SANKT-PETERBURGDA MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 300 ÝYLLYGY BELLENILDI
Gündogaryň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Sankt-Peterburgdaky «Mekan» türkmen medeni jemgyýeti «Anima» bilim merkezi bilen bilelikde Sankt-Peterburgyň Milletler öýüniň we Sankt-Peterburgyň Hökümetiniň goldamagynda «Türkmenistan Magtymguly Pyragynyň beýik mirasy» atly interaktiw çäre gurady.
Russiýanyň etnografiýa muzeýiniň Mermer zalynda žiwopis, amaly-haşam eserleriniň we Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynyň uly sergisi açyldy. Türkmen ýaşlary – Sankt-Peterburgdaky «Bagtyýarlyk» Türkmen talyplary geňeşiniň işewürleri çärä işjeň gatnaşdylar.
Duşuşygyň myhmanlaryny Sankt-Peterburgdaky «Mekan» türkmen medeni jemgyýetiniň başlygy Nurgeldi Seýidow mübärekledi we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglowa milletara dostlugy we Türkmenistan bilen Sankt-Peterburgyň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen halkara taslamalary durmuşa geçirmekde yzygiderli goldawy hem-de ýardamy üçin hoşallyk bildirdi.
Türkmenistanda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary bilen 2024-nji ýylda garaşylýan wakalardan biri-de – Russiýanyň demirgazyk paýtagtynyň merkezinde Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylyşy bolar, ol umumy taryhda möhüm tapgyra öwrüler.
Sankt-Peterburgyň Daşary gatnaşyklar boýunça komitetiniň başlygy Ýewgeniý Grigoriýew öz çykyşynda Magtymguly Pyragynyň diňe türkmenleriň däl, şeýle hem dünýä medeniýetiniň mirasy bolan şygryýetiniň aýratyn ornuny – ynsanperwerlik we watançylyk ugruny, bahasyna ýetip bolmajak paýhasyny we eserleriniň döwrebaplygy bilen ajaýyp sazlaşygyny nygtady.
Çäre aýdym-saz we tansly çykyşlar bilen dowam etdi. Dizaýnerleriň nepis lybaslarynyň we türkmen gelniniň aňyrdan gelýän lybaslarynyň görkezilişi duşuşyga ýatdan çykmajak özboluşly röwüş çaýdy.