MAÝ AÝYNDA AŞGABATDA ÝHHG-NIŇ PARLAMENTARA ASSAMBLEÝASYNYŇ SEBITLEÝIN DUŞUŞYGY GEÇIRILER
Türkmen Hökümetiniň mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow ÝHHG-niň Parlamentara Assambleýasynyň sebitleýin duşuşygyny Aşgabatda geçirmek baradaky teklibi döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi. Daşary işler ministri şu ýylyň maý aýynda dünýä giňişliginde bitaraplyk syýasatyny öňe sürmek maksady bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen forumy geçirmegi teklip etdi.
Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistan bilen ÝHHG-niň Parlamentara Assambleýasynyň Terrorçylyga garşy hereket etmek boýunça komitetiniň çäklerinde has işjeň gatnaşyk saklamagyň maksadalaýykdygy barada aýdyldy.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlamentara Assambleýasynyň wise-prezidentiniň we ÝHHG-niň Terrorçylyga garşy herket etmek boýunça komitetiniň başlygynyň şu ýylyň aprel aýynda Türkmenistana saparyny guramak teklibi öňe sürüldi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hödürlenen teklipleri tassyklady we wise-premýer, Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysyna meýilleşdirilýän çäreleriň ýokary derejede guralmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.