MIŞUSTIN TÜRKMENISTAN BILEN RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ ARASYNDAKY GATNAŞYKLARA ÝOKARY BAHA BERDI
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklara ýokary baha berdi. Bu barada Mihail Mişustiniň Täze ýyl mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa iberen gutlag hatynda bellenilýär. TDH-niň resmi saýtynda ýerleşdirilen gutlag hatynda şeýle diýilýär:
«2023-nji ýylda Russiýanyň we Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar dostluk, özara hormat goýmak, strategik hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda okgunly ösdürildi. Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, ynsanperwer hyzmatdaşlyk pugtalandyryldy, energetika, senagat, ulag we medeni-ynsanperwer ulgamlarda taslamalar durmuşa geçirildi. 2024-nji ýylda-da täze özara bähbitli başlangyçlar üçin amatly şertleri döredip, köpugurly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegi dowam etdirjekdigimize ynanýaryn. Munuň özi Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly laýyk gelýär.
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, rowaçlyk, täze üstünlikleri, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw edýärin!».