TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ ASTRAHAN OBLASTYNYŇ GUBERNATORYNY KABUL ETDI

Şu gün, 2023-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkini kabul etdi.

Russiýanyň iri sebitiniň ýolbaşçysy türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Şeýle hem I.Babuşkin Türkmenistana gelmäge örän şatdygyny belläp, Astrahan oblasty bilen Türkmenistany ozaldan gelýän dostluk hem-de dürli ugurlar boýunça ösdürilýän netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin myhmana minnetdarlyk bildirip, Russiýa, şol sanda onuň sebitleri bilen netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini aýtdy. Özara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşmalaryň dowamynda hormatly Prezidentimiz hem-de RF-niň iri sebitiniň ýolbaşçysy Türkmenistan bilen Astrahan oblastynyň arasyndaky özara hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýeti bilen tapawutlanýandygyny kanagatlanma bilen bellediler.

Döwlet Baştutanymyz Astrahan oblastynyň köp sanly motosikletçilerini bir ýere jemlän “Hazar — dostluk deňzi” atly motoýörişiň çäklerinde şu ýylyň aprel aýynda bolan duşuşygy ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýdyp, şeýle çäreleriň özara düşünişmegi pugtalandyrmaga hem-de hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny açmaga ýardam berýändigini nygtady.

Myhman hem öz gezeginde, hormatly Prezidentimiz bilen bolan şol duşuşygyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň täze derejä çykarylmagynda möhüm ähmiýetiniň bolandygyny buýsanç bilen belledi.

Duşuşygyň dowamynda özara haryt dolanyşygynda harytlaryň görnüşlerini giňeltmek babatda umumy maksatlaryň bardygy aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň işewür toparlaryň arasynda has ýakyn gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy.

Duşuşygyň barşynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň kuwwatynyň doly derejede durmuşa geçirilmeginiň uly geljeginiň bardygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen Astrahan oblastynyň portlarynyň arasyndaky üstaşyr ulag mümkinçiliklerini ulanmak boýunça netijeli tekliplere garamaga taýýardygyny aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin ýurdumyzyň edaralarynyň we hususy bölegiň wekilleriniň Astrahanyň aýratyn ykdysady zolaklarynyň mümkinçiliklerini öwrenmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady we Türkmenistanyň Astrahan oblasty bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýändigini aýtdy.

Myhman amatly maýa goýum ýagdaýy döredilen Türkmenistanda meşhur rus kompaniýalarynyň işleýändiklerini kanagatlanma bilen belledi. Bu kompaniýalar bilen dürli ulgamlarda birnäçe möhüm taslamalar bilelikde amala aşyryldy we hyzmatdaşlygy ähli ulgamlarda giňeltmek hem-de diwersifikasiýalaşdyrmak üçin oňat mümkinçilikler bar.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin däp bolan dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.