ALEKSEÝ OWERÇUK RAŞID MEREDOW BILEN AŞGABATDAKY DUŞUŞYK BARADA PIKIRINI PAÝLAŞDY

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçuk Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen bolan duşuşykdan soň, Moskwa bilen Aşgabatyň arasynda ýakyn gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny aýtdy. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Ministrler Kabinetiniň web sahypasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklarynyň mejlisinden soň habar berildi.

«Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda örän ýakyn aragatnaşyk ýola goýuldy. Ýurdumyzyň wekiliýetleri Aşgabat şäherine yzygiderli sapar guraýarlar. Meniň üçin şu günki saparymyz şu ýyldaky üçünji sapar we her gezek hyzmatdaşlygymyzyň ösmegine gowy itergi berýär.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklarynyň duşuşklaryny ýerine ýetirilen işler barada hasabat bermäge, hökümetara toparynyň egindeş başlyklarynyň derejesinde ünsi talap edýän meseleleri kesgitlemäge mümkinçilik hasaplaýarys» diýip, duşuşykdan soň Alekseý Owerçuk belläp geçdi.

«Kärdeşim, Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistan daşary işler ministri Raşid Öwezgeldiýewiç Meredow bilen meseleleriň ähli toplumyny içgin gözden geçirdik, üç sagatdan gowrak wagtyň dowamynda hemme zady jikme-jik ara alyp maslahatlaşdyk we hökümetara rus-türkmen toparynyň mejlisine taýýarlyk görmekde çynlakaý öňegidişlik gazandyk» diýip, A.Owerçuk aýtdy.

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow bilen öz ýurdunyň wekilçilikli toparynyň ýolbaşçylygynda Aşgabatda saparda bolan Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary A.Owerçugyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan energetika, ulag-logistika pudaklarynda, medeni-ynsanperwer ugurda iki döwletiň oňyn özara gatnaşyklary alyp barýandyklary barada umumy pikiri beýan etdiler.