GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW GFR-IŇ FEDERAL KANSLERI OLAF ŞOLTS BILEN BOLAN DUŞUŞYGA GATNAŞDY

Günüň ikinji ýarymynda Berlin şäherinde iş saparyny amala aşyrýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň wekiliýetleriniň ýolbaşçylarynyň GFR-iň Federal Kansleri Olaf Şolts bilen geçirilen duşuşygyna gatnaşdy.

TDH-niň berýän habaryna görä, işewürlik günortanlyk nahary görnüşinde geçirilen çärä şeýle hem Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar.

Habarda bellenilişi ýaly, pikir alyşmalaryň çäklerinde ykdysady gatnaşyklaryň ilerledilmegine täze itergi berjek giň gerimli, geljegi uly bilelikdäki taslamalaryň «Merkezi Aziýa + Germaniýa» formatyndaky netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam etjekdigi nygtaldy.

Taraplar ähli ugurlarda, ilkinji nobatda bolsa, söwda, ulag-üstaşyr, energiýa serişdeleriniň iberilýän ugurlaryny giňeltmek, täze kommunikasiýalary çekmek ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň kesgitlenilmegi altytaraplaýyn gatnaşyklara kuwwatly itergi berer we döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň binýadyny berkider.