TÜRKMENISTANDA «GADYMY ÄNEW MEDENIÝETI» ATLY HALKARA YLMY MASLAHATY GEÇIRILER
Türkmenistanda «Gadymy Änew medeniýeti» atly halkara ylmy maslahaty geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer N.Amannepesow hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mertebäniň we buýsanjyň gymmatly çeşmelerine öwrülen şöhratly taryhymyz, maddy hem-de ruhy mirasymyz ylmy esasda düýpli öwrenilýär. Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletler tarapyndan gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli şu ýylyň 27-nji martynda «Gadymy Änew medeniýeti» atly halkara ylmy maslahat geçiriler.
Bu halkara foruma ýurdumyzdan, şeýle hem Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Russiýa Federasiýasyndan, Türkiýe, Özbegistan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyz Respublikalaryndan we beýleki daşary ýurtlardan görnükli taryhçylaryň, arheologlaryň, Gündogary öwrenijileriň, professor-mugallymlaryň, ýaş alymlaryň, muzeý işgärleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.
Maslahatyň myhmanlary bu şäheriň şu ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Änew şäherinde guraljak dabaralara we çärelere hem gatnaşarlar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň taryhynyň müňýyllyklara uzap gidýändigini belledi. Änew türkmen topragynyň gadymy medeniýetleriniň mekany bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz halkymyzyň şöhratly geçmişi bilen bagly halkara ylmy maslahatyň wajypdygyny belläp, wise-premýere ony guramaçylykly we ýokary derejede geçirmegi, bu işe alymlaryň giňden gatnaşmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.