img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
RUSSIÝA FEDERASIÝASY - MOSKWA
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

«TÜRKMENISTAN» AWIAKOMPANIÝASY AŞGABAT — MOSKWA BOÝUNÇA GATNAWLARYNY DOWAM ETDIRER

photo

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 15-nji dekabrdan Aşgabat — Moskwa — Aşgabat ugurlarynda yzygiderli ýolagçy gatnawlaryny gaýtadan dowam etdirer. Bu barada awiakompaniýanyň resmi web sahypasynda habar berildi.
Uçuşlar üçin awiapetekleri «Turkmenistan airlines» web sahypasyndan, Russiýadaky «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň baş agentliginden, şeýle hem Türkmenistandaky satuw ofislerinden satyn alyp bilersiňiz. Petekler 15, 17, 19, 20, 26 we 27-nji dekabrda bronlamak üçin elýeterlidir.