GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW SANKT-PETERBURGYŇ GUBERNATORY ALEKSANDR BEGLOW BILEN DUŞUŞDY

Sankt-Peterburg bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar ýokary derejä ýetdi. Bu barada Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglow türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşygynda belledi.

«Sankt-Peterburgyň hökümeti Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň syýasy we ykdysady ähmiýetine oňat düşünýär. Gatnaşyklarymyz biziň ýurtlarymyzyň Prezidentleri tarapyndan alnyp barylýan strategiki hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak syýasatyna doly laýyk gelýär» diýip, Aleksandr Beglow nygtady.

Gubernator Sankt-Peterburg bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösmeginde söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlyk taslamalarynyň, şeýle hem iki tarapyň wekiliýetleriň özara saparlarynyň uly ornunyň bardygyna ünsi çekdi.

Aleksandr Beglowyň pikiriçe, medeni gatnaşyklar has hem möhüm ähmiýete eýe. Şunuň bilen baglylykda, Sankt-Peterburgda türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyey Magtymguly Pyragynyň ýadygärligini oturtmak meselesi boýunça iş alnyp barylýar. Ony şäheriň taryhy merkezinde — Petrogradskiý etrabynyň Çkalowskiý şaýolunyň 15-nji jaýynyň golaýyndaky seýilgähde ýerleşdirmek kararyna gelindi.

«Biz Türkmenistanda Beýik Watançylyk urşunyň ýadygärligini goramak barada edilýän aladalara ýokary baha berýäris. Şu aýda Leningradyň goranyşy we gabawy muzeýinde «Leningrady goramakda türkmenler» medeni çäresi geçiriler» diýip,Aleksandr Beglow sözüniň üstüni ýetirdi.