TÜRKMEN-RUS BILELIKDÄKI IŞÇI TOPARYŇ NOBATDAKY DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2024-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Federal gümrük gullugynyň (Russiýa Federasiýasynyň) arasynda 2023–2024-nji ýyllar üçin bilelikdäki iş meýilnamasynyň çäginde bilelikdäki işçi toparyň wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň maksady 2023-nji ýylda özara hereketiň netijelerini jemlemek we 2024-nji ýyl üçin hyzmatdaşlygyň esasy maksatlaryny kesgitlemekden ybarat boldy.

Ýurdumyzyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi web-saýtynda habar berilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda kärdeşler ýönekeýleşdirilen gümrük geçelgesini döretmek, deslapky maglumat alyşmagy guramak we Ygtyýarly Ykdysady operatorlary özara ykrar etmek boýunça ikitaraplaýyn şertnamalara gol çekmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň gün tertibinde taraplaryň okuw edaralarynyň işgärleriniň duşuşygyny hem-de okuw çärelerini ýakyn wagtda guramak meselesi, şonuň ýaly-da birek-birek bilen tejribe alyşmak maksady bilen iki tarapyň wekiýetleriniň özara saparlaryny guramak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar, duşuşygy jemläp, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek barada ynamyny bildirdiler.