TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNA IŞ SAPARY

Şu gün, 2023-nji ýylyň 3-nji noýabrynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň 10-njy sammitine gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş sapary boldy.

Astana şäherine ugramagynyň öňüsyrasynda, Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyz Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Askar Tažibaýew bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligiň barşynda döwletara gatnaşyklaryň däp bolan dostlukly häsiýete eýedigi bellenildi. Şol gatnaşyklar giň ugurlar boýunça yzygiderli ösdürilýär. Bellenilişi ýaly, biziň ýurtlarymyz ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn görnüşde netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen baglylykda, diplomat Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna saparynyň hem-de Türki Döwletleriň Guramasynyň sammitine gatnaşmagynyň üstünlikli bolmagyny arzuw etdi.

Ýurdumyz oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we netijelilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirip, gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi, abraýly sebit we halkara guramalar bilen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürýär. Türki Döwletleriň Guramasy bilen netijeli gatnaşyklar munuň aýdyň mysallarynyň biridir. Türkmen halkyny Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlaryň halklary bilen taryhy kökleriň, medeni-ruhy däpleriň umumylygy baglanyşdyrýar. Häzirki döwürde bu düzüme agza döwletleriň arasyndaky gatnaşyklar hil taýdan täze many-mazmun bilen tapawutlanýar. Munuň özi köpugurly netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin amatly mümkinçilikleri döredýär.

2009-njy ýylda döredilen Türki geňeşiň işi parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga, hyzmatdaşlygy, özara gatnaşyklary giňeltmäge, şeýle hem gurama agza ýurtlaryň mümkinçiliklerini ösdürmäge gönükdirilendir. 2021-nji ýylyň noýabrynda Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Stambulda geçirilen VIII sammitinde bu düzümiň ady “Türki Döwletleriň Guramasy” diýlip üýtgedildi. Azerbaýjan Respublikasy, Gazagystan Respublikasy, Gyrgyz Respublikasy, Türkiýe Respublikasy we Özbegistan Respublikasy onuň agzalary bolup durýar. Wengriýa Türki Döwletleriň Guramasynda synçy derejesine eýedir. 2021-nji ýylda bu derejäniň biziň ýurdumyza-da berlendigini bellemek gerek. Munuň özi däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň täze tapgyrynyň başlanýandygyny alamatlandyrdy.

Türkmenistan Türki Döwletleriň Baştutanlarynyň duşuşyklaryna yzygiderli gatnaşýar we uzak möhletleýin esasda guralýan hem-de umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän özara bähbitli hyzmatdaşlyga ylalaşykly çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga gönükdirilen oňyn başlangyçlary öňe sürýär.

“Türki döwür” şygary astynda geçen şu gezekki sammit guramanyň giň gerimli gün tertibini ýokary derejede ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança öwrüldi. Onuň esasy maksady türki dilli ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan, umumy taryhy-medeni mirasyň hem-de umumy diliň esasynda sebitde parahatçylyga, durnuklylyga ýardam bermekden ybarat boldy.

...Astananyň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline gelende, Gahryman Arkadagymyzy Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Alihan Smailow we doganlyk ýurduň beýleki resmi adamlary, Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary garşyladylar. Bu ýerde duşuşyga gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary galdyryldy hem-de Hormat garawuly nyzama düzüldi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Akorda” köşgüne ugrady. Köşgüň eýwanynda Gahryman Arkadagymyzy Prezident Kasym-Žomart Tokaýew mähirli garşylady.

Ýokary derejedäki duşuşygyň öňüsyrasynda däp bolan bilelikdäki resmi surata düşmek dabarasy boldy. Soňra “Gündogar” otagda türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Gazagystan Respublikasynyň Baştutanynyň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew belent mertebeli myhmany ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Gazagystana gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi we şu gezekki sapara döwletara gatnaşyklary ösdürmekde möhüm waka hökmünde garalýandygyny, onuň doganlyk ýurtlaryň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etjekdigini belledi.

Doganlyk ýurduň Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, gazak-türkmen gatnaşyklary üstünlikli ösdürilýär we strategik hyzmatdaşlygyň derejesine doly laýyk gelýär. Ýurtlarymyzyň arasyndaky ilkibaşdan deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak esasynda guralýan hyzmatdaşlyk häzirki wagtda okgunly häsiýeti bilen tapawutlanýar.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew türkmen halkynyň Milli Lideriniň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge şahsy goşandyny aýratyn belläp, Gazagystanda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň hakyky Lideri, häzirki döwrüň ajaýyp döwlet işgärleriniň biri hökmünde tanaýandyklaryny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, şu günki duşuşygyň syýasy ähmiýeti bellenildi. Bu duşuşyk häzirki döwrüň ýagdaýlaryndan we geljek üçin meýilnamalardan ugur almak bilen, ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny anyklaşdyrmak üçin amatly mümkinçilikleri döredýär diýip, dostlukly döwletiň Lideri aýtdy.

Gazagystan we Türkmenistan doganlyk, goňşy ýurtlardyr diýip, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew nygtady we umumy bähbitlere laýyk gelýän döwletara dialogy çuňlaşdyrmaga taýýardygyny tassyklady.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Gazagystanyň Baştutanyna çakylygy, mähirli kabul edendigi, myhmansöýerligi hem-de Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň 10-njy ýubileý sammitiniň çäklerinde duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejedäki nobatdaky duşuşygyň, onuň çäklerinde kabul ediljek çözgütleriň gurama gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirildi.

Türkmenistanda Gazagystan Respublikasynyň Karagandy oblastynda şahtada bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren hadysa baradaky habar gynanç bilen kabul edildi. Mümkinçilikden peýdalanyp, Halk Maslahatynyň Başlygy öz adyndan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan ýene-de bir gezek ýürekden gynanjyny bildirdi hem-de şu hasratly pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna, ýakynlaryna gynanjyny, medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmak baradaky arzuwlaryny ýetirmegini haýyş etdi.

Türkmen-gazak dialogynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşmalaryň çäklerinde söhbetdeşler Garaşsyzlyk ýyllarynda iki döwletiň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyny kanagatlanma bilen aýtdylar. Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde bu gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykyp, strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýe boldy. Şunuň bilen baglylykda, şu günki duşuşygyň iki ýurduň özara gatnaşyklaryny ösdürmek üçin täze itergi bolup hyzmat etjekdigi nygtaldy. Şunda ýokary derejedäki duşuşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde aýgytly orny bellenildi. Iki döwletiň ýolbaşçylarynyň arasyndaky hoşniýetli, ynanyşykly gatnaşyklar özara bähbitli hyzmatdaşlyga yzygiderli häsiýet berýär.

Abraýly halkara we sebit düzümleriniň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmek türkmen-gazak syýasy gatnaşyklarynda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Biziň ýurtlarymyz halkara guramalaryň çäklerinde ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri we Gazagystanyň Prezidenti iki ýurduň halkara, sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlarynyň, köplenç, golaý ýa-da gabat gelýändigini aýratyn bellediler. Biziň döwletlerimiz birek-biregiň halkara başlangyçlaryna we tekliplerine uly hormat bilen özara goldaw berýär, halkara derejede gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin şeýle ugry dowam etdirmegi maksadalaýyk hasaplaýarys diýip, söhbetdeşler aýtdylar.

Söwda-ykdysady gatnaşyklar türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda degişli çäreler görülýär. Şunuň bilen birlikde, söwda gatnaşyklarynda ep-esli ulanylmaýan mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Haryt dolanyşygyny 1 milliard amerikan dollaryna ýetirmek üçin bu mümkinçilikleri ulanmak zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça teklip eden anyk çäreleri içgin ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda haryt dolanyşygyny artdyrmak, iberilýän harytlaryň sanawyny giňeltmek boýunça iş toparynyň işini güýçlendirmek, Türkmen-gazak işewürler geňeşiniň birinji mejlisini geçirmek barada gürrüň edildi.

Şeýle hem iki döwletiň paýtagtlarynda Türkmenistanyň we Gazagystanyň söwda öýlerini açmak mümkinçiligine seretmek, Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň we Gazagystanyň Mangistau oblastynyň serhedinde serhetýaka söwda merkezini döretmek meselesini öwrenmäge girişmek teklip edildi.

Ulag ulgamy duşuşygyň esasy meseleleriniň biri boldy. Bu ulgam döwletara hyzmatdaşlygyň strategik tarapy boldy we şeýle bolmagynda-da galýar. Bellenilişi ýaly, umumy tagallalar arkaly ýurtlaryň arasynda, şeýle hem Ýewraziýa yklymynyň beýleki sebitleri bilen ýük we ýolagçy gatnawlary üçin amatly şertler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran transkontinental demir ýol gatnawynyň mümkinçiliklerini hemmetaraplaýyn peýdalanmak boýunça utgaşdyrylan çäreleri dowam etdirmegiň örän möhüm bolup durýandygy bellenildi. Şunuň bilen birlikde, gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça Pars aýlagynyň portlaryna çykmak bilen, Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran ulag geçelgesini döretmegiň netijelidigi nygtaldy. Söhbetdeşler Türkmenbaşy we Aktau portlarynyň arasynda gatnawlary işjeňleşdirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny-da nygtadylar.

Energetika ulgamy döwletara hyzmatdaşlygyň strategik ähmiýetli ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ulgamda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri barada pikir alyşmalaryň çäklerinde Türkmenistanyň Gazagystana türkmen tebigy gazyny ibermek boýunça ikitaraplaýyn gepleşikleri işjeňleşdirmäge taýýardygy tassyklanyldy. Şu maksat bilen, ýakyn wagtda iki ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň, kompaniýalarynyň arasynda duşuşyklary guramagyň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler elektroenergetika babatda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin hem gowy mümkinçilikleriň bardygyny aýtdylar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe şu gün Türkmenistanyň Baştutanynyň Balkan welaýatynda kuwwaty 1574 megawat bolan täze elektrik stansiýasynyň gurluşygyna badalga berendigini habar berdi. Täze desga Hazar deňziniň kenarynda, türkmen-gazagystan serhedinden, takmynan, 250 kilometrlikde gurlar we ol Gazagystana türkmen elektrik energiýasyny ibermek üçin goşmaça mümkinçilik berer diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklarda aýratyn orun eýeleýär. Taryhymyzyň, däp-dessurlarymyzyň, dilimiziň we ruhy gymmatlyklarymyzyň umumylygy bu gatnaşyklaryň berk binýadyny döredýär. Bellenilişi ýaly, medeniýet we sungat ulgamynyň wekilleri Türkmenistanda hem-de Gazagystanda geçirilýän halkara çärelere yzygiderli gatnaşýarlar, Medeniýet we kino günleri, bilelikdäki konsertler, maslahatlar, sergiler, festiwallar geçirilýär. Bularyň ählisi iki dostlukly halkyň ýakynlaşmagyna, köptaraply medeni gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär.

Gahryman Arkadagymyz geçen gezekki Medeniýet günlerinden bäri köp wagtyň geçendigini belläp, 2024-nji ýylda Gazagystanda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmegi teklip etdi. Mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Astana şäherinde türkmeniň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň heýkelini oturtmak baradaky başlangyjy üçin goňşy döwletiň Baştutanyna minnetdarlyk bildirdi. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe täze gurulýan Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynda gazak halkynyň pelsepeçi alymy we beýik akyldar şahyry Abaý Kunanbaý oglunyň heýkeliniň oturdyljakdygyny habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň görnükli şahsyýetlerine bagyşlanan bilelikdäki çäreleri geçirmek teklip edildi.

Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, geljek ýyl beýik türkmen şahyry, Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýiniň baýram ediljekdigini belledi. Türki medeniýetiň halkara guramasy bolan TÜRKSOÝ-nyň çäklerinde 2024-nji ýyl «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda we daşary döwletlerde duşuşyklar, forumlar, şol sanda bu guramanyň gatnaşmagynda çäreler geçiriler diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy we gazagystanly dostlarymyzy bu çärelere işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe döwletara gatnaşyklary ösdürmäge goşýan şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi we oňa berk jan saglyk, bagtyýarlyk, döwlet işinde üstünlikleri, Gazagystanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, gülläp ösüş arzuw etdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz däbe öwrülen doganlyk gatnaşyklarynyň taraplaryň bilelikdäki tagallalary arkaly iki ýurduň we olaryň halklarynyň bähbidine özara bähbitli hyzmatdaşlyk ruhunda geljekde-de depginli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow we Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň çäklerindäki şu duşuşygyň Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň ýolunda ýene-de bir möhüm tapgyr boljakdygyna, sebit we ählumumy derejede ynanyşmagy, özara düşünişmegi pugtalandyrmak işine saldamly goşant goşjakdygyna ynam bildirdiler.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň 10-njy ýubileý sammitine gatnaşdy.

Ýokary derejeli duşuşygyň öňüsyrasynda Türki Döwletleriň Guramasyna gatnaşyjy ýurtlaryň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary bilelikde resmi surata düşdüler.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew belent mertebeli myhmanlary ýene-de bir gezek tüýs ýürekden mübärekledi we olara şu sammite gatnaşýandyklary üçin hoşallyk bildirdi. Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşi häzirki wagtda doly derejeli halkara gurama öwrüldi diýip, Gazagystanyň Baştutany aýtdy we gatnaşyjy döwletleriň tutuş türki dünýäniň umumy gymmatlyklaryna ygrarlydyklaryny görkezendiklerine aýratyn ünsi çekdi. Şunuň bilen birlikde, häzirki döwürde esasy maksadyň özara ynanyşmaga we doganlyga esaslanýan jebisligi saklamakdan hem-de ony geljek nesillere ýetirmekden ybaratdygy nygtaldy. Türki dünýä dünýäniň iri döwletleri bilen deňhukukly esasda gatnaşyk saklaýar. Beýleki döwletler indi guramanyň esasy düzgünleri bilen ylalaşýarlar. Şunuň bilen baglylykda, türki halklaryň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmegiň wajypdygy barada aýdyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri sammite gatnaşyjylaryň öňünde çykyş edip, ilki bilen, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe Türki Döwletleriň Guramasynyň şu günki ýokary derejeli duşuşygyna gatnaşmaga çakylyk hem-de çäräniň ýokary derejede guralmagy babatda döredilen amatly şertler we myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Gahryman Arkadagymyz şu sammitiň ýurtlarymyzyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň has-da ösmegine we bu ugurda täze wezipeleri kesgitlemäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Bu gün syýasy gatnaşyklar Türki Döwletleriň Guramasyna gatnaşýan ýurtlaryň arasynda ýokary derejede alnyp barylýar. Biziň döwletlerimiz birek-birege özara goldaw berip, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn formatlarda, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynda we beýleki abraýly halkara düzümlerde netijeli özara hereketleri amala aşyrýarlar. Şeýle ysnyşykly gatnaşyklar häzirki özboluşly zamanda möhüm ähmiýete eýe bolýar diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Mälim bolşy ýaly, soňky döwürde halkara gatnaşyklar ulgamy öz ösüşiniň kyn döwrüni başdan geçirýär. Dürli künjeklerde, şol sanda biziň ýurtlarymyza ýakyn sebitlerde syýasy-strategik ýagdaýlar ýüze çykýar. Şunuň netijesinde, dünýä jemgyýetçiligi dürli ählumumy wehimlerdir howplar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Ählumumy parahatçylyk we howpsuzlyk ulgamyna oňaýsyz täsir edýän bu çylşyrymly hadysalardan baş alyp çykmak üçin döwletleriň tagallalaryny birleşdirmekleri, emele gelen syýasy ýagdaýlara oýlanyşykly baha bermekleri hem-de zerur bolan çözgütleri kabul etmekleri wajyp hasaplanýar. Şu babatda türkmen halkynyň Milli Lideri halkara hukuk kadalaryna, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna esaslanyp, ýüze çykýan howplara garşy göreşmegiň netijeli gurallaryny döretmegiň, bilelikdäki hereketleri ýola goýmagyň, anyk çemeleşmeleridir meýilnamalary işläp taýýarlamagyň zerurdygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan howpsuzlygyň bölünmezligi we bitewüligi baradaky garaýyşlardan ugur almak bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak baradaky başlangyç bilen çykyş etdi. Türkmen tarapy bu başlangyjyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi üçin üç ýörelgäni peýdalanmagy maksadalaýyk hasaplaýar diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Hususan-da, olar öňüni alyş diplomatiýasyny ulanmak, Bitaraplyk guralynyň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmak, ynanyşmaga esaslanýan dialog medeniýetini dikeltmek bilen baglanyşyklydyr.

Biz agzalan strategiýanyň özara düşünişmäge we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde duran gaýragoýulmasyz meseleleriň çözülmegine, galyberse-de, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmaga ýardam berjekdigine ynanýarys diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türki Döwletleriň Guramasyna gatnaşýan ýurtlaryň Türkmenistanyň Milletler Bileleşiginde öňe süren bu wajyp başlangyjyny iş ýüzünde amala aşyrmakda goldaw berjekdiklerine ynam bildirildi.

Gatnaşyklaryň halkara ölçegleri barada aýtmak bilen, Gahryman Arkadagymyz, Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň belleýşi ýaly, adamzadyň taryhy urşuň utan ýeriniň ýokdugyny tassyklaýar diýip nygtady. Atylan ok yza gaýtmaýar, ol çagamy ýa esgermi, saýgaryp durmaýar. Şunuň bilen baglylykda, Bitarap Türkmenistanyň türk Lideriniň ynsanperwer başlangyjyny goldamaga taýýardygy tassyklanyldy.

Şunuň bilen birlikde, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow halkara guramalaryň çäklerinde özara hereketleri ulgamlaýyn esasda alyp barmak üçin Türki Döwletleriň Guramasynyň ýurtlarynyň 2024-2025-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk maksatnamasyny kabul etmegi teklip etdi.

Söwda-ykdysady ugur babatda Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerinde özara gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmegi maksadalaýyk hasaplaýar. Bu babatda döwletlerimizi birleşdirýän ykdysady ugurlary görkezmek zerurdyr. Olar ulag, energetika, söwda, önümçilik kooperasiýasy we beýleki pudaklary öz içine alýar. Umuman, türki döwletleriň eýe bolan ykdysady mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda doly derejede we netijeli işe girizmegi, dünýä ösüşiniň esasy ugurlary bilen sazlaşykly alyp barmagy zerur hasaplaýarys diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.

Ulag we logistika ulgamy döwletara gatnaşyklarda wajyp orun eýeleýär.

Häzirki ählumumy durnuksyzlyk ýagdaýynda döwletlerimiziň arasynda we olaryň çäklerinden daşarda giňden ýaýran hem-de döwrebap üstaşyr ulag, logistika ulgamyny döretmek wezipesi esasy meseleleriň biri bolup durýar diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi. Bu ugurda Türkmenistan soňky ýyllarda Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän birnäçe iri üpjünçilik ulgamynyň taslamalaryny öňe sürdi. Olara Türki Döwletleriň Guramasyna girýän ýurtlar hem işjeň gatnaşýarlar.

Hususan-da, 2017-nji ýylda Aşgabatda gol çekilen degişli ylalaşyga laýyklykda, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ugry boýunça ulag geçelgesiniň döredilendigi bellenildi. Häzirki wagtda bu ulag ýoluny doly güýjünde işe girizmek babatda tagalla edilýär. Şeýle hem 2019-njy ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Hazar deňzi — Gara deňiz ulag geçelgesi döredildi we degişli köptaraplaýyn resminama gol çekildi. Mundan başga-da, Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan ugry boýunça Hazar deňzine çykjak, soňra bolsa Azerbaýjana we Türkiýä uzajak ulag geçelgesini döretmek babatda hem işler alnyp barylýar.

Diňe ýokarda görkezilen käbir mysallar türki döwletleriň gatnaşmagynda döredilýän Hazarüsti ulag geçelgeleriniň zerurlygyny we netijeliligini aýdyň görkezýär diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy hem-de üstaşyr ulag gatnawlaryny işjeňleşdirmek üçin Türkmenistanyň logistika hem-de üpjünçilik ulgamynyň mümkinçiliklerini ulanmagy teklip etdi.

Ýene bir möhüm ugur hökmünde energetika ulgamy görkezildi. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan baý nebit-gaz gorlaryna eýe bolmak bilen, energiýa serişdeleriniň dünýä bazaryna ygtybarly we howpsuz ýagdaýda iberilmegi baradaky syýasaty alyp barýar. Ylaýta-da, türkmen tebigy gazynyň we elektrik energiýasynyň goňşy ýurtlara, sebitiň döwletlerine iberilmegi babatda işler amala aşyrylýar. Bu ugurda Türki Döwletleriň Guramasynyň düzümine girýän ýurtlar bilen ysnyşykly gatnaşyklar alnyp barylýar. Häzirki wagtda Türkmenistan goňşy we doganlyk ýurtlar bolan Özbegistana, Azerbaýjana öz tebigy gazyny iberýär diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri türkmen tebigy gazyny Hazar deňziniň üsti bilen Azerbaýjana, Türkiýä we geljekde dünýä bazarlaryna çykarmak üçin mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, bu babatda ýakyn wagtda doganlyk ýurtlar bilen ähli zerur bolan meseleleriň çözülip, degişli işleriň amala aşyryljakdygyna ynam bildirdi.

Gahryman Arkadagymyz elektrik energetikasy barada durup geçip, bu gün Türkmenistanyň goňşy doganlyk ýurtlar bolan Özbegistana we Gyrgyzystana öz elektrik energiýasyny iberýändigini belledi. Biz öňümizdäki döwürde elektrik energiýasyny Hazar deňziniň üsti bilen doganlyk Azerbaýjana, Türkiýä hem iberip bileris. Hut şu günüň özünde Hazar deňziniň türkmen kenarynda, Türkmenbaşy şäheriniň ýanynda kuwwaty 1574 megawat bolan täze, döwrebap elektrik stansiýasynyň düýbi tutuldy diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy.

Durmuşa geçirilýän bilelikdäki işleri güýçlendirmek we hukuk taýdan berkitmek maksady bilen, Türki Döwletleriň Guramasynyň düzümine gatnaşýan ýurtlar tarapyndan energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça “Ýol kartasynyň” taýýarlanylmagyny maksadalaýyk hasaplaýaryn diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.

Medeni-ynsanperwer gatnaşyklar meselesine aýratyn üns berildi. Taryhy, medeniýeti, dili we däp-dessurlary birmeňzeş bolan türki döwletleriň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklar köpugurly hyzmatdaşlygyň gün tertibinde möhüm orun eýeleýär. Bu ulgamda amala aşyrylýan özara ysnyşykly hereketler dost-doganlygyň, birek-birege hormat goýmagyň, özara ynanyşmagyň, goldaw bermegiň esasynda ulgamlaýyn ösdürilýär. Medeniýet, sungat, ylym-bilim we sport babatda hyzmatdaşlygyň berkidilmegi netijesinde ýurtlarymyzyňdyr halklarymyzyň özara ýakynlaşmagyna oňyn şertler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn medeni çäreleri ýygy-ýygydan geçirmegi, hususan-da, Türki döwletleriň bilelikdäki Medeniýet gününi guramagy teklip etdi.

Şol bir wagtda, Türki halklaryň medeniýetiň halkara guramasy bolan TÜRKSOÝ-nyň çäklerinde gatnaşyklarymyz ýokary derejede dowam etdirilýär diýip, Gahryman Arkadagymyz kanagatlanma bilen belledi we TÜRKSOÝ-nyň medeni-ynsanperwer ugurda möhüm işleri alyp barýandygyny nygtamak bilen, onuň çäklerinde bilelikde geçirilýän çäreleriň giňeldilmegini maksadalaýyk hasaplaýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, 2024-nji ýylda belleniljek meşhur türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi hem-de Türkmenistanyň gadymy Änew şäheriniň «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli halkara derejede birnäçe çäreleri geçirmegi meýilleşdirýäris. Biz bu ugurda halkara hyzmatdaşlyga, hususan-da, türki halklar bilen bilelikdäki işleriň durmuşa geçirilmegine uly ähmiýet berýäris diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady. Mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşýanlary öňümizdäki ýyl geçiriljek dabaralara gatnaşmaga çagyrdy.

Şunuň bilen birlikde, ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport we beýleki ugurlarda amala aşyrylýan işleri has-da berkitmegiň maksadalaýykdygy nygtaldy. Hususan-da, ylmy-barlag institutlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, öňdebaryjy ylmy merkezleriň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek teklip edildi.

Çykyşynyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow şu günki sammitiň örän ähmiýetli waka bolmak bilen, türki dilli döwletleriň özara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge itergi berjekdigine berk ynam bildirdi we hemmelere ýokary jogapkärli döwlet işlerinde uly üstünlikleri, doganlyk halklara bolsa abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdi.

Şeýle hem sammitde guramanyň häzirki başlygy Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban, Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýew çykyş etdiler.

Ýokary derejeli duşuşyga gatnaşyjylar ähli ulgamlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň hem-de guramanyň abraýyny ýokarlandyrmak üçin tagalla etmegiň zerurdygyny bellediler. Türki Döwletleriň Guramasyna gatnaşyjy ýurtlarda telekeçileri goldamaga gönükdirilen Türki maýa goýum gaznasyny döretmegi öňe sürlen esasy başlangyçlaryň hatarynda görkezmek bolar. Şeýle hem logistikany we ulag gatnawlaryny ösdürmäge, täze ugurlary giňeltmäge uly üns berler.

Sammitiň barşynda bu düzümde başlyklyk etmek Gazagystana geçirildi.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew jemleýji sözünde Gazagystan Respublikasynyň guramada başlyklyk etmeginiň “Türki döwür” ýa-da “Turktime” şygary astynda geçjekdigini belledi. Munuň özi ileri tutulýan ugurlaryň sekizisini: däpler (Traditions), unifikasiýa (Unification), reformalar (Reforms), bilim (Knowledge), ynam (Trust), maýa goýumlar (Investments), mediasiýa (Mediation) we energiýa (Energy) ýaly ugurlary şöhlelendirýär. Goňşy döwletiň Baştutany öz çykyşynda şol ugurlaryň her biri barada jikme-jik durup geçdi. Sammitiň netijeleri boýunça guramanyň öňünde täze maksatlar we wezipeler goýuldy.

Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, Gahryman Arkadagymyz Astananyň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline ugrady. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Liderini Gazagystanyň Premýer-ministri Alihan Smailow we doganlyk ýurduň beýleki resmi adamlary ugratdylar.

Aşgabadyň Halkara howa menziline gelende, Gahryman Arkadagymyzy resmi adamlar garşyladylar.

Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen söhbetdeş boldy. Diplomat Gahryman Arkadagymyzy iş saparynyň üstünlikli geçmegi bilen tüýs ýürekden gutlady. Bellenilişi ýaly, Milli Liderimiziň bu gezekki sapary iki doganlyk ýurtlaryň arasyndaky dürli ugurlar boýunça yzygiderli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynda täze tapgyr boldy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň 10-njy sammitiniň türki dünýäniň ýurtlarynyň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň berkidilmeginde nobatdaky ädime öwrülendigini belledi. Gahryman Arkadagymyz sammitiň dowamynda öňe sürlen başlangyçlary iş ýüzünde amala aşyrmakda Türkmenistanyň mundan beýläk-de goldaw berjekdigini nygtady. Bellenilişi ýaly, sammitde kabul edilen çözgütler türki döwletleriň ykdysady mümkinçiliklerini doly derejede peýdalanmak babatda uly ähmiýete eýedir.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de giňeldiljekdigine ynam bildirdi.