TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GAHRYMAN ARKADAGYMYZ!

Siziň döwletimiziň has-da gülläp ösmegi, Watanymyzyň halkara giňişlikde at-abraýynyň belende göterilmegi ugrunda alyp barýan taryhy ähmiýetli işleriňize ýaşlarymyzyň hem uly hyjuw bilen gatnaşyp, öz mynasyp goşantlaryny goşmaklary halkymyzda uly buýsanç duýgusyny döredýär.

Hormatly Milli Liderimiz!

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda zehinli, ukyp-başarnykly, zähmetsöýer, her bir işe döredijilikli çemeleşýän ýaşlarymyz uly üstünlikleri, taryhy ýeňişleri gazandylar. Olar ýurdumyzyň dürli ulgamlarynyň ösüşini has-da öňe ilerletmekde öz güýç-kuwwatyny, irginsiz yhlasyny, Watana bolan söýgüsini siňdirip, döwletli işlere dahylly boldular.

Gahryman Arkadagymyz!

Siziň pähim-paýhasyňyzdan, öwüt-ündewleriňizden, halypalyk ýörelgeleriňizden ugur alyp, ýaşlarymyz her bir işi örän uly ruhubelentlik, jogapkärçilik bilen ýerine ýetirýärler. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň tamamlanyp barýan günlerinde men hem özümiň türkmen ýaşlarynyň durmuşyna, ykbalyna, ähli ugurlarda gazanan üstünliklerine bagyşlap ýazan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabymy uly hormat bilen sowgat hökmünde Size iberýärin.

Pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, uzak ömür arzuw edýärin. Ýetip gelen Täze ýyl baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

 

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow