TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNA IŞ SAPARY BAŞLANDY
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary bilen bardy.
Milli Liderimiziň Aşgabatdan ugran uçary Pekiniň «Şoudu» howa menziline gondy. Howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy Hytaý Halk Respublikasynyň resmi adamlary garşyladylar.
Saparyň çäginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşar we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşyk geçirer.
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy uzak möhletleýin häsiýete eýe bolup, ýurtlarymyz tarapyndan gol çekilen strategik hyzmatdaşlygy ýola goýmak barada bilelikdäki Jarnama laýyklykda guralýar. Şu ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Hytaýa bolan döwlet saparynyň we şol saparda HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen geçiren duşuşygynyň netijeleri boýunça iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň derejesiniň hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlyga tarap ýokarlanjakdygy barada habar berildi.
«Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahaty Merkezi Aziýanyň, Ýewropanyň we Afrikanyň 60-dan gowrak ýurduny birleşdirýän täze söwda-transport geçelgelerini döretmek, häzirki hereket edýänlerini bolsa kämilleşdirmek boýunça Hytaýyň halkara başlangyjy bolup durýar. Şeýle hem maslahat şol ýurtlar bilen Hytaýyň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň ösmegine ýardam berer.