BEÝIK WATANÇYLYK URŞY DÖWRÜNDE GABAWDAKY LENINGRADDA ÝAŞAN 10-DAN GOWRAK ÝURTDAN, ŞOL SANDA TÜRKMENISTANDAN WETERANLAR SANKT-PETERBURGDAKY ÇÄRELERE GATNAŞARLAR

Beýik Watançylyk urşy döwründe gabawdaky Leningradda ýaşan 10-dan gowrak ýurtdan, şol sanda Türkmenistandan weteranlar Sankt-Peterburg şäherinde 25-29-njy ýanwarda şäheriň faşistik basybalyjylardan azat edilmeginiň 80 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek çärelere gatnaşarlar. Bu çärelere Abhaziýadan, Ermenistandan, Belarusdan, Germaniýadan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Latwiýadan, Litwadan, Türkmenistandan, Özbegistandan we Estoniýadan 50-den gowrak weteran gatnaşar.

Aşgabatdan weteran Galina Alekseýewna Mämmedowa bu çärelere gatnaşar. Ýeri gelende bellesek, ol geçen durmuşy barada ýakynda "TASS" habarlar agentliginiň habarçysyna giňişleýin gürrüň beripdi.

"Peterburg şäheri Leningrad gabawda wagty kynçylyklara döz gelen ýaşaýjylaryny häzir olar nirede ýaşaýandygyna garamazdan goldamaga çalyşýar. Biz olary indi gaýry ýurduň ýaşaýjylary hökmünde görmeýäris. Olar biziň üçin hemişede ezizdir. Biz şeýle adamlary myhman almaga hemişe-de şatdyrys we olary şanly seneleri bilelikde bellemäge çagyrýarys, olary üns-alada bilen gurşaýarys" diýip, şäher gubernatory Aleksandr Beglow aýtdy.

Ähli weteranlara " Leningradyň faşistik basybalyjylardan doly azat edilmeginiň 80 ýyllygyna" atly hormat nyşanlary gowşurylar. Bu medal jemi 60 müňden gowrak ýaşaýja gowşurylar.