TÜRKMEN WEKILIÝETI XXVI SANKT-PETERSBURG HALKARA YKDYSADY FORUMYNDA

 

XXVI Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynda (SPIEF) türkmen wekiliýetine ýolbaşçylyk eden Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministri S.A.Joraýew 2023-nji ýylyň 15-nji iýunynda SPIEF-ň "Uglerody kadalaşdyrmak we Aziýada, Afrikada we Ýakyn gündogar ýurtlarynda uglerod birlikleriniň dolanyşygy üçin bazar döretmek. Global öwrülişik döwründe dünýä ykdysadyýeti" atly sessiýasynda çykyş etdi.

 

Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy öz çykyşynda aşakdaky meselelere aýratyn üns berdi:

- howanyň üýtgemegi we daşky gurşaw syýasaty;

- durnukly energiýa geçmek;

- biodürlüligiň ýok bolmagyna garşy göreş;

- sanlaşdyrmak, ykdysady ösüş üçin sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak;

- "ýaşyl ykdysadyýeti" ösdürmek, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ulanmak we daşky gurşaw pudagynda innowasion çözgütleri ösdürmek

- parnik gazlarynyň zyňyndylarynyň ösüş derejesini orta möhletli geljekde düýpli azaltmak we ş.m.

 

Şeýle hem, SPIEF-iň çäginde, 2023-nji ýylyň 16-njy iýunynda S.Joraýew Russiýa Federasiýasynyň Ykdysady ösüş ministri M.G.Resetnikow bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda taraplar soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky daşary söwda dolanyşygynyň çalt ösýändigini, söwda we ykdysady ugurda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny giňeltmekde ep-esli öňegidişligiň bardygyny bellediler.

 

2022-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 1,636.8 million ABŞ dollaryna barabar boldy we 2021-nji ýyldaky (1,636.0 million ABŞ dollary) bilen deňeşdirilende 0,1 göterim ýokarlandy.

Söhbetdeşleriň pikirine görä, açylan Söwda öýleri iki döwletiň arasyndaky daşary söwda dolanyşygyny giňeltmekde uly kömek edýär.

Şu ýylyň birinji çärýeginde iki ýurduň arasyndaky daşary söwda dolanyşygy 386 million ABŞ dollaryna barabar boldy ýa-da geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 10,4 göterim ýokarlandy.

Taraplar, strategiki hyzmatdaşlar bolan Türkmenistan we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky söwdany ösdürmek üçin ulanylmadyk uly potensialyň bardygyny nygtadylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar söwda we ykdysady gatnaşyklaryň çalt ösmegi üçin özara peýdaly hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň zerurdygyny tassykladylar.