200-DEN GOWRAK TÜRKMEN MUGALLYMY RUS ÝOM-YNYŇ ÝÖRITE MAKSATNAMASY BOÝUNÇA HÜNÄRINI ÝOKARLANDYRDY

Türkmenistandan 223 mugallym Naberežnye Çelnyý döwlet pedagogika uniwersitetiniň (NSPU) ýörite goşmaça bilim maksatnamasyna üstünlikli gatnaşdy we ýedi ugur boýunça goşmaça bilim aldy.

Türkmenistanyň ýokary we umumybilim berýän mekdepleriniň mugallymlary üçin hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlary alty gün dowam etdi. Olary Russiýanyň hünärmenleri alyp bardylar diýip.

Maksatnama Türkmenistanyň Döwlet mugallymçylyk institutynyň, D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň wekilleri, şeýle hem Arkadag şäheriniň, Ahal welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň bilim edaralarynyň mugallymlary gatnaşdylar.

Türkmen bilim edaralarynyň işgärleri edebiýat, rus dili, başlangyç synplarda labyzly okaýyş, matematika, informatika, himiýa we biologiýa ýaly ugurlar boýunça hünärlerini ýokarlandyrmagy başardylar.

Şeýle görnüşdäki hyzmatdaşlyk Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda ilkinji tejribe bolup durýar, ýöne munuň geljekde-de dowam etdirilmegi meýilleşdirilýär diýip, Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň ikinji sekretary Kirill Woronkow aýtdy.