TÜRKMEN-GERMAN IŞEWÜRLIK MASLAHATY: YKDYSADY HYZMATDAŞLYGYŇ UGURLARY ANYKLAŞDYRYLDY

Şu gün, 2023-nji ýylyň 29-njyi sentýabrynda, GFR-iň paýtagtynda Türkmen-german işewürlik maslahaty geçirildi. Maslahata türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Ýurdumyzda we onuň çäkleriniň daşynda geçirilýän işewürlik duşuşyklarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döwletimiziň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerini, Türkmenistanyň maýa goýum kuwwatyny açyp görkezmek üçin meýdança bolup hyzmat edýändigini bellemek gerek. Daşary ýurtly gatnaşyjylar üçin bolsa şeýle duşuşyklar özleriniň geljegi uly taslamalaryny tanyşdyrmagy babatda oňat mümkinçilikdir. Däbe öwrülen şeýle forumlar dürli pudaklara maýa goýumlaryň gelýän möçberini artdyrmaga, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge, ykdysady ösüşi çaltlandyrmaga we milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Bu forumlarda döwletara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň täze ýollarydyr gurallary kesgitlenilýär.

Berlindäki “Marriott” myhmanhanasynyň mejlisler zalyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary we Türkmenistanyň esasy pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary ýygnandylar. Kabul edýän tarapdan bu çärä GFR-iň esasy ministrlikleriniň, German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň, Kiçi we orta kärhanalaryň federal birleşiginiň wekilleri, iri banklaryň hem-de dürli ulgamlarda işleýän onlarça kompaniýalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Germaniýaly hyzmatdaşlar üçin ýurdumyzda öndürilýän önümleriň sergisi guraldy. Sergide özara gatnaşyklaryň esasy ugurlary we geljegi beýan edilip, dokma we haly önümleriniň köp görnüşleri, milli amaly-haşam sungatynyň eserleri görkezildi.

Maslahaty alyp baryjylar duşuşygy açyp, nobatdaky Türkmen-german işewürlik maslahatynyň esasy maksadynyň hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny anyklaşdyrmakdan we geljekki netijeli gatnaşyklary meýilleşdirmek üçin möhüm teklipleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdygyny bellediler. Çykyş edenler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada aýdyp, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň okgunly ösmeginiň döwletara dialogyň ýokary derejesiniň görkezijisi bolup durýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Şunda bilelikdäki Türkmen-german iş toparynyň işine we şeýle çärelere wajyp orun degişlidir.

Germaniýa ýurdumyzyň esasy işewür hyzmatdaşlarynyň hatarynda çykyş edýär. Iri german işewür düzümleri bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklar, şeýle hem çärä gatnaşyjylaryň giň düzümi GFR tarapyndan ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şunuň bilen birlikde, german kompaniýalarynyň türkmen bazaryna ilkinjileriň hatarynda gelendigi bellenildi. Olar indi ençeme ýyllardan bäri dürli ulgamlarda üstünlikli işleýärler. Häzirki güne çenli ýurdumyzda german maýasynyň gatnaşmagynda umumy möçberi ABŞ-nyň 1,6 milliard dollaryna golaý bolan maýa goýum taslamalarynyň we şertnamalarynyň 196-synyň bellige alnandygy muňa aýdyň mysaldyr. GFR-iň işewür toparlarynyň wekilleri, şol sanda “Siemens”, “Daimler”, “СLAAS”, “Rohde & Schwarz”, “Dresser-Rand” we beýleki kompaniýalar uzak möhletli bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga saldamly goşant goşýarlar.

Ýöne, nygtalyşy ýaly, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny, ýokary tehnologiýaly önümçilikleriň giňden ornaşdyrylmagyny, işjeň sanlylaşdyrmagy, infrastrukturanyň okgunly ösdürilmegini nazara almak bilen, iki ýurduň mümkinçiliklerini has netijeli ulanyp bolar. Türkmenistanyň wekilleriniň çykyşlarynda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyna, dürli pudaklarda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmelere hemmetaraplaýyn baha berildi, bu ulgamlaryň has ähmiýetli görkezijileri we olary ösdürmegiň geljegi barada aýdyldy. Ykdysady özgertmeleriň innowasion ugruna, daşary ýurt kompaniýalarynyň netijeli işlemegi üçin amatly maýa goýum ýagdaýynyň hem-de oňaýly şertleriň bardygyna aýratyn üns berildi.

Taraplar ykdysady gatnaşyklaryň täze hili barada aýdyp, hyzmatdaşlygyň ýokary tehnologik we innowasion häsiýete eýe bolmalydygyny biragyzdan bellediler. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda german kompaniýalarynyň netijeli işlemegi üçin oňaýly şertleri hödürlemäge taýýardyr. Türkmen ykdysadyýeti oňyn pikirler we teklipler, jogapkärli, ygtybarly hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdyr. Şu gezekki foruma hem uzak möhletli söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmekde möhüm ädim hökmünde garalýar.

GFR-iň iri holdingleriniň ýolbaşçylary we wekilleri dünýä ykdysadyýetiniň ählumumylaşmagy şertlerinde döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze ugurlary babatda öz garaýyşlaryny beýan etdiler. Hususan-da, çykyş edenler türkmen hyzmatdaşlaryna gurluşykda, ulag-kommunikasiýalarda we energetika ulgamlarynda, maliýe-bank ulgamynda özleriniň öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryny, innowasion tehnologiýalaryny hödürlemäge taýýardyklaryny beýan etdiler. Bilim, ylym we medeniýet, saglygy goraýyş, syýahatçylyk baradaky meseleler hem içgin ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar medeni-ynsanperwer ulgamda hem bilelikde üstünlikli işlemegiň baý tejribesini topladylar, şol sanda türkmen we german alymlarynyň golýazma mirasyny aýawly saklamak, arheologik gözlegleri geçirmek ulgamyndaky netijeli gatnaşyklary ýola goýuldy.

Arakesmeden soňra, işewürlik maslahaty türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirildi. Ýygnananlar Gahryman Arkadagymyzy ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Milli Liderimiz maslahata gatnaşyjylaryň öňünde giňişleýin çykyş etdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetine şu duşuşygy gurandygy üçin minnetdarlyk bildirip, şeýle görnüşdäki forumyň indi ençeme gezek geçirilýändigini belledi.

Geçen ýyllaryň dowamynda iri german işewür toparlarynyň wekilleri ençeme gezek türkmen kärdeşleri bilen duşuşdylar, hyzmatdaşlygyň ugurlaryny we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri şu gün hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga hil taýdan täze itergi bermegiň, bilelikdäki işleri meýilleşdirmek üçin iki tarapyň hem anyk isleglerini öwrenmegi maksat edinýän netijeli dialogyň dowam etdiriljekdigine ynam bildirip, bu ýere ýygnanan dostlarymyzy, ozaldan gelýän hyzmatdaşlarymyzy — german kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny tüýs ýürekden mübärekledi.

Duşuşygyň şeýle wekilçilikli düzümde geçmegine ýurduň işewür toparlarynyň Türkmenistana bolan uly gyzyklanmasy, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge bolan ymtylmasy hökmünde garalýar.

Umuman, türkmen-german gatnaşyklarynyň häzirki günde ähli esasy ugurlary öz içine alyp, işjeň ösdürilýändigini bellemek gerek. Dürli ýyllarda ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem halkara formatlaryň çäklerinde geçirilen ýokary derejedäki duşuşyklar bar bolan hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm orny eýeleýär. Bu duşuşyklar syýasy hyzmatdaşlygyň esasy binýadyny goýdy, ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk etmek üçin amatly şertleri döretdi.

Men Germaniýa amala aşyran öňki saparlarymyň dowamynda Germaniýanyň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşyklarymyzda gatnaşyklarymyzy ösdürmäge we pugtalandyrmaga bolan gyzyklanmany duýýardym diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy hem-de iki tarapyň tagallalarynyň anyk netijeleri berendigini, onuň häzirki günde hyzmatdaşlygymyzy ösdürmek üçin binýat bolup hyzmat edýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Ykdysadyýet GFR bilen gatnaşyklarymyzyň ileri tutulýan möhüm ugry bolup durýar. German kompaniýalaryna ygtybarly we uzak möhletleýin hyzmatdaşlar hökmünde garaýarys. Olar ýokary hünär derejesi, hyzmatdaşlyk meselelerine jogapkärli çemeleşýändikleri bilen tapawutlanýarlar hem-de Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegiň özara bähbitlidigine düşünýärler. Biz şeýle çemeleşmäni goldaýarys we german işewürleriniň türkmen bazaryndaky alyp barýan işlerini mundan beýläk-de höweslendireris. “Siemens”, “Daimler”, “СLAAS”, “MANN”, “Rohde & Sсhwarz” nemes kompaniýalarynyň Türkmenistandaky köpýyllyk we netijeli işini şeýle hyzmatdaşlygyň üstünlikli mysaly hökmünde getirmek bolar diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi.

Umuman, ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlyk yzygiderli we depginli ösdürilýär. Şunuň bilen birlikde, ilkinji nobatda, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri giňden ornaşdyrmagy, infrastrukturany depginli ösdürmegi nazara almak bilen, bilelikdäki mümkinçilikleri has netijeli ulanyp boljakdygy äşgärdir. Täze maýa goýumlary çekmek, bilelikdäki kärhanalary döretmek, döwrebap hyzmatlary ýola goýmak üçin mümkinçilikleri açýan hem-de hakykatdan-da, ykdysady hyzmatdaşlygymyza itergi berjek giň gerimli bilelikdäki taslamalaryň gerek bolan tapgyryndadygymyza berk ynanýaryn diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, GFR-iň işewür düzümleriniň wekillerine hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary boýunça işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmegiň birnäçe mümkinçiliklerine garamak teklip edildi.

Energetika ulgamy möhüm ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň nebitgaz toplumy üçin Germaniýanyň kompaniýalarynyň tehnikalaryny we enjamlaryny getirmek meselesini ara alyp maslahatlaşmaga, Gün batareýalaryny peýdalanmak boýunça german tehnologiýalaryny Türkmenistanda ornaşdyrmagyň mümkinçiligini öwrenmäge taýýardygyny beýan etdi. Şeýle hem ýurdumyzda ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek maksady bilen, Germaniýanyň wodorod energetikasy boýunça tejribesini öwrenmäge isleg bildirildi.

Oba hojalyk pudagynda Türkmenistan bilen “СLAAS” kompaniýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň köpýyllyk oňyn tejribesini nazara almak bilen, innowasion çemeleşmeli, öňdebaryjy “ýaşyl” tehnologiýalary we sanly ulgamy işjeň ulanmak arkaly hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerine geçmek teklip edildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi hem-de “СLAAS” kompaniýasy bilen bilelikde ýurdumyza oba hojalyk tehnikalarynyň, enjamlaryň we ätiýaçlyk şaýlaryň nobatdaky tapgyryny getirmek üçin önüm öndürijileriň birleşigi döredildi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen hünärmenleriniň bu kompaniýanyň täjirçilik teklibini amala aşyrmak meselelerine girişmäge taýýardyklary aýdyldy.

Çykyşynyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Germaniýanyň işewür toparlaryny Türkmenistanda döwrebap ulag infrastrukturalaryny we kommunikasiýalaryny gurmak boýunça taslamalara özleriniň gatnaşmak mümkinçiliklerini içgin öwrenmäge çagyrdy. Häzirki günde ýurdumyzda täze awtomobil we demir ýol ulag halkalarynyň, geçelgeleriň gurluşygy, howa we deňiz portlarynyň infrastrukturasynyň döwrebaplaşdyrylmagy giň gerimde alnyp barylýar diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy we iki ýurduň ulag edaralarynyň, assosiasiýalarynyň hem-de kompaniýalarynyň arasynda yzygiderli esasdaky iş duşuşyklaryny ýola goýmagy teklip etdi. Bellenilişi ýaly, duşuşygyň gün tertibine german kompaniýalarynyň Türkmenistanda ulag infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmaga, hyzmat ediş merkezlerini döretmäge, ulag ugry boýunça hünärmenleri taýýarlamaga gatnaşmagy ýaly meseleleri girizmek bolar.

Şeýle hem “Deutsche Bahn Holding” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyga, şeýle hem üstaşyr ulag ulgamynda bar bolan kuwwaty we logistikanyň mümkinçiliklerini netijeli ulanmagyň hasabyna awtoulag, deňiz gatnawlary ulgamynda hyzmatdaşlyga gyzyklanma beýan edildi. Raýat awiasiýasy ulgamynda, hususan-da, iki ýurduň arasynda howa gatnawlaryny ösdürmek babatda, Türkmenistanyň howa menzillerini bilelikde dolandyrmak mümkinçiliklerini artdyrmakda, şol sanda bu taslamalary durmuşa geçirmek üçin degişli hukuk binýadyny taýýarlamakda hyzmatdaşlyk meselelerine aýratyn üns berildi.

Himiýa senagatynda german kompaniýalarynyň Türkmenistandaky “Tejenkarbamid” zawodynda abatlaýyş-dikeldiş hem-de bölekleýin döwrebaplaşdyrmak işlerini geçirmek boýunça taslama gatnaşmak mümkinçiligini öwrenmek teklip edildi. Meselem, “ThyssenKrupp” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk maksadalaýyk hasaplanýar. Şol bir wagtyň özünde, german hyzmatdaşlarymyz bilen Türkmenistanda Garlyk kaliý dag-magdan toplumyny taslama kuwwatlyklaryna çykarmak we ösdürmek boýunça täze toplumlaýyn taslamany durmuşa geçirmegiň mümkinçiligi baradaky gepleşikleri dowam etdirmegiň möhümdigi bellenildi. Mälim bolşy ýaly, bu ugurda eýýäm “Erсosplan”, “Ka-Utek”, “Sсhaсhtbau” german kompaniýalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk amala aşyrylýar.

Ykdysadyýetimizi ösdürmek we ýurdumyza maýa goýumlary çekmek boýunça konsalting ulgamynda german kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygymyzyň tejribesini hasaba almak bilen, gyzyklanma bildirýän kompaniýalar, hususan-da, “Goetz & Partners” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny döretmek boýunça işleri dowam etdirmek teklip edilýär. Bellenilişi ýaly, suw hojalyk ulgamynda häzirki wagtda türkmen tarapy Türkmenistanda suw üpjünçilik we suw paýlaýyş ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak meselesi boýunça german kompaniýalarynyň tekliplerine garaýar. Hususan-da, akabalary we gapdal kanallary betonlamak, suw sorujy stansiýalary döwrebaplaşdyrmak we giňeltmek, zeýkeş ulgamlaryny gurmak arkaly Garagum derýasynyň renowasiýa taslamasyny durmuşa geçirmäge gatnaşmak teklip edilýär.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen GFR-iň Ykdysadyýet we energetika ministrliginiň arasynda hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesine esaslanyp, Türkmenistanyň dolandyryş işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda hyzmatdaşlygy dowam etdirmek baradaky ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek teklip edildi.

German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň ugry boýunça hem hyzmatdaşlyk etmegiň oňat mümkinçilikleri bar. Şunda “ýaşyl” geçişi, şol sanda az uglerodly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, energetika we lukmançylyk geljegi uly ugurlar hasaplanýar. Gündogar komiteti bilen geçirilen duşuşyklaryň netijeleri boýunça 2023-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Berlin şäherinde wekilçilikli Türkmen-german işewürlik forumyny guramak teklip edilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň beýan eden möhüm teklipleriniň hatarynda Arkadag şäherinde lukmançylyk we derman senagaty ulgamyny hem-de german tarapynyň gatnaşmagynda tehniki-hünär bilim edarasyny özünde jemleýän “Ýaşyl” bilim merkezini döretmek mümkinçiligini öwrenmek teklibi bar. Bu teklipler boýunça bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmak üçin Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň işini işjeňleşdirmegi we indiki ýylyň başynda Berlin şäherinde bu toparyň nobatdaky mejlisini geçirmegi maksadalaýyk hasaplaýarys diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Häzirki günde Germaniýanyň we Türkmenistanyň özara Ykdysadyýet günlerini geçirmek tejribesini täzeden dikeltmek üçin mümkinçilikler açylýar diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy we şeýle duşuşyklaryň anyk möhletlerini, gün tertibini bilelikde pikirlenmegi teklip etdi.

Beýan edilen teklipleriň aglabasy ýakyn geljek üçindir diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi we Türkmenistanyň döwletara, hökümetara ylalaşyklara esaslanýan yzygiderli, uzak möhletli bilelikdäki işi maksat edinýändigini tassyklady. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hökmünde bu meselä aýratyn üns bermegi, türkmen-german işewürlik hyzmatdaşlygynyň halkara hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagyna we giňeldilmegine, şol sanda ýurdumyzda iş alyp barmak üçin amatly şertleri döretmek arkaly ýardam bermegi maksat edinýärin diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Türkmen tarapy netijeli pikirler we teklipler üçin açykdyr. Bu gün biz ykdysady gatnaşyklarymyzyň täze hili barada esaslanyp aýtmak bilen, bu gatnaşyklaryň ýokary tehnologiýaly, innowasion häsiýetli bolmalydygyna, ösüşiň häzirki zaman meýilleri bilen ugurdaş gitmelidigine we häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelmelidigine ynanýarys hem-de biz muňa hemişe ýardam ederis diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam edip, şu gün ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesiniň geçiriljekdigini belledi. Olaryň barşynda türkmen-german hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň meseleleri, bilelikdäki işiň geljekki meýilnamalary ara alnyp maslahatlaşylar.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow günüň birinji ýarymynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekiliýetleriniň Baştutanlarynyň GFR-iň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer, German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň agzalary, şeýle hem GFR-iň Federal Kansleri Olaf Şols bilen geçirilen duşuşyklarynyň netijeli häsiýete eýe bolandygyny kanagatlanma bilen belläp, şol çäreleriň barşynda öňe sürlen teklipleriň durmuşa geçiriljekdigine we olaryň altytaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ägirt uly “Galkynyş” gaz käniniň üçünji we dördünji tapgyrlaryny özleşdirmek boýunça işler dowam edýär. Her tapgyrda 30 milliard kub metr tebigy gazy çykarmak, geljekde bolsa, bu görkezijini 90 milliard kub metre çenli ýetirmek göz öňünde tutulýar.

Halk Maslahatynyň Başlygy Germaniýanyň birnäçe kompaniýalarynyň, aýratyn-da, “Siemens” kompaniýasynyň gaz turbinaly elektrik stansiýalaryny we beýleki desgalary gurmak boýunça taslamalary durmuşa geçirmäge uly goşandyny belledi. Şol taslamalary amala aşyrmaga ägirt uly möçberde maýa goýumlar goýuldy.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki duşuşygyň guralandygy we foruma gatnaşyjylaryň öňünde çykyş etmäge mümkinçiligiň döredilendigi üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, ýygnananlara iň gowy arzuwlaryny beýan etdi we bu ýerden ugrady.

***

Netijeli häsiýetde geçen Türkmen-german işewürlik maslahatynyň çäklerinde iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, döwlet we hususy kompaniýalarynyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Olaryň dowamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy, özara gatnaşyklar üçin bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmagyň möhüm ugurlary kesgitlenildi.

Bellenilişi ýaly, geljekki hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň ýola goýulmagy mundan beýläkki işiň ugurlaryny kesgitlemäge, wajyp başlangyçlaryň we haryt dolanyşygynyň ýurtlarymyzyň ýokary ykdysady kuwwatyna laýyk gelýän derejä çykarylmagyny üpjün etmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmäge ýardam etdi.

Türkmen-german işewürlik maslahatynyň çäklerinde iki ýurduň daşary syýasat düzümleriniň ugry boýunça, ulag-kommunikasiýa ulgamynda, şol sanda gämi gurluşygy, demir ýol ulagy ulgamynda, şeýle hem suw serişdelerini dolandyrmak, himiýa pudagy, senagat we gurluşyk önümçiligi ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen pudagara ylalaşyklaryň ençemesine gol çekildi. Şunuň bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň arasynda şertnamalara gol çekildi.

Şeýlelikde, ynanyşmak we özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda guralýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly häsiýeti, gazanylan täze ylalaşyklar hem-de beýan edilen teklipleriň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi “Türkmenistan — Germaniýa” formatyndaky giň gerimli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berer.