TÜRKMENISTAN — BMG: PARAHATÇYLYGYŇ, HOWPSUZLYGYŇ WE ÄHLUMUMY ÖSÜŞIŇ STRATEGIÝASY
Häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge bilelikde we işjeň gatnaşmak, Ýer ýüzünde parahatçylygy, durnuklylygy pugtalandyrmak, sebit hem-de ählumumy derejede netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, oňyn halkara dialoga hemmetaraplaýyn ýardam bermek Türkmenistanyň daşary syýasy işiniň, şeýle-de diplomatiýasynyň strategik ugry bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyga, özara hormat goýmaga, deňhukuklylyga we dünýäniň ähli döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan Bitaraplyk syýasatyny dowam eder. Döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan esasy ýörelgeler, ýagny ählumumy parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagy, hoşmeýilli erk-islege esaslanýan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň giňeldilmegi, dünýäde durnukly ösüşiň üpjün edilmegi mundan beýläk-de Garaşsyz türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolar.
Türkmenistan abraýly halkara, sebit we döwletara hyzmatdaşlyk mehanizmlerine işjeň gatnaşmak bilen, parahatçylyk hem-de ynanyşmak medeniýetiniň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýar, deňeçer we jebisleşdiriji halkara gün tertibiniň yzygiderli durmuşa geçirilmegine ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen maksada okgunly we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýurdumyzyň daşary syýasatynyň strategik ugry esasynda üpjün edilýär.
Türkmen döwleti parahatçylygy, ähli taraplaryň bähbitleriniň deňagramlylygyny üpjün etmäge gönükdirilen ählumumy hereketleriň ulgamyny gorap saklamak babatda BMG-niň utgaşdyryjy ornuny pugtalandyrmak boýunça dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalarynyň tarapdary bolup çykyş edýär. Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek meselelerinde kesgitleýji binýat hökmünde guramanyň möhüm ornuny ykrar edýär.
Halkara syýasatyň häzirki ýagdaýy we mümkinçilikleri döwrüň möhüm meselelerini hem-de wehimlerini çözmekde dünýäniň ähli döwletleriniň utgaşykly, ulgamlaýyn hyzmatdaşlygynyň netijelidigini ençeme gezek görkezdi. Soňky ýyllaryň dünýä we sebit derejesindäki wakalary parahatçylygy gorap saklamagyň, howpsuzlygy, durnuklylygy pugtalandyrmagyň halkara gün tertibiniň möhüm ugurlary bolmagynda galjakdygyny aýdyň görkezýär. Türkmenistan dünýä jemgyýetçiliginiň jogapkärli gatnaşyjysy bolmak bilen, halkara derejede ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna gyşarnyksyz eýerip, baş maksada ýetmäge — howpsuzlygyň bitewüligi we bölünmezligi ýörelgesi esasynda ählumumy ulgamy döretmäge çalyşýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň öňünde durýan maksatlar hem-de wezipeler, onuň ileri tutýan daşary syýasy we daşary ykdysady ugurlary, dürli meseleleri çözmäge deňeçer çemeleşmesi dünýä ösüşiniň prosesleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Döwlet syýasatynyň yzygiderliligi, ýurduň içeri we daşary syýasatynyň strategik wezipeleriniň umumylygy, özara baglanyşygy, halkara durmuşyň ähli wajyp ugurlarynyň milli bähbitler bilen sazlaşygy türkmen döwletiniň ählumumy syýasy-diplomatik giňişlikdäki işlere işjeň gatnaşmaga gönükdirilen daşary syýasatynyň netijeliligini kesgitleýän möhüm görkezijiler bolup hyzmat edýär.
Türkmenistanyň Bitarap döwlet hökmünde özboluşly halkara hukuk ýagdaýy, çäk taýdan amatly ýerleşmegi we uly serişdeler kuwwaty, parahatçylyk döredijilik işinde gazanan baý tejribesi, döwletara meseleleriň parahatçylykly ýollar arkaly çözülmegine ygrarlylygy dünýä we sebit derejesinde pikirleri hem-de teklipleri netijeli ilerletmäge mümkinçilik berýän zerur şertler bolup durýar. Şunda häzirki döwrüň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmakda we çözmekde Türkmenistanyň eýeleýän netijeli hem-de işjeň orny döwletimize özara ynanyşmak, düşünişmek, deňhukuklylyk ýagdaýynyň pugtalandyrylmagyna, ähli döwletleriň, halklaryň bähbitleriniň deňeçerliginiň üpjün edilmegine ýardam berýän ählumumy prosesleriň doly hukukly gatnaşyjysy hökmünde özüniň ýokary derejesini saklamaga mümkinçilik berýär.
Däp bolşy ýaly, Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky, 78-nji sessiýasynyň açylmagynyň öňüsyrasynda öňde durýan döwür üçin ileri tutýan garaýyşlaryny işläp taýýarlady. Türkmenistanyň täze başlangyçlary ýurduň öz üstüne alan halkara borçnamalaryny durmuşa geçirmegini işjeň dowam etdirmek bilen, syýasy-diplomatik, energetika, ekologiýa we ynsanperwer häsiýetli meseleleri öz içine alýan ählumumy ösüşiň binýatlaýyn ugurlary boýunça netijeli dialogy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga gönükdiriler. Öňde boljak sessiýanyň barşynda döwletimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň ählumumy we sebit meseleleri boýunça öňe sürýän halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmegi dowam etdirer.
Bu möhüm resminama özünde birnäçe esasy ugurlary jemleýär. Şolaryň hatarynda parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek meseleleri aýratyn orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan howpsuzlygyň bitewüligi, onuň dürli ugurlarynyň bölünmezligi we özara baglanyşyklylygy ýörelgesine eýerýär. Howpsuzlygyň hiç bir ugry, onuň beýleki birnäçe ugurlary üpjün edilmezden, uzak möhletleýin we doly derejeli bolup bilmez. Baş Assambleýanyň 78-nji sessiýasynyň dowamynda alyp barjak işinde Türkmenistan bitaraplyk, goşulyşmazlyk, gapma-garşylyklaryň parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözülmegine ygrarlylyk ýörelgelerinden ugur alar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan köp ýyllaryň dowamynda BMG we onuň ýöriteleşdirilen agentlikleri hem-de institutlary bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde möhüm başlangyçlaryň birnäçesini öňe sürdi. Bu gün Türkmenistan BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgeleri we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda, ählumumy ösüşiň möhüm ýagdaýlarynydyr meýillerini nazara almak bilen, Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmaga girişmegi teklip edýär. Bu strategiýa gapma-garşylyklaryň öňüni almagyň we aradan aýyrmagyň guraly hökmünde öňüni alyş diplomatiýasynyň ulanylmagy; jedelleri we gapma-garşylyklary parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözmek üçin bitaraplygyň mümkinçiliklerinden peýdalanylmagy; şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” hem-de 2023-nji ýyly “Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly” diýip yglan etmek baradaky çözgütleri esasynda ynanyşykly dialog medeniýetiniň dikeldilmegi ýaly ugurlary özünde jemlemelidir.
“Merkezi Aziýa — BMG” görnüşindäki inklýuziw, doly derejeli we ulgamlaýyn dialog bilen baglylykda, Türkmenistan guramanyň howandarlygynda Merkezi Aziýada hem-de onuň bilen goňşy zolaklarda Howpsuzlyk boýunça maslahaty döretmek başlangyjy bilen çykyş edýär. Sebitde durnukly, gapma-garşylyksyz ösüşi üpjün etmekde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we dünýä jemgyýetçiliginiň, halkara guramalaryň, maliýe-ykdysady institutlaryň tagallalaryny ýakynlaşdyrmaga we utgaşdyrmaga gönükdirilen çemeleşmeleridir çözgütleri işläp taýýarlamak bu maslahatyň esasy maksadydyr. Türkmen tarapy onuň birinji mejlisini 2024-nji ýylda Aşgabatda geçirmäge taýýardygyny mälim edýär.
Azyk meselesini çözmekde Birleşen Milletler Guramasyna goldaw bermek Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça alyp barýan işiniň möhüm ugurlarynyň ýene biridir. Şulardan ugur alyp, Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda hem-de Bütindünýä azyk maksatnamasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, BMG-niň Çagalar gaznasy, Azyk we oba hojalygy boýunça guramasy bilen hyzmatdaşlykda azyk howpsuzlygy boýunça iri halkara forumy çagyrmagy teklip edýär.
Terrorçylyga garşy halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen baglylykda, Türkmenistan bu ulgamda bilim bermek işini ösdürmegiň, şol sanda terrorçylyga garşy göreşmäge gönükdirilen maksatnamalary ornaşdyrmagyň, okuw meýilnamalaryny işläp taýýarlamagyň, aň-bilim işlerini güýçlendirmegiň, medeniýetleriň arasynda dialogy pugtalandyrmagyň zerurdygyny nygtaýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek müdirligi bilen BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň binýadynda Merkezi Aziýa üçin Terrorçylyga garşy göreşmek maksatnamasyny döretmek babatda işleri dowam etdirer.
Merkezi Aziýada durnuklylygy üpjün etmek we pugtalandyrmak nukdaýnazaryndan, Owganystanda parahatçylygy hem-de ylalaşygy gazanmaga ýardam etmek, şol sanda goňşy ýurda ykdysady we ynsanperwerlik kömegini bermek halkara gün tertibiniň möhüm meseleleriniň biri bolup durýar.
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň çäklerindäki köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmek maksady bilen, 2023-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda Bitaraplygyň dostlary toparynyň ýokary derejedäki nobatdaky duşuşygyny geçirmek, şeýle hem 2024-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda Bitaraplygyň dostlary toparynyň halkara maslahatyny guramak teklip ediler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Aşgabat şäherinde bitaraplyk we onuň bilen baglanyşykly meseleler boýunça ylmy barlaglary hem-de işleri geçirmek üçin netijeli meýdança boljak Bitaraplyk we howpsuzlyk institutyny döretmek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmagy teklip edýär.
Halkara we sebit derejesinde durnukly ösüşi pugtalandyrmak bilen baglylykda, Türkmenistan BMG-niň Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça departamenti bilen bilelikde, Durnukly ösüş maksatlaryny maliýeleşdirmek meselelerine bagyşlanan ministrler derejesindäki aýratyn dialogy döretmek başlangyjy bilen çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Üznüksiz, durnukly we ygtybarly energiýa mobilligi we onuň durnukly ösüşi üpjün etmekdäki aýratyn orny” atly Kararnamany kabul etmek mümkinçiligine seretmegi teklip edýär. Kararnamanyň taslamasynyň çäklerinde 2025-nji ýylda Aşgabatda “Durnukly energetika hemmeler üçin” atly halkara maslahaty geçirmek mümkinçiligi göz öňünde tutuldy.
Türkmenistanyň energetika netijeliligi meselelerine hem-de energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini peýdalanmaga gyzyklanmasyny nazara almak bilen, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň ulgamyny ösdürmek babatda gyzyklanma bildirýän taraplar bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýarlyk beýan edilýär.
Türkmenistan ulag ulgamyndaky halkara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge 78-nji sessiýanyň çäklerindäki işiniň ileri tutulýan ugry hökmünde garaýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy birnäçe başlangyçlar, ýagny BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulaglaryň ähli görnüşiniň arasynda arabaglanyşygy berkitmek” atly Kararnamasynyň taslamasyny taýýarlamak, BMG-niň Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça departamenti bilen bilelikde, 26-njy noýabryň “Bütindünýä durnukly ulag güni” diýlip yglan edilmegi mynasybetli Aşgabat prosesiniň çäklerinde Baş Assambleýanyň durnukly ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýokary derejeli mejlisini geçirmek, şeýle hem şu ýylyň dekabrynda Durnukly ulag boýunça dostlar toparynyň ýokary derejedäki birinji duşuşygyny geçirmek teklibi bilen çykyş eder.
Türkmenistanyň Baş Assambleýanyň 78-nji sessiýasynyň çäklerinde dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekjek möhüm ugurlarynyň ýene biri ekologiýa meselesidir. Howanyň üýtgemeginiň we suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagynyň meseleleri şu ugur bilen berk baglanyşyklydyr. Türkmenistan ekologiýa we daşky gurşawy goramak meselelerine uly üns berýär hem-de bu ulgamda ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegiň tarapdary bolup çykyş edýär. Döwletimiz BMG-niň ekologik howpsuzlyk meseleleri boýunça birnäçe Konwensiýalaryna gatnaşmak bilen, tebigaty goramak häsiýetli meselelerde işjeň orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz BMG tarapyndan möhüm hasaplanýan ekologik meselä mundan beýläk-de uly üns bermegini dowam etdirer. Aral deňziniň meseleleri we Hazar deňzi sebitinde daşky gurşawy goramak şolaryň hataryndadyr.
Türkmenistan ekologiýa meselesine düýpli çemeleşmelerinde BMG-niň bu ugurdaky köptaraplaýyn resminamalaryny durmuşa geçirmegiň ählumumy, sebit we milli gurallarynyň utgaşdyrylmagynyň, olaryň özara üstüniň ýetirilmeginiň möhümliginden ugur alýar. Merkezi Aziýada ekologiýa meselelerine strategik çemeleşmäni kabul etmekde wajyp ädim hökmünde biziň ýurdumyz ýöriteleşdirilen düzümi — Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalaryň sebit merkezini döretmek teklibi bilen çykyş edýär.
Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasy boýunça başlangyçlaryny ilerletmekdäki tagallalaryny işjeňleşdirmegi maksat edinýär. Ýurdumyzyň bu resminama goşulmagyndan ugur alnyp hem-de Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýasynyň çäklerinde ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda ýüze çykýan parnik gazlarynyň we metanyň zyňyndylarynyň möçberini yzygiderli azaltmak boýunça alnyp barylýan işleriň netijeliligine gözegçiligi güýçlendirmek maksady bilen, BMG-niň howandarlygynda 2030-njy ýyla çenli parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça ählumumy Strategiýany işläp taýýarlamaga girişmek teklip edilýär. Bu ugurdaky anyk ädim hökmünde BMG-niň degişli düzümleriniň hem-de Metan zyňyndylary boýunça halkara obserwatoriýanyň gatnaşmagynda Türkmenistanda halkara maslahaty geçirmek teklip edilýär.
Hazar meselesi boýunça netijeli hyzmatdaşlygy nazara almak bilen, Türkmenistan “Hazar ekologik başlangyjyny” döretmek baradaky teklibi hödürleýär. Bu başlangyç Hazar deňziniň daşky gurşawyny, onuň bioserişdelerini gorap saklamak, birnäçe ekologik meseleleri çözmek bilen baglanyşykly ugurlaryň giň toplumy boýunça hyzmatdaşlyk üçin halkara meýdança bolup hyzmat eder.
Merkezi Aziýada parahatçylygy, howpsuzlygy we hoşniýetli goňşuçylygy üpjün etmek, şeýle hem sebitiň serhetýaka derýalarynyň suwuny peýdalanmagyň mehanizmlerini ýola goýmak maksady bilen, Merkezi Aziýa ýurtlarynda suw serişdelerinden peýdalanmagyň meseleleri boýunça baş edarasy Aşgabat şäherinde ýerleşýän BMG-niň Sebit geňeşini döretmek başlangyjyna seretmek teklip edilýär.
Saglygy goraýyş we lukmançylyk ulgamyndaky hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Ýurdumyz ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmekde, olaryň durmuş-ykdysady täsirlerini azaltmakda, lukmançylyk diplomatiýasynyň gurallaryny ýola goýmakda halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryny birleşdirmek boýunça işini dowam etdirer. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan 2023-nji ýylyň dekabrynda Goşulyşmazlyk Hereketiniň çäklerinde ýokanç keseller boýunça halkara ylmy maslahaty, şeýle hem 2024-nji ýylyň aprelinde BSGG-niň Ýewropa sebit edarasy bilen bilelikde, “Saglyk — 2020” syýasatynyň düzgünleri bilen baglylykda, ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça Aşgabat Jarnamasynyň 10 ýyllygyna bagyşlanan ýokanç däl keseller boýunça ministrler derejesindäki Ýewropa maslahatyny geçirmegi teklip edýär.
Ynsanperwer ulgam Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr. Türkmenistan özüni ynsanperwerlik hukugy ulgamynda halkara borçnamalaryny hemmetaraplaýyn we gyşarnyksyz ýerine ýetirýän döwlet hökmünde tanatdy. Biziň ýurdumyz BMG-niň adam hukuklary we azatlyklary boýunça möhüm konwensiýalaryny hem-de beýleki köptaraplaýyn halkara namalary gyşarnyksyz berjaý etmäge ygrarlydygyny tassyklamak bilen, ynsanperwer ulgamda anyk işleri amala aşyrmaga işjeň gatnaşmaga taýýardygyny beýan edýär. Munuň özi şu gezekki sessiýanyň dowamynda aýratyn ähmiýete eýe bolar. Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynyň kabul edilmegine 75 ýyl hem-de Wena Jarnamasynyň we hereketler maksatnamasynyň kabul edilmegine 30 ýyl dolýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bu seneler mynasybetli birnäçe çäreleri geçirmegi meýilleşdirýär.
Ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda adamlaryň goldawa mätäç toparlaryny: bosgunlary, migrantlary we raýatlygy bolmadyk adamlary goramaga aýratyn üns berler. Türkmenistan raýatsyzlygy azaltmak we öňüni almak boýunça uly ösüş gazandy. 2024-nji ýylda ýurdumyz bu meselä bagyşlanan sebit maslahatyny geçirmegi meýilleşdirýär.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň işini giňeltmek maksady bilen, türkmen tarapy bu ugurdaky hyzmatdaşlygy ösdürmek başlangyçlary bilen çykyş edýär. BMG-niň degişli edaralary bilen “Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” atly ählumumy gün tertibini durmuşa geçirmek boýunça zenanlaryň dialogynyň yzygiderli esasdaky geňeşmeleriniň mehanizmini döretmek, şeýle hem sebitara hyzmatdaşlyk bilen baglylykda, maglumat we tejribe alyşmak üçin meýdançany döretmek, bilelikdäki çäreleridir forumlary geçirmek teklip edilýär.
Sebitiň ýurtlarynyň ýaşlarynyň arasyndaky köptaraplaýyn dialogyň ösdürilmegine ýardam bermek maksady bilen, şu ýyl Türkmenistanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň dialogynyň esaslandyryjy mejlisini geçirmek teklip edilýär.
BMG bilen netijeli hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Baş Assambleýanyň 78-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistan BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen taslamalaýyn-maksatnamalaýyn işini giňeltmegi göz öňünde tutýar hem-de Türkmenistanda BMG-niň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasynyň, Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň, Halkara Zähmet Guramasynyň, Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň, şeýle-de Taslamalara hyzmat etmek boýunça müdirliginiň wekilhanalaryny açmak boýunça degişli çäreleri amala aşyrar.
Medeniýetleriň arasyndaky dialogy ilerletmek hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň halkara gatnaşyklarda köpdürlüligi goldamak boýunça Kararnamalaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistan 2024-nji ýylda ÝUNESKO hem-de TÜRKSOÝ bilen bilelikde, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna gabatlap, Türki dilleriň halkara hepdeligini geçirmegi, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Bütindünýä türki dilleriniň güni” atly Kararnamasyny kabul etmek mümkinçiligine seretmegi teklip edýär.
Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň çäklerinde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen möhüm başlangyçlary öňe sürmek bilen, ählumumy gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça mundan beýläk-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga taýýardygyny beýan edýär we şunda Birleşen Milletler Guramasynyň işiniň esasyny düzýän parahatçylyk we adalatlylyk taglymlaryndan ugur alar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi