OGUZ HAN ADYNDAKY INŽENER-TEHNOLOGIÝALAR UNIWERSITETI «THE AWARDS ASIA 2024» ATLY BAÝRAGYŇ DALAŞGÄRLERINIŇ SANAWYNA GIRDI

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti «Student Recruitment Campaign of the Year» tapgyrynda «THE Awards Asia 2024» atly baýragyň dalaşgärleriniň sanawyna girdi.

«Ýokary bilimiň Oskary» hökmünde giňden meşhur bolan «Times Higher Education Awards» baýragy 2005-nji ýylda döredildi we Beýik Britaniýada hem-de Irlandiýada ýaýrandyr. Baýrak ýokary okuw mekdepleriň ähli ugurlar boýunça alyp barýan işlerini beýan edýär hem-de ýokary bilim ulgamyna gatnaşyjylaryň üstünlikli netijelerini belleýär hem-de wagyz edýär, uniwersitetleriň kämillige we ösüşe ymtylmalaryny höweslendirýär hem-de şonuň bilen birlikde dünýäniň dürli ýurtlaryndan barha köp gatnaşyjylary özüne çekýär.

«THE Awards Asia» baýragy «THE Awards» sylaglarynyň tapgyrynda 2019-njy ýylda peýda boldy. Aziýa yklymynyň akademiki ulgamynyň wekilleriniň arasynda tizden-tiz abraýa we meşhurlyga eýe boldy.

Şu ýyl baýrak ugrunda 10 ugur boýunça 600-den gowrak haýyşnamalar berildi. Britaniýanyň «THE» guramasynyň saýtynda 25-nji ýanwarda neşir edilen sanawa 17 ýurtdan finalçylaryň 80-si (10 ugruň her birine 8 sany ýokary okuw mekdebi) girdi.

Student «Recruitment Campaign of the Year» (talyplary çekmek boýunça ýylyň möwsümi) tapgyrynda iň oňat uniwersitetleriň sekizligine «THE Awards Asia 2024»-iň ugry boýunça Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti girdi. Bu waka zehinli ýaşlary çekmekde, uniwersitetiň uly geljegi bolan talyplary üçin hünäre ugrukdyryş taslamalaryny guramakda türkmen ýokary okuw mekdebiniň ymtylmalaryny we hyzmatyny ýokary derejede belleýär.

«THE Awards Asia»-nyň bilermenleriniň ykrar etmegine mynasyp bolan ýokary okuw mekdepleriň hatarynda Hindistanyň, Singapuryň, Gonkongyň, Taýlandyň, Hytaýyň, Türkiýäniň, Flippinleriň, Indoneziýanyň, Ýaponiýanyň, Malaýziýanyň, Kambojanyň we beýleki ýurtlaryň uniwersitetleri görkezildi.

«THE»-niň halkara aragatnaşyklar boýunça direktorynyň nygtaýşy ýaly, 2024-nji ýylyň sanawy öwüşginlerden hem-de innowasiýalardan doly we oňa gatnaşyjylaryň ählisi final tapgyryna ýetendiklerine özlerini örän buýsançly duýmalydyr.

Baýragyň ýeňijileri 29-njy aprelde Kuala-Lumpurda (Malaýziýa) geçiriljek dabarada yglan ediler. Çäre «THE» Aziýa uniwersitetleriniň sammitiniň ilkinji gününi jemlär. Ol Malaýziýanyň Sanweý uniwersiteti bilen hyzmatdaşlykda guralar.