TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ YKDYSADY HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ 16-NJY SAMMITINDÄKI ÇYKYŞY
Hormatly döwlet Baştutanlary, wekiliýet ýolbaşçylary!
Hanymlar we jenaplar!
Ilki bilen, Onuň Alyhezreti, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Miromonowiç Mirziýoýewe Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy sammitiniň ýokary derejede guralandygy, mähirli myhmansöýerlik we bildirilen hormat üçin minnetdarlygymyzy ýetirmäge rugsat ediň!
Şu günki ýokary derejeli duşuşyk ählumumy ykdysady ösüşiň gidişine we ugurlaryna gönüden-göni täsir edýän çynlakaý geosyýasy wehimler bilen ýüzbe-ýüz bolunýan döwürde geçirilýär. Ol wehimler çylşyrymly häsiýetdedigine garamazdan, şol bir wagtda, täze mümkinçilikleri açýar. Bu mümkinçilikleri netijeli we döredijilikli görnüşde ulanmak, häzirki geoykdysady üýtgeşmeler babatda YHG-nyň eýe bolan ähli amatly ýagdaýlaryny herekete geçirmek ýaly meseleler, biziň pikirimizçe, ýakyn geljek üçin guramanyň esasy wezipesi bolmalydyr. Munuň üçin ähli zerur şertler bar diýip hasap edýärin.
Şu nukdaýnazardan, 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda geçirilen YHG-nyň 15-nji sammiti möhüm waka boldy. Bu ýokary derejeli duşuşyk ähmiýetli başlangyçlara we wakalara baý bolup, biziň bilelikdäki işlerimize täze itergi berdi. Onda kabul edilen Hereketleriň Aşgabat konsensusy baş resminama bolmak bilen, hyzmatdaşlygyň ähli wajyp ugurlaryny, hususan-da, söwda, ulag, aragatnaşyk, energetika, senagat, ykdysady ösüş, durmuş üpjünçiligi, daşky gurşaw, howanyň üýtgemegi ýaly meseleleri we beýlekileri öz içine alýar.
Pursatdan peýdalanyp, YHG-nyň ähli döwletleriniň Baştutanlaryna Aşgabat sammitiniň işine işjeň gatnaşandyklary we onuň üstünlikli geçirilmegine gymmatly goşantlary üçin çuňňur minnetdarlygymy bildirmek isleýärin. Şunuň bilen birlikde, “Hereketleriň Aşgabat konsensusy” atly resminamadan gelip çykýan maksatlary we wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça görülýän netijeli çäreler üçin YHG-nyň Sekretariatyna minnetdarlygymy bildirýärin.
Hormatly duşuşyga gatnaşyjylar!
15-nji sammitde kabul edilen resminamalara, kararlardyr ylalaşyklara esaslanyp, bize gysga wagtyň içinde özara gatnaşyklary kesgitlemek, wajyp ähmiýetli meseleleri açyp görkezmek we olary iş ýüzünde durmuşa geçirmäge başlamak zerur bolup durýar. Türkmenistanyň garaýşyna laýyklykda, häzirki döwürde aýratyn ähmiýete eýe bolan käbir möhüm ugurlar barada durup geçmegi maksadalaýyk hasaplaýaryn.
Ilki bilen, özara bähbitli söwda-ykdysady we maýa goýum ugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek barada bellemek isleýärin. Häzirki wagtda bu ulgamlar gatnaşyklarymyzyň esasy ugurlarynyň biri bolmalydyr.
Türkmenistan 2021-nji ýylda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklyk eden döwründe guramanyň sebitinde ykdysady geçelgeleri döretmek boýunça işe başlamagy teklip etdi. Olary harytlaryň, hyzmatlaryň we maliýe serişdeleriniň hereket etmegi üçin durnukly esasy ugurlaryň ulgamy hökmünde görýäris. Munuň üçin ýurtlarymyzyň öňdebaryjy senagat şereketleriniň, maýa goýum kompaniýalarynyň, banklarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ulgamlaýyn esasda ösdürmek zerurdyr. Bu işler häzirki zaman tilsimatlarynyň giňden ornaşdyrylmagy bilen utgaşykly alnyp barylmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, sanly tehnologiýalar we elektron söwda boýunça YHG-nyň Çarçuwaly ylalaşygyny işläp taýýarlamagy teklip edýäris.
YHG-nyň ýurtlarynyň arasyndaky söwda dolanyşygyny artdyrmak maksady bilen, serhetýaka we sebitleýin söwda mümkinçiliklerini işjeň ulanmak möhüm bolup durýar. Bu babatda biziň halklarymyzyň köpasyrlyk däp-dessurlary, döwrüň hakykatlaryny göz öňünde tutup, gaýtadan janlandyrylmagy, ulanylmagy hem-de baýlaşdyrylmagy zerur bolan gymmatly tejribesi bar. Munuň üçin amatly serhetüsti gurşawy döretmek, ylalaşylan artykmaçlyklar we ileri tutulýan ugurlar ulgamy bolan sebitleýin hyzmatdaşlygy höweslendirmek zerurdyr. Kiçi we orta telekeçiligiň üsti bilen işewür gatnaşyklaryň işjeňleşmegine, senagat önümleriniň käbir görnüşlerini, oba hojalyk önümlerini öndürmek, hyzmatlary ýerine ýetirmek babatda we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly ähmiýet berýäris.
Köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda ýurtlarymyzyň eýe bolan mümkinçilikleridir meýilleri hakynda has giňden habardar bolmak üçin anyk maglumatlary, teklipleri, işewürlik taslamalaryny we beýleki zerur maglumatlary öz içine alýan maglumat portalyny döretmek baradaky pikire seretmegi teklip edýäris.
Hormatly duşuşyga gatnaşyjylar!
Biziň ykdysady hyzmatdaşlygymyzyň diňe YHG-nyň giňişligini tutuşlygyna öz içine alýan döwrebap ulag-kommunikasiýa torlary bolan halatynda üstünlikli ösjekdigi we hakykatdan hem netijeli boljakdygy äşgärdir. Ýewraziýa ulag geçelgeleriniň tutuş yklymyň ösmegine itergi beriji güýç hökmünde ähmiýeti aýdyň görünýär we artýar. Bu işde guramamyza esasy orunlaryň biri degişlidir. Şonuň üçin möhüm infrastruktura desgalary bolan ýollary, köprüleri, çatryklary, ammarlary, terminallary we beýleki desgalary gurmak babatda hyzmatdaşlygy ileri tutulýan ugur hökmünde kabul edýäris. Amaly nukdaýnazardan, degişli döwlet edaralarynyň, hususy kompaniýalaryň gatnaşmagynda bilelikdäki ulag-logistika merkezlerini döretmek baradaky meselä seretmegi teklip edýäris.
Umuman, häzirki wagtda biziň ulag edaralarymyzyň işlerini köp babatda ylalaşykly alyp barmak we özara üstüni ýetirmek talap edilýär. Şu ýerde YHG-nyň ulag we kommunikasiýa ugurlaryny ösdürmek boýunça Maksatnamanyň durmuşa geçirilmeginiň çäginde Sekretariatyň utgaşdyrmak boýunça işiniň ähmiýetini nygtamak isleýärin.
Türkmenistan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurtlarynyň gatnaşmagynda sebitara ulag we üstaşyr geçelgeleriň döredilmegine aýratyn üns berýär. Şeýle hem Hytaýdan Merkezi Aziýanyň üsti bilen Hazar deňziniň, Pars aýlagynyň, Gara deňziň portlaryna çykmak arkaly multimodal ýük daşalmagyny ýola goýmak meseleleriniň geljekde ara alnyp maslahatlaşylmagyny ileri tutulýan ugurlaryň biri hasaplaýarys. Halkara giňişlikde maksada okgunly we ylalaşykly ulag diplomatiýasyny alyp barmagyň, ýöriteleşdirilen guramalar bolan Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasy, Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasy, halkara we sebitleýin ulag guramalary bilen işjeň iş alyp barmagyň biziň düzümimiz üçin möhümdigini bellemek gerek.
Ýene bir wajyp ugur — energetika. Dünýäniň energetika bazarlarynyň umumy durnuksyz ýagdaýda bolmagy YHG-nyň netijeli hyzmatdaşlyk modelini işläp düzmek üçin esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Bu, ilkinji nobatda, täze senagat we oba hojalygy pudaklarynyň kuwwatynyň artmagy, infrastruktura desgalarynyň gurulmagy, bilelikdäki önümçilik taslamalaryna badalga berilmegi boýunça biziň ýurtlarymyzyň barha artýan energetika isleglerini kanagatlandyrmak üçin zerurdyr.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan birnäçe bilelikdäki iri energetika taslamalaryny öňe sürdi, olara YHG-nyň käbir ýurtlary hem gatnaşýar. Biz bu guramanyň giňişligini öz içine alýan energiýa üpjünçilik ulgamyny döretmek maksady bilen, öz hyzmatdaş ýurtlarymyzy energetika ulgamynda özara işlerimizi giňeltmäge çagyrýarys. Men, öz tarapymdan, häzirki wagtda bar bolan we geljekde guruljak kuwwatlyklar arkaly YHG-nyň ýurtlaryna iberilýän tebigy gazyň hem-de elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmaga Türkmenistanyň taýýardygyny aýdyp bilerin.
Hormatly duşuşyga gatnaşyjylar!
Şu günki ýygnagyň dowamynda biziň ýurtlarymyz üçin möhüm ähmiýete eýe bolan birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Şolaryň çözgüdi YHG-nyň çäginde hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny kesgitlemäge, olaryň ýerine ýetirilmegi üçin anyk meýilnamalary we gurallary işläp düzmäge ýardam berer.
Häzirki dünýä ösüşiniň çylşyrymly döwründe biziň ýurtlarymyzyň ýolbaşçylaryna mahsus bolan umumy hoşniýetlilik, birek-birege düşünişmek, doganlyk halklarymyzyň dostlugyny, hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek arkaly umumy bähbitleriň hatyrasyna özleriniň paýhaslylygyny we öňdengörüjiligini görkezjekdigine Türkmenistan doly ynanýar.
Sözümiň ahyrynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça YHG-nyň Sekretariatyna ýokary jogapkärçilik ýüklenendigini we oňa möhüm ornuň degişlidigini nygtamak isleýärin. Guramanyň Baş sekretary jenap Husraw Nozirä hem-de Sekretariatyň ähli işgärlerine bu ugurda üstünlik arzuw edýärin we duşuşygyň netijeli geçirilmegine goşan goşandy üçin minnetdarlygymy bildirýärin.