TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GDA AGZA DÖWLETLERIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ RESMI DÄL DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
Şu gün, 2023-nji ýylyň 26-njy dekabrynda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyryp, däp bolan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy.
Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.
Paýtagtymyzyň howa menzilinde Russiýa Federasiýasynyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi I.Wolynkin bilen bolan söhbetdeşlikde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iki dostlukly halkyň bähbitlerine laýyk gelýän hem-de strategik hyzmatdaşlygyň berk binýadynda ýola goýulýan döwletara dialogyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen belledi.
Doly ygtyýarly wekiliň nygtaýşy ýaly, Russiýada Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklara, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Diplomat netijeli gatnaşyklary ähli esasy ugurlar boýunça işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň Arkalaşygyň ýurtlarynyň Liderleriniň nobatdaky resmi däl duşuşygyna gatnaşmagynyň köpugurly türkmen-rus hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmäge ýardam etjekdigine, GDA-nyň giňişliginde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.
Ählumumy gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmekde işjeň orny eýeleýän Garaşsyz, Bitarap Watanymyz dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň, ynanyşmagyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine uly goşant goşýar. Şunda ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen, ilkinji nobatda, abraýly iri halkara guramalaryň, sebit düzümleriniň çäklerinde netijeli dialogyň çuňlaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär.
Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy bolup durýan Türkmenistan GDA agza döwletler bilen hyzmatdaşlygy deňhukuklylyk, özara bähbitlilik esasynda, her bir tarapyň milli bähbitlerini, umumy maksatlary nazara almak bilen alyp barýar. Ýurdumyzyň bu garaýyşlary taryhyň dowamynda kemala gelen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, dürli ulgamlarda bilelikdäki iri taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam edýär.
GDA döwletleri bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki strategik hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarly Türkmenistan guramanyň giňişligindäki özara bähbitli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, hyzmatdaşlygyň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna hemmetaraplaýyn ýardam bermäge çalyşýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň GDA-nyň sammitlerine yzygiderli gatnaşmagy hem-de öňe sürýän, döwrüň talabyna laýyk gelýän başlangyçlary munuň aýdyň beýanydyr.
...Birnäçe sagatdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary Sankt-Peterburg şäheriniň “Pulkowo” Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar.
Nobatdaky sammite Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdylar.
Ýokary derejedäki duşuşygyň öňüsyrasynda belent mertebeli myhmanlaryň Sankt-Peterburgda bolmagynyň maksatnamasyna laýyklykda, GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlary Russiýanyň medeni paýtagtynyň gözel ýerlerine baryp gördüler. Hususan-da, “Pawlowsk” döwlet muzeý-goraghanasynyň, Puşkin şäherçesindäki “Sarskoýe selo” döwlet muzeý-goraghanasynyň, “Petergof” döwlet muzeý-goraghanasynyň ekspozisiýalary bilen tanyşdylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni “Pawlowsk” döwlet muzeý-goraghanasy toplumyna tarap ugrady.
Merkezi girelgäniň öňünde döwlet Baştutanymyzy Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin mähirli garşylady.
Günüň ikinji ýarymynda Konstantin köşgünde ýerleşýän “Kongresler köşgi” döwlet toplumynda resmi däl sammit geçirildi.
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin ýokary derejedäki duşuşygy açyp, oňa gatnaşyjylary ýene-de bir gezek mähirli mübärekledi we Täze ýylyň öň ýanyndaky resmi däl sammite gatnaşmak üçin Sankt-Peterburg şäherine gelmäge çakylygy kabul edendikleri üçin hemmelere hoşallyk bildirdi.
Çykyşyň dowamynda şu ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine gysgaça seljerme berildi we GDA-nyň çäklerinde bilelikdäki işleriň ýakyn geljek üçin esasy ugurlary kesgitlenildi. Umuman, 2023-nji ýyl Arkalaşyk üçin örän netijeli boldy. Bellenilişi ýaly, ähli göz öňünde tutulan çäreler üstünlikli ýerine ýetirildi, gazanylan ylalaşyklar bolsa dostlukly ýurtlaryň arasynda ähli ulgamlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, özara bähbitli täze ykdysady, ulag-logistika, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlardaky taslamalary durmuşa geçirmäge ýardam bermäge gönükdirilendir. Şeýle-de özara gyzyklanma bildirilýän halkara meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bellenilişi ýaly, GDA agza ýurtlaryň ählisiniň sebit we dünýä derejesindäki hyzmatdaşlygyň binýadyna goýlan esasy ýörelgelere ygrarly bolmagy Arkalaşygyň giňişligindäki üstünlikli işiň möhüm şerti bolup durýar. Şunuň bilen birlikde, geçen ýyllaryň dowamynda GDA döwletleri hyzmatdaşlyk ýoluna üýtgewsiz eýerýärler, taraplaryň hoşmeýilli erki, deňhukuklylyk, ynanyşmak bolsa onuň ygtybarly binýady bolup durýar. Ýokary derejedäki şu gezekki duşuşyk sebit boýunça goňşy ýurtlaryň bilelikdäki işiň toplanan oňyn tejribesinden, milli ykdysadyýetleriň ýeten sepgitlerinden ugur alyp hem-de ähli taraplaryň bar bolan ägirt uly ykdysady, serişde kuwwatyny nazara almak bilen, däp bolan netijeli dialogy hil taýdan täze derejä çykarmaga, oňa has toplumlaýyn we işjeň häsiýet bermäge çalyşýandyklarynyň nobatdaky aýdyň beýanydyr.
Ýurdumyz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin netijeli meýdança hökmünde garap, yzygiderli esasda anyk teklipleri öňe sürýär. Hyzmatdaşlygyň döwrüň talap edýän görnüşlerini işläp taýýarlamak bu teklipleriň baş maksadydyr. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 13-nji oktýabrynda GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň täze netijeli başlangyçlar bilen çykyş edendigini bellemek gerek. Bu başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegi GDA-nyň çäklerindäki köpýyllyk döwletara gatnaşyklara itergi bermäge, diňe bir Arkalaşygyň giňişliginde däl, eýsem, tutuş dünýäde-de howpsuzlygy, durnuklylygy, okgunly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilendir.
Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Bişkekdäki sammitde öňe süren ileri tutulýan garaýyşlarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden beýan eden başlangyçlaryna doly laýyk gelýändigini bellemek möhümdir. Munuň özi, hususan-da, BMG-niň howandarlygynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak, Bitaraplyk we howpsuzlyk institutyny döretmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak, BMG-niň çäklerinde türkmen tarapynyň başlangyjy bilen döredilen Bitaraplygyň dostlary toparynyň çäklerinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak, BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýada Howpsuzlyk boýunça maslahaty döretmek bilen bagly başlangyçlardyr.
2023-nji ýylyň güýzünde ýokary derejede geçirilen duşuşykda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow terrorçylyk, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy, adam söwdasy, GDA-nyň giňişligine radikal we ekstremistik elementleriň aralaşmagy ýaly häzirki döwrüň wehimlerine garşy durmak, kiberhowpsuzlyk we beýleki wehimler bilen baglanyşykly meseleler boýunça tagallalary mundan beýläk-de birleşdirmegiň zerurdygyny aýtdy.
Ykdysadyýet Arkalaşygyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, 2019-njy ýylda Aşgabatdaky GDA-nyň sammitinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakynda Jarnamanyň kabul edilendigini bellemek gerek. Bu resminama soňra kabul edilen hem-de söwda, senagat kooperasiýasy, ulag, energetika, maýa goýumlar ulgamlarynda we beýleki pudaklarda ýakyndan hyzmatdaşlygy göz öňünde tutýan GDA-ny ykdysady taýdan ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli Strategiýasynyň esasyna goýuldy. Bu ugurlar Arkalaşygyň döwletleriniň daşarky bazarlarda mynasyp bäsdeşlik edip biljek, hyzmatdaşlara amatly şertleri teklip edip biljek ugurlarydyr.
Türkmen tarapy GDA-nyň ykdysady bähbitlerini onuň geografik çäklerinden daşarda ilerletmegiň, bilelikdäki taslamalara goňşy ýurtlary we sebitleri çekmegiň möhümdigini bellemek bilen, giň gerimli Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar düzümleýin geçelgelerini ösdürmek bilen baglylykda, energetika, ulag-kommunikasiýa düzümlerini diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça başlangyçlar bilen çykyş etdi. Çäk taýdan goňşy we ýola goýlan dost-doganlyk gatnaşyklar bilen baglanyşýan GDA döwletleri häzirki döwürde uly artykmaçlyklara eýedir. Bu artykmaçlyklaryň doly derejede peýdalanylmagy bolsa ählumumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýär.
Ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk GDA-nyň formatynda, ozalkysy ýaly, möhümdigine galýar. Halklarymyzyň medeni özara baglanyşygy we ruhy taýdan ýakynlygy, köpasyrlyk umumy taryhymyz Arkalaşygyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň berk binýady bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurdaky gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň şu ýylyň 18-nji dekabrynda geçirilen GDA agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisiniň gün tertibinde esasy mesele bolandygyny bellemek gerek. Arkalaşygyň ýurtlarynyň Baştutanlarynyň umumy pikirine görä, ylym, bilim, medeniýet, sungat, ýaşlar syýasaty, saglygy goraýyş, sport ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk ýurtlaryň we halklaryň ýakynlaşmagynyň, olaryň arasyndaky ynanyşykly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň aýrylmaz şerti bolup durýar.
Parlament ugry boýunça gatnaşyklary hemmetaraplaýyn höweslendirmek we işjeňleşdirmek, şu maksat bilen, Arkalaşygyň Parlamentara Assambleýasynyň tejribesini işjeň ulanmak GDA-nyň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň ýene-de bir möhüm ugrudyr. Bu babatda Türkmenistanyň häzirki döwürde parlament diplomatiýasynyň barha artýan ornuny nazara almak bilen, GDA döwletleriniň parlamentleriniň ýolbaşçylaryny birleşdirýän hyzmatdaşlygyň şeýle görnüşini örän möhüm hasaplaýandygyny bellemek wajypdyr.
Ýurdumyz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň halkara abraýynyň belende galmagy, onuň häzirki döwrüň ählumumy we sebit işlerine oňyn täsiriniň artmagy ugrunda çykyş edýär. Şu geçen ýyllaryň dowamynda GDA ýurtlary döwletara gatnaşyklarda deňhukuklylyk, hormat goýmak ýörelgelerine berk eýerýärler, ählumumy gün tertibinde parahatçylyk we dialog medeniýetiniň berkarar edilmegi, dünýäde durnuklylygyň, howpsuzlygyň berkidilmegi ugrunda çykyş edýärler hem-de Durnukly ösüş maksatlarynyň gazanylmagyna saldamly goşant goşýarlar. Bu babatda olaryň halkara we sebit guramalarynyň meýdançalaryndaky işjeň hem-de netijeli hyzmatdaşlyga, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalaryna garalanda we kabul edilende, BMG-niň saýlawly edaralaryna dalaşgärlere ses berlende özara goldaw bermegiň ýola goýlan tejribesi bellenilmäge mynasypdyr.
Ýakynda — 19-njy dekabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 49-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» hem-de «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamalar biragyzdan kabul edildi. Arkalaşyk boýunça hyzmatdaş ýurtlar şol resminamalaryň awtordaşlary bolup çykyş etdiler.
Gatnaşyjy döwletleriň halkara giňişlikde birek-birege berýän goldawy ägirt uly syýasy-diplomatik mümkinçiliklere eýe bolan Arkalaşygyň ýurtlarynyň Birleşen Milletler Guramasynda, beýleki abraýly halkara we sebit düzümlerinde ylalaşykly garaýyşlar bilen çykyş edýändikleriniň aýdyň beýany bolup durýar. Şunda agza ýurtlaryň ählisi dünýä syýasatyna, hukuga hormat goýmagy, dialogyň medeniýetini, döwletleriň arasyndaky gatnaşyklarda ynanyşmagy we aýdyňlygy gaýtaryp getirmegiň zerurdygyndan ugur alýar. Hut şeýle çemeleşme Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna 30 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda çeýeligi saklap galmaga, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynda GDA-nyň çäklerinde ýakynlaşmak proseslerini ösdürmäge gönükdirilen mehanizmleri işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýär, umuman, halkara durnuklylyk we howpsuzlyk ulgamynyň aýrylmaz bölegi hökmünde bu birleşmäniň hereket etmegini şertlendirýär.
Şu gezekki ýokary derejedäki duşuşygyň barşynda öňde durýan maksatlaryň we wezipeleriň umumylygyndan ugur alyp, däp bolan hyzmatdaşlygy hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmagyň möhümdigine aýratyn üns berildi. Şunda bilelikdäki işiň toplanan oňyn tejribesini nazara almak bilen, GDA agza ýurtlaryň arasynda ulgamlaýyn syýasy geňeşmeleriň täsirli gurallaryny döretmegiň zerurdygy bellenildi. Ýakyn we uzak möhletli geljegi hasaba almak bilen, özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşmalaryň çäklerinde döwlet Baştutanlary şu ýyl dürli forumlarda, çärelerde we duşuşyklarda kabul edilen çözgütleriň, gazanylan ylalaşyklaryň dostlukly halklaryň abadançylygynyň bähbidine GDA-nyň giňişliginde döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine berk ynam bildirdiler.
Umuman, sebit hem-de halkara gün tertibiniň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylan ýokary derejeli resmi däl görnüşdäki bu duşuşyk GDA gatnaşyjy ýurtlaryň mundan beýläk-de hyzmatdaşlygy strategik gatnaşyklar, özara bähbitlilik we ähli döwletleriň bähbitlerini nazara almak esasynda bilelikde ösdürmäge çalyşýandyklarynyň nobatdaky güwäsine öwrüldi.
...Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Pulkowo” Halkara howa menziline bardy we şol ýerden Watanymyza ugrady.
Aşgabadyň Halkara howa menzilinde bolan söhbetdeşlikde Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi I.Wolynkin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy iş saparynyň üstünlikli geçmegi bilen gutlady hem-de döwlet Baştutanymyzyň resmi däl sammite gatnaşmagynyň GDA ýurtlarynyň halklarynyň ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň umumylygyna ygrarlylygyň, özara hormat goýmak, deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň netijeli ösdürilýändiginiň nyşanydygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, däp bolan dostlukly türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de özara bähbitlilik, uzak möhletleýinlik esasynda pugtalandyryljakdygyna hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna berk ynam bildirildi.