OLEG KONONENKO KOSMOSDAN TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINI DOGLAN GÜNI BILEN GUTLADY

Häzirki wagtda Halkara kosmos stansiýasynda iş alyp barýan Türkmenistanyň Gahrymany, kosmos işi boýunça "Roskosmos" döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko Halkara kosmos stansiýasyndan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Oleg Kononenko tüýs ýürekden gutlaglaryny aýdyp, Türkmenistanyň Prezidentine berk jan saglygyny, jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Kononenko nobatdaky kosmos ekspedisiýasynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň portret suratyny hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen gurlan, ýurtda ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheri baradaky kitaby öz ýany bilen Halkara kosmos stansiýasyna alyp barandygyny hem habar berdi.

Türkmenistanyň kosmos pudagynyň ösüşine öz goşandyny goşmaga taýýardygy barada aýdyp, Oleg Kononenko Prezident Serdar Berdimuhamedowa kosmos ulgamyna berýän goldawy üçin hoşallygyny beýan etdi.

Oleg Kononenko şeýle-de Türkmenistanda doglandygy üçin hem özüni bagtly duýýandygyny belledi.