MEDENIÝET — HALKYŇ RUHY BAÝLYGYNYŇ EGSILMEZ ÇEŞMESI

Türkmenistanyň medeniýet ulgamyny ösdürmek, türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklaryna esaslanýan döwlet taglymatyny kemala getirmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan köpugurly syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp, 14-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz degişli edaralaryň, şol sanda medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylarynyň öňünde wajyp wezipeleri goýdy.

Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny ösdürmek we sungata höwesini güýçlendirmek, olara aýdym-saz sungatymyzy, gadymy medeni mirasymyzy düýpli öwretmek maksady bilen, degişli edaralaryň alyp barýan işlerini has-da işjeňleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Çagalar sungat we çeperçilik mekdepleriniň işini talabalaýyk guramak, olaryň okuw meýilnamalaryna täzeden seredip, döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirmek ilkinji nobatdaky möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan döwrebap we many-mazmunly filmleriň köpräk surata düşürilmegi, halkara kinofestiwallara gatnaşmak üçin zerur işleri geçirmek babatda anyk tabşyryklary berdi. Taryhy we medeni ýadygärlikleri rejelemek, dikeltmek, gorap saklamak üçin netijeli işleri ýola goýmak hem geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezildi.

Özboluşly medeni mirasymyz halkymyzyň aýawly saklap, nesilden-nesle geçirip gelýän gaýtalanmajak maddy we ruhy gymmatlyklarynyň bitewi ulgamydyr. Milli medeni mirasymyzy öwrenmek, gorap saklamak, mundan beýläk-de baýlaşdyrmak döwlet Baştutanymyzyň üns merkezinde durýar. Bu ugurdaky işler häzirki wagtda üstünlikli dowam etdirilip, medeniýet we sungat işgärleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işine aýratyn ähmiýet berilýär. Döredijilik ugry Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda guralýan çäreleriň hem aýrylmaz bölegidir. Medeniýet, sungat ussatlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň alyp barýan işleri Watanymyzyň ýeten sepgitlerini giňden wagyz etmäge, olaryň ähmiýetini açyp görkezmäge, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda amala aşyrylýan özgertmelere we durmuş taýdan ösüşe itergi bermäge gönükdirilendir.

Häzirki döwürde ýurdumyzda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak hem-de olara döwrebap bilim bermek üçin ähli şertler döredilýär. Ýöriteleşdirilen mekdepleriň, oba medeniýet öýleriniň sany artýar, ugurdaş ýokary okuw mekdeplerinde täze kafedralar açylýar. Döwletimiz tarapyndan berilýän goldawyň netijesinde, bilim, ylym, medeniýet we beýleki ugurlar boýunça halkara agentlikler, gaznalar, guramalar bilen netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy.

Döredijilik bäsleşikleriniň geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Ýakyn wagtda guraljak çäreleriň biri hem edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň, zehinli çagalaryň arasynda yglan edilen Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň jemlerini jemlemek dabarasydyr. Her ýyl geçirilýän bu gözden geçiriliş döredijilik işgärleriniň hünär taýdan kämilleşmeklerine, täze zehinleri ýüze çykarmaga, ýaşlary milli medeniýetimiziň gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşdyrmaga ýardam edýär.

Şu ýylyň 26-njy ýanwarynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde türkmen ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlyk Strategiýasyny taýýarlamak baradaky başlangyç öňe sürüldi. Onuň esasy maksady ýaşlarymyzyň medeni, ykdysady, ylym-bilim, sport ulgamlarynda we beýleki ugurlarda halkara gatnaşyklara has işjeň gatnaşmaklaryny üpjün etmekden ybaratdyr. Hususan-da, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň binýadynda Halkara ýaş diplomatlar merkezini döretmek, ýurdumyzda daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň şahamçalaryny açmak, şeýle hem «Ýaş zehinler» atly maksatnamany taýýarlamak we Türkmenistanda yzygiderli esasda Halkara ýaşlar oýunlaryny guramak teklip edildi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkara medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk babatda alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şu ýylyň 6-njy fewralynda geçirilen ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisinde Aşgabat şäherini «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna goşmak baradaky meselelere garaldy. Ýurdumyzda geçirilen maslahatlaryň hem-de sanly ulgam arkaly duşuşyklaryň birnäçesi ÝUNESKO bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmäge, onuň işiniň esasy ugurlaryny hem-de anyk netijeleriň gazanylmagyna gönükdirilen çäreleri kesgitlemäge bagyşlandy.

Şu ýylyň fewralynda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen bilelikde, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Medeni miras: geçmişden geljege» hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda «Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi» atly ÝUNESKO kafedralaryny döretmek hakynda Ylalaşyklara gol çekilmegi bellärliklidir. Şeýle-de Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň birnäçesini ÝUNESKO-nyň assosirlenen mekdepleriniň halkara toruna goşmak boýunça işler geçirilýär.

Geçen ýarym ýylyň dowamynda medeniýet ulgamynda iri wakalar bolup geçdi. Ýurdumyzda hem-de onuň çäginden daşarda milli mirasymyzy we döwletimiziň täze taryhy döwürde gazanan üstünliklerini wagyz etmäge bagyşlanan dürli çäreler guraldy. Özara medeni alyşmalaryň çäklerinde guralan ylmy maslahatlary, meşhur aýdymçylaryň we sazandalaryň döredijilik saparlaryny, sergileri, kino görkezilişleri, Medeniýet günlerini we beýleki bilelikdäki çäreleri muňa mysal hökmünde görkezmek bolar. Parahatçylyk, ynsanperwerlik, hoşniýetli goňşuçylyk ýaly mizemez gymmatlyklary özünde jemleýän bu çäreler dünýä medeniýetine ägirt uly goşant goşan dostlukly halklaryň taryhy-medeni we ruhy däpleriniň umumylygyna daýanýan döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna kuwwatly itergi berýär.

Bu ugurda ýylyň birinji ýarymynda guralan esasy wakalaryň hatarynda şu ýylyň fewral aýynda geçirilen Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günlerini görkezmek bolar. Ol dostluk we düşünişmek ýörelgelerini berkitmegi maksat edinýän iki halkyň özara gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açdy. Mart aýynyň ahyrynda Koreýa Respublikasynda geçirilen medeni-ylmy çäreler türkmen halkynyň saz sungaty, özboluşly tans däpleri we aýdymçylarymyzyň ýerine ýetirijilik ussatlygy bilen dostlukly döwletiň halkyny tanyşdyrdy. Şeýle hem amaly-haşam sungatynyň, muzeý gymmatlyklarynyň sergisi, «At — myrat» atly ahalteke bedewlerine bagyşlanan türkmen filminiň koreý dilindäki görkezilişi guraldy.

Rumyniýada geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahat, amaly-haşam hem-de şekillendiriş sungatynyň eserleriniň sergisi, döredijilik duşuşyklary, Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň «Istärin» atly filminiň, şeýle-de döwrebap nusgadaky türkmen milli lybaslarynyň görkezilişi, sungat ussatlarynyň konserti guraldy. Ylmy maslahatyň barşynda Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň ähmiýeti baradaky çykyşlar diňlenildi. Nusgawy şahyryň gymmatly edebi-filosofik mirasy häzirki günlerde hem köp ýurtlarda uly meşhurlyga eýedir. Munuň şeýledigine şahyryň goşgular ýygyndysynyň onlarça dile, şol sanda rumyn diline hem terjime edilmegi şaýatlyk edýär. 31-nji maý — 3-nji iýun aralygynda Ermenistan Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri üstünlikli geçirildi. Ermenistanyň jemgyýetçilik telewideniýesiniň «Ertiriňiz haýyrly bolsun!» atly gepleşiginde ýurdumyzyň bagşy-sazandalarynyň çykyşy tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Ýurduň Owanes Şarambeýan adyndaky Halk sungaty muzeýinde halkymyzyň taryhyna we häzirki döwürde ýeten sepgitlerine, özboluşly däp-dessurlaryna hem-de senetçiligine bagyşlanan serginiň guralmagy çäräniň ähmiýetini artdyrdy.

Paýtagtymyzdaky «Aşgabat» kinoteatrynda Rus filmleriniň we animasiýasynyň hepdeliginiň geçirilmegi bellärliklidir.

Medeni diplomatiýa ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da artdyrmaga ýardam bermek bilen, döwlet Baştutanymyzyň netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasy strategiýasyny durmuşa geçirmegiň möhüm şerti hökmünde çykyş edýär. Iýun aýynda geçirilen «Awaza — 2023» atly halkara tans we folklor festiwaly dostluk, netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen medeni diplomatiýanyň eýeleýän ähmiýetli ornunyň nobatdaky subutnamasydyr. Ýurdumyzda milli medeni mirasy gorap saklamak we wagyz etmek boýunça geçirilýän giň gerimli işler bilen baglylykda, dünýä halklarynyň aýdym-saz sungatynyň taryhyna bagyşlanan halkara forum aýratyn ähmiýete eýe boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan geçirilen bu festiwal Eýranyň, Hindistanyň, Gazagystanyň, Hytaýyň, Täjigistanyň, Russiýanyň, Rumyniýanyň, Özbegistanyň döredijilik işgärlerini Hazaryň türkmen kenaryna jemledi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeniýet we sungat işgärleriniň täze eserleri döredip, watandaşlarymyzy täze üstünliklere hem-de zähmet ýeňişlerine ruhlandyrmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 2013-nji ýylda ilkinji gezek guralan Medeniýet hepdeliginiň häzirki döwürde ýurdumyzyň welaýatlarynda yzygiderli esasda geçirilýändigi bellärliklidir. Olarda halkymyzyň baý medeniýetiniň nyşany bolup, umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna uly goşant goşan gadymy medeniýetimiziň gazananlaryny özünde jemleýän ýurdumyzyň sebitleriniň taryhy-medeni mirasy köpöwüşginliligi bilen açylyp görkezilýär.

Şu ýylyň 22 — 27-nji iýunynda paýtagtymyz Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanan iri möçberli medeni forumyň nobatdaky gezek geçirilen ýeri boldy. Bu medeni forumyň çäklerinde guralan çäreler opera, aýdym-saz, kino, teatr, şekillendiriş we amaly-haşam sungaty, edebiýat, halk döredijiligi ýaly häzirki zaman türkmen medeniýetiniň özboluşly keşbini şöhlelendirdi. Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar üçin ýurdumyzyň taryhy we medeni ýadygärliklerine, şol sanda «Nusaý» döwlet taryhy-medeni goraghanasyna gezelençler guraldy.

Köne we Täze Nusaý galalary ýerli medeni ýörelgeleri hem-de gadymy grek-rim sungatynyň äheňlerini özünde sazlaşykly utgaşdyrýar. Döredijilik çäresine gatnaşyjylar Parfiýa patyşalygynyň ýadygärliklerini öwrenmek, taryhy-medeni goraghananyň muzeýinde görkezilýän, arheologlar tarapyndan üsti açylan tapyndylar, düýpli gözlegleri talap edýän gymmatlyklar barada soňky ýyllarda amala aşyrylýan ylmy açyşlar bilen tanyşdylar. Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde guralan bagşylaryň festiwaly, muzeý gymmatlyklarynyň, fotosuratlaryň sergileri, şygryýet agşamlary türkmen medeniýetiniň dürli ugurlaryny açyp görkezdi.

Aşgabat şäherinde 24 — 28-nji iýunda TÜRKSOÝ-nyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen çäreler we Türki döwletleriň Medeniýet hepdeligi ýurdumyzyň gyzyklanma bildirýän döwletler bilen halkara hyzmatdaşlygy, şol sanda medeni gatnaşyklary yzygiderli ösdürýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.

1993-nji ýylda esaslandyrylan Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) maksady umumy maddy we medeni gymmatlyklary goramak, ösdürmek, geljek nesillere miras goýmak işinde türki halklaryň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Gurama her ýylda suratkeşleriň döredijilik duşuşyklaryny, surat sergilerini, edebi ýygnanyşyklary, opera, teatr, saz, tans festiwallaryny we beýleki forumlary guramak bilen, medeniýet, sungat işgärleriniň arasynda özara tejribe alyşmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýär.

Şeýle hem türkmen halkynyň nusgawy şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk çäreleriniň meýilnamasyna laýyklykda, iýun aýynda paýtagtymyzda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri we Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. 2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi türkmen we dünýä edebiýatynyň meşhur akyldar şahyrynyň parahatçylygy, dostlugy, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny giňden wasp eden eserlerine goýulýan belent sarpanyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Mundan başga-da, Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi şäheriň baý taryhy-medeni mirasyny şöhlelendirmäge, onuň syýahatçylyk mümkinçiliklerini artdyrmaga şert döretmek bilen, ýurdumyzyň ajaýyp ýadygärliklerini dünýäde wagyz etmäge ýardam berer.

Bütin adamzadyň öňünde ägirt uly hyzmatlary bitiren meşhur şahsyýetlerimiziň döredijiliginiň halkara derejede ebedileşdirilmegi, şol sanda Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi we şahyryň 300 ýyllygynyň guramanyň Şanly seneleriniň sanawynda orun almagy bilen baglylykda hem ägirt uly işler alnyp barylýar.

Şu ýylyň birinji ýarymynda Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde ABŞ-nyň Tehas uniwersitetiniň, «Metropoliten» sungat muzeýiniň wekilleriniň hem-de türkmen hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda taryhy-medeni ýadygärlikleri öwrenmäge we rejelemäge bagyşlanan “tegelek stoluň” başyndaky duşuşyk geçirildi. Şunuň bilen birlikde, Türkmen döwlet medeniýet institutynda bu ugurlar boýunça bilim alýan talyplar üçin Tehas uniwersitetiniň wekilleriniň okuw sapaklary guraldy.

Türkmen şekillendiriş sungatynyň ussatlary Özbegistan Respublikasynyň Çeperçilik akademiýasynyň Türki medeniýetiň halkara guramasy bilen bilelikde Daşkent şäherinde geçiren türki halklaryň suratkeşleriniň döredijilik duşuşygyna gatnaşyp, ýokary sylaglara mynasyp boldular. 26 — 29-njy aprel aralygynda Türkmenistanyň teatr artistleri Russiýa Federasiýasynyň Milli drama teatrynyň «Milli teatr mekdebi» atly taslamasynyň çäklerinde okuw çärelerine gatnaşdylar.

29-njy iýunda geçirilen Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy ýurdumyzyň durmuşynda aýratyn ýatda galyjy waka öwrüldi. Şol gün «Arkadag» gazetiniň ilkinji sany çapdan çykyp, adybir teleýaýlym işläp başlady. Täze şäherde ýerleşýän Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň we türki döwletleriň opera aýdymçylarynyň bilelikdäki konserti guraldy.

Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, nobatdaky Medeniýet hepdeligi 2024-nji ýylda Arkadag şäherinde geçiriler.

Şeýlelikde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň medeniýet ulgamynyň işgärleriniň öňünde goýan wezipeleri jemgyýetimiziň ruhy we döredijilik kuwwatyna täze itergi bermekden, halkymyzy ösüşiň täze belentliklerine ruhlandyrmakdan ybaratdyr.

«Türkmenistan: Altyn asyr» saýtyna