SANKT-PETERBURG ŞÄHERINIŇ GUBERNATORY SAPAR BILEN AŞGABADA GELDI
10-njy sentýabrda Sankt-Peterburg hökümetiniň gubernatory Aleksandr Beglowyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýeti Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherine sapar bilen geldi. Bu barada Sankt-Peterburgyň administrasiýasy tarapyndan habar berildi.
Saparyň çäginde Beglowyň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşmagyna garaşylýar. Şeýle hem ykdysady, ynsanperwer we jemgyýetçilik ugurlaryndaky hyzmatdaşlyk meselelerini, şeýle hem Sankt-Peterburg kärhanalarynyň Türkmenistanda durmuşa geçirýän taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär diýlip, habarda bellenilýär.
Beglow Türkmenistanda täze gurlan Arkadag şäherine hem baryp görer. Onuň häkim Ş.Durdylyýew bilen duşuşygynyň dowamynda Sankt-Peterburgyň hökümeti bilen Arkadag şäher häkimliginiň söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşyga gol çekiler.
Şeýle hem ol saparynyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkin bilen duşuşar.
Habarda bellenilişi ýaly, Aleksandr Beglow Sankt-Peterburgyň Türkmenistan bilen işewürligi we dostlukly gatnaşyklary berkitmäge uly ähmiýet berýändigini aýtdy.
«Biziň hyzmatdaşlygymyz strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak syýasatyna we Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň arasynda baglaşylan şertnamalara doly laýyk gelýär» diýip, gubernator belleýär.
Saparyň maksatnamasyna laýyklykda, gubernator Sankt-Peterburgyň «Wozroždenie» kompaniýasy tarapyndan Türkmenistanda gurlan infrastruktura desgalaryna hem baryp görer.
Belläp geçsek, Aleksandr Beglow ýekşenbe güni A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus mekdebine baryp gördi.