NÝUŞA AŞGABATDA TÄZE ÝYL KONSERTINI BERER

Meşhur rus aýdymçysy Nýuşa Aşgabatda Täze ýyl konsertini berer diýip, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi habar berýär. Aýdymçynyň çykyşy 26-njy dekabrda Aşgabadyň gyşky oýunlar sport toplumynda bolar. Konsert 18:00-da başlar. Şol gün agşam Nýuşa bilen bilelikde rus estrada aýdymçysy we kompozitory Olga Şultaýs hem sahna çykar.

Nýuşa — R&B elementleri bolan pop aýdym-sazyny ýerine ýetirýän rus aýdymçysy, aýdym ýazyjysy we kompozitor. Onuň döredijiligi çuňňur we duýgur wokal, owazly we ýatdan çykmajak kompozisiýalar, şeýle hem dürli mowzuklar we stiller bilen tapawutlanýar.Nýuşa MTV Europe Music Award, ZD-AWARDS, BRAVO Otto ýaly birnäçe aýdym-saz baýraklarynyň eýesidir. Bu gezekki çykyşy Nýuşanyň Türkmenistanda üçünji konserti bolar. Onuň 2022-nji ýylda Aşgabatda Täze ýylyň öňüsyrasyndaky çykyşy türkmen diňleýjileri tarapyndan gyzgyn garşylandy.

Olga Şultaýs Türkmenistanda doglan, rus pop aýdymçysy we jazyň hem-de soul-yň täsirinde estrada aýdymlaryny ýerine ýetirýän kompozitor. Onuň döredijiligi täsirli we duýgur sesler, özboluşly we janly kompozisiýalar bilen häsiýetlendirilýär.