SANKT-PETERBURGDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ “ÝAŞLAR – WATANYŇ DAÝANJY” ATLY ILKINJI KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasy Sankt-Peterburgyň dürli ýokary okuw mekdeplerinde okaýan Türkmenistanly talyp ýaşlaryň wekilleriniň gatnaşmagynda 2024-nji ýylyň 8-nji fewralynda Sankt-Peterburgda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ilkinji kitaby bolan “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi.

Duşuşygyň barşynda talyplar döwletimiziň ýaşlar barada edýän aladalary, ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň bilimde, ylymda, sportda we ş.m.-lerde gazanan üstünlikleri, şeýle hem Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek babatynda olaryň öňünde durýan düýpli wezipeler barada giňişleýin beýan edýän Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ilkinji kitaby bolan “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitabyna ägirt uly gyzyklanma bildirdiler.

Duşuşykda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip yglan edilen 2024-nji ýylda türkmen poeziýasynyň nusgawy şahyry, pelsepeçi we Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýini döwlet we halkara derejesinde mynasyp belläp geçmek babatynda ýaýbaňlandyrlan we amala aşyrylýan giňgöwrümli işlere aýratyn üns berildi.

Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek iri Halkara ylmy maslahatlaryň we baýramçylyk çäreleriniň arasynda aşakdakylar aýratyn bellenildi:

1) Döwlet we hökümet baştutanlarynyň halkara forumy – 2024-nji ýylyň 11-nji oktýabry;

2) Medeniýet ministrleriniň halkara maslahaty - 2024-nji ýylyň
17-18-nji maýy;

3) Aşgabatda akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň uly ölçegli ajaýyp ýadygärliginiň we adamzadyň dünýä ruhy hazynasyna goşant goşan daşary ýurt şahyrlarynyň we akyldarlarynyň ýadygärlik toplumynyň açylmagy;

4) Sankt-Peterburgda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylmagy;

5) Halkara ylmy maslahatlar we tegelek stollar, şol sanda Moskwada, Kazanda, Astrahanda we Woronežde we ş.m.

Duşuşygyň ahyrynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy G.M.Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti S.G.Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän,  Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň biri bolan döwletiň ýaşlar baradaky hemişelik aladasy babatynda ýene-de bir gezek nygtalyp geçildi.