TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOW HATYRA GÜNI MYNASYBETLI ÇÄRELERE GATNAŞDY

Şu gün, 2023-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda, — Hatyra gününde Türkmenistanda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary, şeýle hem ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar hasrat bilen ýatlanýar. Paýtagtymyzdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak hatyra çäresine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

...Şol agyr ýyllardan bäri näçe wagt geçse-de, häzirki nesliň Watanyň edermen goragçylarynyň görkezen gahrymançylyklaryna goýýan hormat-sarpasy belentdir. Çünki olar nesilleriň nurana geljeginiň hatyrasyna öz janlaryny pida etdiler.

Aýratyn ähmiýetli seneleri bilelikde bellemek däbi asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýar. Munuň özi ata-babalarymyzdan gelýän asylly däpdir. Nesilleriň bu agzybirligi we jebisligi häzirki türkmen jemgyýetinde mizemezdir. Halkymyza mahsus bolan ruhubelentlik bilen birlikde, jebislik ähli kynçylyklary hem-de ýitgileriň yzasyny hemişe ýeňip geçmäge kömek edipdir. Türkmen halkynyň taryhynda şeýle wakalar ençeme gezek bolup geçipdi. Mähriban topragymyza çäksiz söýginiň, agzybirligiň, öz güýjüne ynamyň we durmuşy söýmegiň netijesinde, türkmen halky agyr ýitgilere sezewar bolanda-da kynçylyklary ýeňip geçmegi başarypdyr. Paýtagtymyzyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumy milli gahrymanlarymyza çuňňur sarpanyň, halkymyzyň beýik geçmişine hormatyň özboluşly nyşanydyr.

Şu gün ir bilen ildeşlerimiziň müňlerçesi «Ruhy tagzym», «Milletiň ogullary», «Baky şöhrat» ýadygärliklerine gül desselerini goýmak bilen, halkymyzyň gahrymanlaryny hatyralady. Hatyralamak däbi halkymyzyň müňlerçe ýyla uzaýan ruhy-medeni gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegidir. Biz bu gün pajygaly Aşgabat ýertitremesinde pida bolan ildeşlerimizi, Gökdepe galasynyň edermen goragçylaryny, şeýle hem 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunyň gahrymanlaryny hatyralaýarys.

Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy ýadygärlikler toplumynyň öňündäki meýdançada saklanýar. Bu ýerde Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow bellenen ýere barýar. Soňra Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar.

Gurban bolan Watan goragçylary we tebigy betbagtçylykda ömür tanapy kesilenler baradaky halk hasratynyň özboluşly sazly senasyna öwrülen gamgyn «Keçpelek» sazy ýaňlanýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde gurban bolanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralamak üçin «Ruhy tagzym» ýadygärligine gül çemenini goýdy.

...75 ýyl ozal tebigy betbagtçylyk Aşgabady düýbünden weýran edip, öwezini dolup bolmajak ýitgä sezewar etdi. Bu pajygaly wakanyň elhenç ýatlamalary henizem halkymyzyň ýüreginde ýaşaýar. Tebigy betbagtçylyk zerarly ömür tanapy kesilen watandaşlarymyzyň atlary hakydamyzda baky galar. Güýçli sarsgyn bilen sähel pursatda türkmen paýtagtyny weýran eden şol pajygaly gijede diri galanlar batyrlyk, tutanýerlilik, gaýduwsyzlyk we çydamlylyk görkezdiler.

Döwlet Baştutanymyz çuňňur hasratyň nyşany hökmünde baş egdi.

Şol aýylganç gijäniň wakalary hormatly Prezidentimiziň garry atasy, 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunyň weterany Berdimuhamet Annaýewiň hem ömür tanapyny kesdi. Beýik şahsyýetiň çeken yhlasly zähmeti, türkmen döwletiniň öňünde bitiren hyzmatlary müdimilik ýatda galar.

Häzirki wagtda Aşgabat ak mermerli şähere öwrüldi. Onuň täze keşbinde ata-babalarymyzyň, ýurdumyzyň ýagty geljegi, türkmen halkynyň geljek nesilleriniň bagtly ykbaly baradaky arzuw-umytlary jemlenýär. Agyr synaglardan geçen paýtagtymyz gaýtadan dikeldildi we parahatçylygyň, asudalygyň, abadançylygyň mekanyna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňde goýan möhüm wezipeleriniň biri hem Aşgabady milli däpleriň, öňdebaryjy şähergurluşyk ýörelgeleriniň esasynda ösdürmekden ybaratdyr. Giň gerimli taslamalar şu maksada ýetmäge gönükdirilendir. Bu taslamalar sebitiň hem-de dünýäniň iri işewürlik, ylmy, medeni we sport merkezi hökmünde türkmen paýtagtynyň şan-şöhratynyň has-da artdyrylmagyna ýardam edýär.

Döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen lukmançylyk merkezleriniň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň, sport toplumlarynyň, medeni-durmuş maksatly desgalaryň yzygiderli gurulmagy ýurdumyzyň garaşsyz ösüşiniň täze eýýamynyň nyşanydyr. Amala aşyrylýan özgertmeler Türkmenistanyň ösüşine we rowaçlygyna, ilatymyzyň abadançylygyny artdyrmaga, her bir maşgalanyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

2023-nji ýylda ýurdumyzda bolup geçen esasy taryhy wakalaryň biri hem 29-njy iýunda kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan Arkadag şäheriniň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli guralan dabaraly çärelerdir. Bu ajaýyp şäheriň açylmagy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýän ägirt uly özgertmeleriň aýdyň beýanydyr.

Halkymyzyň şöhratly taryhynyň gözbaş alýan gadymy topragynda bina edilen bu şäher durmuş ulgamyna öňdebaryjy sanly, maglumat-kommunikasiýa we «ýaşyl» tehnologiýalar ornaşdyrylan «akylly» şäher taslamasynyň ajaýyp nusgasydyr. Bu ýerde milli binagärligiň iň gowy däpleri şähergurluşyk hem-de dizaýnyň häzirki zaman meýilleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Ähli babatda, şol sanda tebigata aýawly çemeleşmekde halkara ölçeglere laýyk gelýän degişli düzümler ýaşaýjylar üçin amatly we oňaýly şertleri üpjün edýär. Şäher durmuşynyň ähli ulgamlaryna innowasion sanly tehnologiýalar giňden ornaşdyrylan, Merkezi Aziýa sebitinde ýeke-täk täze, «akylly» şäheriň açylmagy Watanymyzyň ýyl ýazgysyna taryhy ähmiýetli aýratyn möhüm waka hökmünde altyn harplar bilen ýazyldy.

...Çäräniň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow faşizme garşy söweşde wepat bolan türkmenistanly esgerleriň hem-de mähriban Watanymyzyň erkinligi, onuň bagtyýar geljegi ugrundaky söweşlerde baş goýan gahrymanlaryň hatyrasyna bina edilen «Milletiň ogullary» we «Baky şöhrat» ýadygärliklerine gül çemenlerini goýdy. Türkmen topragynyň merdana ogullary baradaky synmaz hakydanyň nyşany hökmünde «baky ot» ýanyp dur.

Halkymyz Watana wepaly gulluk etmegiň mizemez nusgasy bolanlaryň öňünde baş egýär, aramyzda ýaşap ýören gahrymanlar — weteranlar we söweşlerde wepat bolan esgerleriň maşgalalary uly üns-alada bilen gurşalýar. Ata-babalarymyzyň görkezen gahrymançylyklary ýurdumyzyň ýaş nesilleri üçin nusgalykdyr. Watanymyzyň azatlygy ugrunda göreşen pederlerimiziň şöhraty halkymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Ildeşlerimiziň müňlerçesi Beýik Watançylyk urşunyň söweş meýdanlarynda mertligiň, harby borja wepalylygyň, eziz topragymyza çäksiz söýginiň ajaýyp nusgasyny görkezdiler. Şolaryň hatarynda döwlet Baştutanymyzyň garry atasy Berdimuhamet Annaýew hem bar. Berdimuhamet aganyň durmuş ýoly türkmen ýaşlary üçin hakyky watansöýüjiligiň, borja wepalylygyň mekdebidir.

Soňra Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, milli parlamentiň deputatlary, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary gül desselerini goýýarlar. Syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, talyplar, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary hem olara goşuldylar. Sanlyja wagtyň içinde gül desseleri ýadygärlikleriň öňüni örtdi.

Hakyda halkyň ruhy dünýäsiniň aýrylmaz bölegidir. Ol nesilleriň arasyndaky arabaglanyşyk bolup, durmuşy aýratyn, çuň many-mazmuna eýleýär, geçmişe nazar aýlap, geljege ynamly garamaga mümkinçilik berýär. Geçmiş taryhyny bilýän hem-de oňa hormat goýýan jemgyýetde ruhubelentlik höküm sürýär. Ol milletiň watansöýüjilik we döredijilik mümkinçiliklerini birleşdirmäge, durmuşa geçirmäge ýardam edýär.

Biziň hakydamyz, ýaşuly nesle bolan çäksiz hoşallygymyz parahatçylygy pugtalandyrmaga, Garaşsyz türkmen döwletiniň okgunly ösmegine, jemgyýetde belent ynsanperwer däpleri aýawly saklamaga gönükdirilen anyk işlerde öz beýanyny tapýar.

Çäre tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Hatyralamak çäreleri, paýtagtymyzda bolşy ýaly, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem geçirildi. Wepat bolanlaryň ruhuna aýat-töwirler okaldy, sadakalar berildi.

«Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda geçirilen çäre beýik pederlerimiziň däpleriniň dowam etdirilýändiginiň, halkymyzyň ruhubelentligini artdyrmagyň hatyrasyna nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygynyň nobatdaky aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Biz öten-geçenleri hemişe ýatlaýarys. Garaşsyz Watanymyzda döretmegiň, parahat we bagtyýar durmuşda ýaşamagyň, zähmet çekmegiň bähbidine mundan beýläk-de güýç-gaýratymyzy gaýgyrmarys.