DÖWREBAP UÇARLAR DIÝARYMYZYŇ HOWA GATNAWLARYNYŇ UGURLARYNY GIŇELDÝÄR

Şu gün, 2024-nji ýylyň 5-nji ýanwarynda, paýtagtymyzyň Halkara howa menziline «Boeing 777-300ER» kysymly täze ýolagçy uçary gelip gondy. Bu täze uçar Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, ABŞ-nyň dünýä belli «Boeing» kompaniýasy bilen baglaşylan şertnama esasynda ýurdumyzyň satyn alan şeýle kysymly uçarynyň ikinjisi boldy.

“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň uçarlaryň ilkinjisini geçen ýylyň dekabrynda kabul edendigini bellemek gerek.

Ýurdumyzyň awiakompaniýasy dünýäniň köp sanly döwletleri we yklymlary bilen halkara ýolagçy howa gatnawlaryny giňeltmegi, ilkinji nobatda, “Boeing” kysymly uçarlary ulanmak arkaly amala aşyrýar. Şeýle häzirki zaman uçarlarynyň satyn alynmagy pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak bilen bir hatarda, milli raýat awiasiýasynyň mümkinçiliklerini giňeltmäge, howa gatnawlaryny ýokary derejede amala aşyrmaga, dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin amatly şertleri döretmäge mümkinçilik berýär.

«Boeing 777-300ER» uçarlary 368 ýolagçyny gatnatmaga ukyply bolup, olaryň gonmasyz uçuş uzaklygy 11 müň 390 kilometre ýetýär. Uçuş tizligi bolsa sagatda 905 kilometre deňdir. Olar milli awiakompaniýamyza islendik yklyma uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

Paýtagtymyzyň Halkara howa menziliniň düzümleýin desgalary hem yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Onuň çäginde ýerleşýän desgalar dürli görnüşli uçarlary talabalaýyk saklamak we tehniki hyzmatlar bilen üpjün etmek üçin niýetlenendir. Munuň özi ýük hem-de ýolagçy uçarlarynyň tehniki ýagdaýyny döwrebap derejede, halkara talaplara laýyklykda, yzygiderli gözegçilikde saklamaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa uçarlary uzak möhletiň dowamynda ulanmagyň, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň baş şerti bolup durýar. “Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň” çäklerinde raýat awiasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda howa menzillerini, inženerçilik-tehniki maksatly desgalary gurmak hem-de döwrebaplaşdyrmak, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň awiasiýa pudagynyň uçarman we inžener düzüminiň öňdebaryjy amerikan tehnikasyna erk etmekde ussatlygyň ýokary derejesine eýe bolandygyny bellemelidiris. Uçarmanlar düzümini, ýolbeletleri, howa arkaly daşamalary amala aşyrýan agentligiň awiasiýa howpsuzlygynyň we beýleki degişli düzümleriniň işgärlerini taýýarlamak boýunça gysga möhletli okuwlary hem-de iş tejribeligini guramak işleri alnyp barylýar. Türkmenistanda bar bolan awiaparkyň netijeli giňeldilmegi strategik häsiýete eýe bolup, ykdysady we üstaşyr bähbitleri gazanmagy maksat edinýär. Milli awiakompaniýamyzyň Aziýanyň iň howpsuz awiakompaniýalarynyň biridigi hasaba alnanda, onuň sebit daşamalarynda öňdebaryjy bolmagy üçin ähli şertler bar. Raýat awiasiýasyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekde möhüm orun degişlidir. Howa ulagynyň hyzmatlarynyň dünýä bazaryna goşulyşmagy bilen, raýat awiasiýasy Garaşsyz Türkmenistana daşary ýurtlarda wekilçilik edýär hem-de ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny durmuşa geçirmek wezipesini berjaý edýär.

Ulag ulgamynyň toplumlaýyn ösdürilmegi bu öňdengörüjilikli strategiýanyň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýar. Gündogar bilen Günbatary, Aziýa bilen Ýewropany baglanyşdyrýan ýollaryň çatrygynda, häzirki wagtda täze taryhy şertlerde gaýtadan dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşýän Türkmenistan bu ugurda uly kuwwata eýedir.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň köpşahaly multimodal üstaşyr ulag düzümlerini kemala getirmek boýunça öňe sürýän başlangyçlary bu wezipeleriň ýerine ýetirilmegine gönükdirilendir. Şeýle düzümleriň bolmagy sebit we ählumumy derejede netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

...Çäräniň geçirilýän ýerinde baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Bu ýere ýygnananlaryň öňünde aýdym-saz we tans toparlary öz ussatlyklaryny görkezdiler. Dabara gatnaşyjylaryň çykyşlarynda ýurdumyzyň awiasiýa pudagynyň infrastruktura-tehniki binýadyny pugtalandyrmaga döwlet tarapyndan uly üns berilýändigi bellenildi. Munuň özi milli raýat awiasiýasynyň mümkinçiliklerini giňeltmäge, howa ulagy arkaly halkara ýolagçy we ýük daşamalaryna bolan islegleri kanagatlandyrmaga, durmuş-ykdysady wezipeleri netijeli çözmäge mümkinçilik berýär.

Milli däp-dessurlarymyza laýyklykda, ýaşuly nesliň wekilleri howa menziline täze ýolagçy uçarynyň getirilmegi bilen bagly ýagşy däpleri ýerine ýetirdiler.

Täze uçaryň eýýäm şu gün Abu-Dabi şäherine uçuşy amala aşyrandygyny bellemek gerek. Iki ýurduň paýtagtlary — Aşgabadyň we Abu-Dabiniň arasynda howa gatnawyny ýola goýmak baradaky ylalaşyk Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine iş saparynyň dowamynda gazanyldy.