TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY – HALK HÄKIMIÝETLILIGINIŇ TÄZE DÖWREBAP NUSGASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda syýasy-ykdysady, medeni-durmuş ugurlarynda ägirt uly ösüşleri, öňegidişlikleri gazanýar. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň uzak geljegi nazarlaýan oňyn özgertmeleri halkara giňişliginde dost-doganlyk gatnaşyklaryny dabaralandyrýan döwletimiziň dünýä jemgyýetçiliginde eýeleýän abraýly ornuny has-da beýgeltdi.
Türkmenistanda döwletimizi we jemgyýetimizi mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak, raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny giňeltmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak babatda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Bu özgertmeler hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymatynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändigini görkezýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 11-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň bilelikdäki maslahaty geçirildi. Onda ata-babalarymyzyň has möhüm syýasy, ykdysady, medeni-durmuş meselelerini jemgyýetçiligiň ygtyýarly wekilleri bilen maslahatlaşyp çözmek ýaly asylly ýörelgelerine eýerip, Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi 2023-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçiriler.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň 2023-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen bilelikdäki maslahaty döwletimiziň berkararlyk binýadyny we kanunçylyk-hukuk esaslaryny berkitmekde, döwlet dolandyrylyşyny kämilleşdirmekde taryhy ähmiýete eýe boldy. Watandaşlarymyzyň raýat işjeňliginde amala aşyrylan konstitusion özgertmeleriň netijesinde Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi.
Jemgyýetimiziň bitewüligini, agzybirligini we jebisligini berkitmekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin halkymyzyň çäksiz sylagynyň, belent sarpasynyň we söýgüsiniň beýany hökmünde Mähriban Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenildi we Türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip Konstitusion kanun esasynda ykrar edildi.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň Maslahatlar merkezinde Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi. Bu taryhy mejlisde Milli Liderimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlaryny kesgitledi, şeýle hem ýerine ýetiriji häkimiýeti özgertmek, döwlet dolandyryş ulgamynyň işini düzgünleşdirmek we onuň netijeliligini ýokarlandyrmak baradaky garaýyşlaryny beýan etdi.
Bu mejlisiň gün tertibinden hem görnüşi ýaly, halkyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaranyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döwletimizde, jemgyýetimizde tutýan orny örän uludyr. Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek we ýurdumyzy strategik taýdan özgertmek, türkmen jemgyýetinde agzybirligi, jebisligi has-da pugtalandyrmak Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlarydyr.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işini kadaly alyp barmak üçin onuň hemişelik hereket edýän Prezidiumynyň döredilmegi we düzüminiň kesgitlenmegi aýratyn ähmiýetlidir. Prezidium Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlislerine taýýarlyk görmek boýunça işi guraýar, onuň mejlisleriniň gün tertibiniň taslamasyna meseleleri girizmek hakynda çözgütleri kabul edýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatyny çagyrmak we geçirmek bilen baglanyşykly we öz ygtyýarlyklaryna degişli beýleki meseleleri çözýär.
Hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Türkmenistan döwletimiz «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda» mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 32 ýyllygyny syýasatda, ykdysadyýetde, durmuş-medeni ugurlarda gazanylýan uly üstünlikler bilen garşylamaga taýýarlyk görýär.
Şu ýylyň 14-nji iýulynda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Şol Mejlisde hormatly Prezidentimiz eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramyna hem-de bu şanly senäniň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmäge düýpli taýýarlyk görmek barada anyk tabşyryklary berdi.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 18-nji iýulynda paýtagtymyzyň Maslahatlar merkezinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi.
Bu mejlisde eziz Watanymyzyň Garaşsyzlyk baýramyna we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Çuňňur hormatlanylýan Milli Liderimiziň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde garalan meseleler boýunça eden çuň manyly çykyşy ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşini, halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmegiň wezipelerini dolulygyna öz içine aldy.
hormatly ýaşulularymyzyň türkmeniň asyl ýörelgelerine esaslanýan garaýyşlaryna, alyp barýan işlerine ýokary baha berýäris. Şol maksatlar bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşini döretmek barada netijä geldik diýip, Gahryman Arkadagymyz Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde aýtdy we «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşi hakynda» Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyna gol çekdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň gülläp ösüşini üpjün etmek ugrunda alyp barýan beýik işleriniň hemişe rowaçlyga beslenmegini arzuw edýäris.
Serdar Gaýypow, Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak,
tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň başlygy