamazdan, ähli halklary hem-de döwletleri bu işe doly çekmek zerur. Olaryň şu günki we geljekki dünýä gurluşynyň deňhukukly agzalarydyr subýektleri bolmaga kanuny hukuklaryny ykrar etmek gerek.

Bu babatda Türkmenistanyň garaýşy berk we aýdyňdyr: häzirki çylşyrymly döwürde bu sorag diňe ählumumy tagallalar arkaly, halkara hukugyň ykrar edilen kadalary, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasy esasynda çözülip bilner we çözülmelidir. Dünýä bileleşiginiň jogapkärli agzasy hökmünde Türkmenistan şu maksada ýetmekde öz üstüne borçnamalary alýar.

Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda biziň ýurdumyz bu guramanyň howandarlygynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak baradaky teklip bilen çykyş etdi. Biz muny XXI asyrda döwletara we halkara gatnaşyklaryň gurluşy babatda garaýyşlaryň hem-de kadalaryň ulgamy, ony gazanmagyň guraly hökmünde görýäris. Eýsem, bu garaýşy öňe sürmek bilen, Türkmenistan nähili başlangyçlary teklip edýär?

Ilki bilen, biz Ählumumy howpsuzlyk strategiýasynda syýasy orny we ähmiýeti barha artýan ösüp barýan ýurtlaryň örän aýdyň, abraýly ornuny görýäris. Bu bolsa yzygiderli hem-de oňyn meýildir. Bu ýagdaý üns berilmegini we Birleşen Milletler Guramasynyň strategik meýilnamalarynda degişli derejede berkidilmegini talap edýär. Şeýle hem Türkmenistan ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek babatda sebit guramalarynyň we döwletara birleşikleriň üsti bilen, özi-de diňe bir syýasy däl, eýsem, ykdysady, ynsanperwer ulgamlar boýunça hem işleri güýçlendirmegi maksadalaýyk hasaplaýar. Bu meselede ýöriteleşdirilen düzümleriňdir institutlaryň-da pikirlerini diňläp, olary dünýä syýasatynyň esasy soraglaryny çözmäge çekmeli.

Birleşen Milletler Guramasyna ony esaslandyryjylar tarapyndan goýlan baş wezipesini — ählumumy parahatçylygy, deňhukukly hyzmatdaşlygy we ösüşi üpjün etmekde ýardam bermeli. Bu biziň diňe ahlak borjumyz bolman, eýsem, häzirki dünýäde ýüze çykýan töwekgelçiliklerdir howplara hakyky we obýektiw baha bermek babatda jogapkärçiligimiz bilen hem gönüden-göni baglydyr. Şonuň ýaly-da, beýleki halkara düzümleriň we birleşikleriň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi, Ýer ýüzünde parahatçylygy üpjün etmek we dünýä gurluşy meseleleriniň çözgüdinde onuň sebit wekilhanalarynyň hem-de edaralarynyň ornuny, wezipesini ýokarlandyrmagy zerur hasaplaýaryn.

Bitaraplygyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň mümkinçilikleri bu wezipeleri ýerine ýetirmegiň esasy guraly bolup hyzmat etmelidir. Munuň özi ähli gatnaşyjylaryň bähbitlerini göz öňünde tutýan, howpsuz, durnukly ählumumy gurluşy kemala getirmäge gönükdirilen bitewi dialogy ýola goýmak üçin şertleri üpjün etmegiň aýrylmaz bölegidir. Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň biragyzdan çözgüdi we sebitiň ähli döwletleriniň goldamagy esasynda döredilen, ştab-kwartirasy Bitarap Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işi muňa aýdyň subutnamadyr. Biziň pikirimizçe, bu merkez bar bolan we bolup biljek gapma-garşylyklary çözmäge hem-de çylşyrymly ýagdaýlardan baş alyp çykmaga ulgamlaýyn çemeleşmegiň mysaly bolup biler.

Bitaraplyk, onuň kadalary we iş ýüzündäki usullary halkara bileleşigiň häzirki döwürde ulanýan mümkinçiliklerinden has işjeň hem-de giň bolmalydyr. Biz munuň şeýle boljakdygyna ynanýarys.

Bitaraplyk derejesi toparlanyşyklara gatnaşmazlygy we harby güýji ulanmazlygy göz öňünde tutýar. Bu ýörelgelere näçe köp döwlet eýerse, şeýle çemeleşmäniň tarapdarlary şonça köp, gapma-garşylyklaryň döremek ähtimallygy bolsa şonça az bolar. Şu soragda bitaraplyk sagdyn we jogapkärli güýçler, aýry-aýry döwletler ýa-da ýurtlaryň topary üçin ugur alyş nokady bolup biler. Munuň özi gapma-garşylykly ýagdaýlary aradan aýyrmaga mümkinçilik berýär, ýüze çykýan dawalar nähili kyn hem dowamly bolsa-da, olary parahatçylykly usullar, gepleşikler arkaly çözüp boljakdygyny görkezýär. Şeýle garaýşa eýermek bilen, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň meýdançasynda Bitaraplygyň dostlary toparyny döretmek başlangyjyny öňe sürdi. Bu pikire eýýäm onlarça döwlet goşuldy we men munuň oýlanyşykly çözgütdigine ynanýaryn. 

Hormatly halkara foruma gatnaşyjylar!

Häzirki dünýä mundan birnäçe onýyllyklardan öňki bolşuna meňzemeýär. Ol örän çylşyrymly, köpölçegli boldy, onda ençeme ugurdaş meýiller ýüze çykdy. Şolaryň biri-de geçiş döwrüniň ykdysadyýeti bolan ýurtlaryň ähmiýetiniň artmagydyr. Bu ýurtlar düýpli demografik, ylmy, önümçilik we serişde mümkinçiligine, köplenç bolsa geografik taýdan kesgitleýji mümkinçilige eýedir. Şu we beýleki şertler sebäpli, olara dünýä ykdysadyýetiniň öňdebaryjylarynyň, syýasy, durmuş, ynsanperwer ösüşi üpjün edijileriň biri hökmünde uly orun degişlidir. Geçiş ykdysadyýetli ýurtlar köp babatda durnukly, ýöne gaýtadan gurulmagy talap edilýän dünýä gurluşyna itergi bermeli, täze garaýyşlary, wezipeleri girizmeli diýip pikir edýärin. Gürrüň, ilkinji nobatda, Durnukly ösüş maksatlary hakynda barýar. Biziň pikirimizçe, häzirki zaman dünýä gurluşynyň esasy işlerine diňe geçiş ykdysadyýetiniň doly derejede gatnaşmak şertleri üpjün edilende, bu maksada ýetip bolar. Geljegiň ykdysady nusgasy hökmünde bu işlerde baýlyklaryň paýlanylyşyna olary ibermek we ulanmak ulgamyna aýratyn üns bermek zerurdyr. Täze çemeleşmeleri tapawutlandyrmazdan, syýasylaşdyrma, kemsitmelere ýol berilmeli däldir. Şunda esasy orun iki ugra, ýagny energiýa birikmesine we ulaglaryň baglanyşygyna degişlidir.

Türkmenistan pes uglerodly energetika geçmek arkaly energiýa birikmesini amala aşyrmak ýaly strategik ugra eýerýär. Biz bu işde hem şeýle çemeleşmeler gerek diýip hasap edýäris. Munuň özi şeýle ýol bilen gitmäge çalyşýan döwletler üçin deň we birmeňzeş amatly şertleri kepillendirýär. Bu olara energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalara elýeterlilik almak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmakda öz howa we geografik artykmaçlyklaryny herekete getirmek üçin şertleri döreder. Häzirki döwür energiýanyň däp bolan çeşmeleriniň täze, «ýaşyl» gün tertibine esaslanýan görnüşleri bilen utgaşdyrylmagyny we sazlaşykly bolmagyny talap edýär. Bu ugurda biz «ýaşyl» diplomatiýa hem-de dünýäde hyzmatdaşlyk etmegiň şeýle nusgasyny ileri tutmaga aýratyn orun berýäris. Munuň özi bilelikdäki jogapkärçilige, köpçülikleýin we toparlaýyn bähbitleri ýeňip geçmäge, geljege hyzmat etmäge esaslanmalydyr.

Ulag baglanyşygy babatda hem Türkmenistan düşnükli we adalatly garaýşy kemala getirmegiň zerurdygyndan ugur alýar. Bu ulgamda hyzmatdaşlyk ozal bar bolanlarynyň üstüni ýetirýän täze, çalşyp bolmajak çemeleşmelere gönükdirilip bilner. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Hazar we Gara deňizleriniň üstünden geçýän, Ýewropa, Ýakyn Gündogar, Aziýa — Ýuwaş umman sebitlerini bir bitewi ulag ulgamyna birleşdirýän Ýewraziýa multimodal üstaşyr ulag taslamalaryny durmuşa geçirmegiň üstünde işleýär. Elbetde, bu tagallalar düýpli syýasy-diplomatik ýardamy, Birleşen Milletler Guramasy derejesinde goldanylmagyny we çözgütleriň kabul edilmegini talap edýär.

Bularyň ählisi Türkmenistanyň ulag durnuklylygy hem-de bu ugurda özara gatnaşyklar meseleleri boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň çäginde öňe sürlüp, biragyzdan goldaw tapýan başlangyçlarynda beýan edilendir. Biz agza döwletleri diňe bir goldaw bermek bilen çäklenmän, degişli Kararnamalaryň düzgünleriniň kanunlaşdyrylmagyny gazanmaga, olarda görkezilen täzeçe pikirleriň we hyzmatdaşlygyň ugurlarynyň iş ýüzünde ulanylmagyny ilerletmäge çagyrýarys.

Inklýuziw ulag ulgamynyň kemala getirilmeginiň halkara söwdanyň, maýa goýum işjeňliginiň artmagyna görnetin täsir etjekdigi düşnüklidir. Şundan ugur alyp, Bütindünýä Söwda Guramasy, Bütindünýä banky, Halkara pul gaznasy, Yslam ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky ýaly halkara maliýe we ykdysady institutlara, sebit düzümlerine halkara ulag taslamalaryna ýeterlik goldaw bermegi, strategik çözgütleriň kabul edilmegine gatnaşmagy teklip edýäris. Türkmenistan bu ugurlar boýunça gepleşiklere açykdyr, olaryň milli we halkara taslamalary amala aşyrmaga gatnaşmaklary üçin ähli amatly şertleri döretmäge taýýardyr.

Ynsanperwer ölçeg hem ulag hyzmatdaşlygynda ähmiýeti barha artýan ýene bir möhüm ýagdaýdyr. Häzirki zaman dünýäsinde täze desgalar, gysga ugurlar arkaly adamlaryň ykjam, çalt hereketini üpjün etmek üçin şertler bar. Şunlukda, olaryň täze ýurtlara baryp görmek isleglerini kanagatlandyrmak, beýleki halklaryň wekilleri bilen gatnaşyk saklamaklary babatda goşmaça mümkinçilikler açylýar. Bu bolsa, öz gezeginde, Ýer ýüzüniň halklarynyň ýakynlaşmagyna we özara düşünişmegine ýardam berýän ynsanperwer ugurly gatnaşyklary ösdürmäge oňat itergi berýär.

Umuman, ykdysadyýetiň we durnukly ösüşiň binýatlyk nusgasyny döretmek boýunça bilelikdäki işlerimiz barada aýdylanda, Türkmenistan ony şu esasy ugurlary hökman öz içine alýan geçiş döwri diýip kesgitleýär:

— döwletleriň ylmy-tehniki ösüşiniň, sanlylaşdyrmagyň we innowasion standartlarynyň derejesini deňleşdirmeli;

— ykdysadyýetde, söwdada, ulagda, senagatda, çig maly çykarmakda we gaýtadan işlemekde hem-de beýleki ugurlarda ekologik ölçegler hökman ileri tutulmaly;

— ilatyň ekologiýa babatda sowatlylygyny, bilimini, habarlylygyny artdyrmaly;

— adamlar, aýratyn-da, ýaşlar üçin ykdysady işjeňlik, durmuşa höweslilik, toparlaýyn başlangyçlar, döredijilik, täzeçil garaýyşlar üçin şertleri döretmeli;

— dürli pudaklarda halkara derejede bilimdir tejribe alşylmagyna ulgamlaýyn we hemişelik esasda üns bermeli, ylmy hem-de ýaşlar diplomatiýalaryny höweslendirmeli.

Şunda Türkmenistan halkara guramalaryň, Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen agentlikleriniň wezipeleriniň işjeň ýerine ýetirilmegini zerur hasaplaýar, Hökümetler bilen göni gepleşikleri geçirmek, halkara hyzmatdaşlyk maksatnamalaryny ornaşdyrmak we ilerletmek ýaly ugurlarda araçyllyk işini ýerine ýetirmekde olaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň wajypdygyny belleýär.

Howa gün tertibi barada hem gysgaça durup geçmek isleýärin. Onuň ileri tutulýan ugur bolup galýandygy, häzirki ýüzýyllykda adamzadyň saýlap alan ýoluny kesgitleýändigi aýdyňdyr we munuň özi möhüm şertdir. Howa görkezijileri arassa tebigy ýagdaýlaryň çäginden çykyp, döwletleriň ösüşine, halklaryň abadançylygyna, azyk howpsuzlygyna, suwa, arassa howa, durmuş maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyna, tutuş sebitlere we yklymlara täsirini ýetirýär. Mundan başga-da, olar ýurtlaryň häzirki dünýäniň gowulyklarynyň hem-de nygmatlarynyň adalatly paýlaýjysy, ylmy-tehniki ösüşlere gatnaşyjy, deňhukukly we ähmiýetli hyzmatdaş, arzan çig malyň, işçi güýjüniň çeşmesi hökmünde öz borçlaryna düşünmegine ägirt uly täsir edýär.

Şunuň bilen birlikde, howa gün tertibi şu günki günde ählumumy howpsuzlygyň we bilelikde parahat ýaşamagyň aýgytlaýjy çagyryşy hökmünde ilerledilýär. Türkmenistan howpsuzlygy üpjün etmäge düýpli çemeleşmegiň düzüm bölegi hökmünde howa meselesine ulgamlaýyn gözegçilik etmegiň, köptaraplaýyn gözegçilik usulyny döretmegiň hem-de howa, ekologik we tehnogen weýrançylyklaryň täsirini azaltmagyň tarapdary bolup çykyş edýär. Galyberse-de, bu soraglary Ýer ýüzüniň dürli sebitlerinde Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen merkezlerini döretmek arkaly hem çözüp bolar. Şunda biziň ýurdumyzyň indi birnäçe ýyl bäri BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkeziniň döredilmegi ugrunda çykyş edýändigini nygtamak isleýärin. Bu başlangyjymyzyň Milletler Bileleşiginde, halkara hyzmatdaşlarymyzyň arasynda goldaw tapjakdygyna ynanýaryn.

Hormatly foruma gatnaşyjylar!

Çykyşymyň başynda men ahlaklylyk, adalatlylyk we mertebe hakynda aýdypdym. Meniň pikirimçe, bu kadalar halkara gatnaşyklaryň ösüşini ynsanperwerleşdirmek hem-de adamlar hakdaky gündelik alada esaslanýar. Şu babatda häzirki zaman diplomatiýasy-da ýokary ynsanperwer ugra eýermelidir. Şahsyýetara gatnaşyklary, ýaşlaryň, çagalaryň özara hereketlerini, zenanlar guramalarynyň ugry boýunça, parlamentara, medeni, sport hyzmatdaşlygyny utgaşdyryjynyň wezipesini öz üstüne almalydyr. Çünki häzirki wagtda bu ugurlar halkara işlerde syýasy düşünişmezligiň, özara ynamyň pese gaçmagynyň derejesini azaltmakda aýratyn ähmiýete eýedir.

Diplomatiýanyň wezipesi we manysy gepleşikleri geçirmekden, ylalaşygy gözlemekden, özara gatnaşyklaryň mäkäm köprülerini gurmakdan ybaratdyr. Türkmenistanyň tagallalary, ine, hut şu ugurlara gönükdirilendir.

Gadyrly dostlar!

Biz bitaraplygy hem-de parahatçylyk dörediji döwlet hökmünde toplan tejribämizi parahatçylygyň we adamzadyň sazlaşykly ösüşiniň bähbidine gönükdirip, bu işe öz goşandymyzy goşmaga hemişe taýýardyrys.